Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, şonda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2015-nji ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle-de bu edaralaryň işini geljekde has-da kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şol özgertmeler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge we kämilleşdirmäge, harby gullukçylar hem-de olaryň maşgalalary üçin amatly gulluk we durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýöriş barada aýtdy.
Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmelere geljekde hem uly üns berjekdigini, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistanyň şol bir wagtyň özünde Watanymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň, halkymyzyň abadançylygynyň ygtybarly galkany bolan milli goşunymyzyň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak hakynda yzygiderli alada etjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli düzümlerde we bölümlerde harby düzgün-nyzamynyň berkidilmegine, watançylyk-terbiýeçilik işleri babatda zerur çäreleriň geçirilmegine hem aýratyn üns berilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk güni mynasybetli harby ýörişiň ýokary derejede guralandygyny hem-de munuň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň artýandygyny we has kämil döwrebap harby tehnikalar bilen üpjün edilýändigini aýdyň görkezendigini aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň çäklerinde geljekde-de Garaşsyzlygyň beýik gazananlaryny hem-de raýatlarymyzyň parahat durmuşyny goramaga taýýar bolan milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy hem-de kämilleşdirmegi maksat edinýändigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow şu ýylyň başyndan bäri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça serhetçileriň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, geljekde hem ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygy hem-de watançylyk terbiýesi, olara üstünlikli gulluk etmek we göwnejaý dynç almak üçin ähli şertleri döretmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen häzirkizaman serhet galalaryny gurmagyň möhümdigini aýdyp, täze serhet galasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri G.Hojaberdiýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky alyp baran işiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz MHM-niň alyp barýan işleriniň ähmiýetiniň örän uludygyny belläp, ýurdumyzda asudalygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamagyň döwletimiziň saýlap alan ösüş hem-de rowaçlyk ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmeginiň esasy we kesgitleýji şerti bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine tabşyrylan wezipeleriň möhümdigi barada aýdyp, döwletimizde we jemgyýetimizde kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň saklanylmagyna berk gözegçiligiň, oňyn jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýynyň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmek, şol sanda ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň we düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýangynlaryň we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almak işinde IIM-e möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, içeri işler edaralarynyň we olaryň garamagyndaky düzümleriň işgärleriniň alyp barýan işlerine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Belent Serkerdebaşymyz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny hem-de ulaglaryň hereketini sazlaşykly üpjün etmek meselesine aýratyn ünsi çekmek bilen, köçe-ýol hereketinde käbir bidüzgünçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, bu babatda seljerme işlerini geçirmek we kanun taýdan jerime salmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu babatda ministriň alyp barýan işine nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew şu ýylyň on aýynda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine amala aşyrylýan gözegçilik, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça geçirilen işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge, ilkinji nobatda, kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek we milli kanunçylygyň ýerine ýetirilişine takyk prokuror gözegçiligini amala aşyrmak wezipelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýüztutmalaryny düýpli öwrenmegi hem-de kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniňm başlygy B.Çaryýew Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on aýynda geçirilen işler, kazylaryň hünär ussatlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksaldy bilen, guralýan okuwlar hem-de kazyýetlerde işlere garalanda kanunylygy üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýar. Häzir halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilýän milli kanunçylygymyz şol özgertmeleriň ygtybarly binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz kazyýet edaralarynyň kabul edýän çözgütleri babatda jogapkärçiligi barada aýdyp, her bir işiň degişli derejede öwrenilmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz başarnykly, hünärine ökde işgärleri saýlap almagyň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekip, kazylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça okuwlary yzygiderli guramagyň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow ýanwar-oktýabr aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Şol işler, ilkinji nobatda, neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna we peýdalanylmagyna garşy gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň parahatçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, döwrüň wehimlerine we howplaryna, şol sanda neşekeşlik ýaly ählumumy howpa garşy durmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna örän işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de ýaýradylmagyna garşy göreşmek boýunça gullugyň öňünde goýlan wezipeleriň wajypdygyny nygtap, bu işleriň hukuk goraýjy hem-de saglygy goraýyş edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyndan utgaşyklykda geçirilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow özüne ynanylan düzümlerde işleriň häzirki ýagdaýy hem-de 2015-nji ýylyň 10 aýynda geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilen gününe bagyşlanan çäreler barada aýtdy. Milli Liderimize gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap we halkara ölçeglerine kybap gelýän enjamlar bilen üpjün edilen gümrük edaralarynyň gurlup ulanylmaga berilýändigi üçin hoşallyk bildirdi.
Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullgynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny aýdyp, olaryň işine ýokary baha berdi hem-de ýurdumyzyň serhetlerindäki häzirki zaman gümrük terminallarynda we barlag-geçiriş bölümlerinde ornaşdyrylan täze tehnologiýalaryň hem-de enjamlaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işlerini kämilleşdirmek, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmek, şol sanda şahsy we gulluk sapary bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary hasaba almak boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.
Gullugyň işi diňe bir ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň takyk hasabynyň ýöredilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, işewür hem-de tanyşlyk sapary bilen ýurdumyza gelýän ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar üçin myhmansöýer ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmalydyr. Döwlet Baştutanymyz şu babatda Migrasiýa gullugynyň ähli bölümleriniň işlerini has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra adalat ministri B.Muhammedow ýanwar-oktýabr aýlarynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ygtybarly daýanç bolmaga gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy, şeýle-de yzygiderli guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliginiň çäklerinde hereket edýän kanunçylygy ilata düşündirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň häzirki hereket edýän kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň zerurdygy baradaky meselä degip geçip, şonuň bilen birlikde, adamlara ýokary derejeli hukuk kömegini bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Belent Serkerdebaşymyz mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz durmuş häsiýetli meselelere, ilkinji nobatda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylaryny amatly ýaşaýyş jaýlary hem-de durmuş şertleri bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da, birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, işlerinde hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde mukaddes borjy ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.