Ï Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

view-icon 749
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Jon Forbs Kerri bilen duşuşdy.

Günüň ikinji ýarymynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Ilçileri kabul ediş köşgüne ugrady. Bu ýerde, köşgüň eýwanynda ABŞ-nyň Döwlet sekretaryny hormatly Prezidentimiz mähirli garşylaýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz hem-de belent mertebeli myhman duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan “Ak altyn” zalyna bardylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet sekretaryna Türkmenistana şu sapary üçin çuňňur minnatdarlyk bildirip, soňky ýyllarda türkmen – amerikan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda bu sapara dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde möhüm tapgyr hökmünde garalýar.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2009-njy ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini—türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerini döretmek barada ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Şol geňeşmeler iki döwletiň paýtagtlarynda her ýyl geçirilýär. Alty ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi özüniň netijeliligini görkezdi. Şol duşuşyklaryň barşynda iki ýurduň Hökümetleriniň wekilleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garaýarlar. Munuň özi köp halatlarda anyk meseleler boýunça çözgütleri tapmaga, hem döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle geňeşmeleriň netijeli, açyk we aç-açan häsiýete eýedigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen – amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ünsi çekip, onuň esasy üç ugruny – syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryny görkezdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça bar bolan gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köp derejeli hem-de ulgamlaýyn syýasy gatnaşyklary döretmek üçin oňat esas bolup durýandygyny nygtady. Bu babatda hökümet we parlament wekiliýetleriniň yzygiderli duşuşyklaryny guramagyň zerurlygyny göz öňünde tutýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ABŞ-nyň hökümetine ýurdumyzyň energetika howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamyndaky möhüm başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, bu meseleler boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesini goldandygy, hususan-da, Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky kararnamalarynyň taýýarlanylmagynda hem-de kabul edilmeginde ABŞ-nyň oňyn orny üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Bu kararnamalar 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, syýasy ulgamdaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň beýleki ulgamlarda hem türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ýaly möhüm ulgamy barada aýdyp, bu babatda baý we oňyn tejribämiziň bardygyny nygtady. Ilkinji nobatda, munuň özi esasy amerikan kompaniýalary bilen köpýyllyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk, amerikan-türkmen işewürler geňeşiniň döredilmegi, ABŞ-nyň Hökümetiniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda gol çekilen TIFA Ylalaşygynyň çäklerinde söwda hem-de maýa goýum işinde özara gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen birlikde, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleri bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, ykdysady ulgamda türkmen – amerikan hyzmatdaşlygynyň diňe söwda gatnaşyklary bilen çäklenmeli däldigini, onuň ýokary tehnologiýaly hem-de maýa goýum häsiýetine eýe bolmalydygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiziň ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda bilelikde iş alyp barmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamlarda maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Onuň oňat netijeleri hem bardyr. Ýöne, şunuň bilen birlikde, täze pikirler we başlangyçlar barada hem oýlanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Mälim bolşy ýaly, birnäçe wagt mundan ozal türkmen tarapy medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-amerikan geňeşini döretmegi teklip edipdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu teklibiň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň ýurtlarymyzyň arasynda medeni-bilim ulgamdaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet sekretaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň şu günki duşuşyga halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilik hökmünde garaýandygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz sebit we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, umumadamzat ýörelgelerini hem-de gymmatlyklaryny üstünlikli ilerletmäge degişli strategiki ähmiýetli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýyşlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna hem-de ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Olara laýyklykda, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde özüniň syýasy hereketlerimiziň ugruny kesgitleýär we durmuşa geçirýär.

Sözüniň ahyrynda türkmen Lideri şu ýyl ýurdumyzyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygyny belleýändigini aýtdy. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda “Hemişelik bitaraplyk: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçiriler. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Barak Obama hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretaryna ýurdumyza gelmek we bu möhüm halkara maslahatyna hem-de türkmen paýtagtynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmak baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçysyny Türkmenistanda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana söz berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary mähirli garşylanandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirip we Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny aýdyp, geljekde biziň ýurdumyza ýene-de gelmäge hem-de şu gün başlanan oňyn gepleşikleri dowam etdirmäge umyt bildirdi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa amerikan – türkmen syýasy geňeşmeleriniň çäklerinde Waşingtonda geçirilen duşuşyklar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Jon Forbs Kerri ABŞ-nyň paýtagtynda geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Olaryň barşynda ykdysady ösüş, adam hukuklary, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen – amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyna ýokary baha berýändigini nygtap, türkmen Lideriniň sebit howpsuzlygy meselesiniň wajypdygy baradaky pikirini goldaýandygyny aýtdy. Jenap Jon Forbs Kerri ýurdumyzyň BMG-däki işjeň ornuny belledi we pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny şanly sene – şu ýyl halkara derejesinde giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady.

Belent mertebeli myhman oňyn duşuşygyň geçirilendigini aýtdy. Onda hyzmatdaşlyk etmek hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk meseleleri barada gürrüň edildi, şeýle hem bu ugurda işi dowam etdirjek iş topary döredildi. Munuň özi ýurtlaryň ikisi we sebitiň ähli döwletleri üçin hem peýdaly bolar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamy özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu mesele barada hormatly Prezidentimiziň pikirini goldady. Bu meseläniň wajyplygy häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen şertlendirilendir. Owgan meselesi hem özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçysy amerikan-türkmen hyzmatdaşlygy üçin giň ugurlaryň bardygyny nygtap, taraplaryň degişli meseleleriň ählisi boýunça bilelikdäki ysnyşykly işi dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary uly kuwwata eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde däp bolan döwletara syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere möhüm orun berilýär.

Söwda-ykdysady ulgamda türkmen --amerikan hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, bu ulgamda bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplanylandygy hem-de dürli pudaklarda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň işi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýlaşdyrmaga hem-de çuňlaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir. Bu geňeşiň gönüden-göni gatnaşmagynda işewürler maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şol maslahatlar bolsa özlerini özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde görkezdiler. Häzirki wagtda iri amerikan işewürliginiň wekilleri geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de bilelikdäki täze taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň hem-de ABŞ-nyň bütin dünýäde meşhur kompaniýalarynyň birnäçesiniň arasynda netijeli gatnaşyklar üstünlikli işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasy, amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalar, häzirki zaman dünýä ykdysady ulgamyna yzygiderli goşulyşmak ugry – bularyň ählisi daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň, şol sanda amerikan kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlyga ymtylmagyny şertlendirýär. Energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamlary hem türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarydyr.

Döwlet Baştutanymyz hem-de belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamynyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugrudygyny nygtap, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçysy däbe öwrülen bilelikdäki çäreleriň, şol sanda özara Medeniýet günleriniň, beýleki döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegini dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar. Şol çäreler iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlary hem türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary sebit we halkara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, taraplaryň ählmumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, tutuş adamzady ynjalyksyzlandyrýan häzirki zamanyň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak işinde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Bu syýasat diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, ählumumy möçberde hem durnuklylygy pugtalandyrmagyň hem-de durnukly ösüş üçin şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşýandygy bellenildi. Munuň özi anyk düzümleýin taslamalarda, şeýle hem owgan halkyna yzygiderli berilýän ynsanperwerlik kömeginde öz beýanyny tapýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Forbs Kerri hoşlaşyp, iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň hem-de oňyn hyzmatdaşlygyň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk hem okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Forbs Kerri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyndan Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi we türkmen paýtagtyndan ugrady.