Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.
Myhman myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde köptaraply döwletara gatnaşyklaryny myndan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamyny ýetirdi. Goňşy ýurduň ýolbaşçysy milli Liderimize hem-de türkmen halkymyza Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryny amala aşyrmakda täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň ensasynda ýola goýulýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek babatdaky başlangyçlary möhüm halkara taslamalaryny, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamany üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär. Bu diňe goňşy ýurtlaryň arasynda däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri döreder hem-de sebit we dünýä ölçeglerinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat eder.
Şu günki duşuşygyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalary, hususan-da, Sarahs köprüsini, Sarahs-Tejen ýoluny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak, deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşylygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Eýran-Türkmenistan-Gazagystan demir ýolunyň üstaşyr kuwwatyny artdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Eýran-Türkmenistan-Ermenistan üçtaraplaýyn gepleşiklerini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Eýranyň günortasyndan Hindistana üstaşyr geçelgäni gurmak, şeýle hem bu ýoluň ugruna Hytaý-Hindistan we Türkmenistan-Eýran böleklerini goşmak hakynda pikir alşyldy.
Myhman türkmen Lideriniň alyp barýan energetika syýasatyna ýokary baha bermek bilen, öz ýurdunyň strategiki nebitgaz ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Abbas Ahmad Ahundi häzir bu hyzmatdaşlygyň diňe ikitaraplaýyn esasda däl-de, eýsem, köptaraplaýyn esasda guralýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine Eýranyň Prezidentiniň adyndan ýakyn wagtda geçiriljek Tebigy gaz öndürýän ýurtlaryň Baştutanlarynyň duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak baradaky çakylygyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine laýyklykda, ählumumy parahatçylygyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine ähli döwletler bilen, şol sanda ýakyn goňşylary bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz türkmen paýtagtynda geçirilýän Eýranyň önüm öndürijileriniň önümleriniň we harytlarynyň däbe öwrülen sergileriniň, şeýle hem yzygiderli guralýan işewürler maslahatlarynyň hem-de pudak ministrliklerinde we edaralarynda geçirilýän gepleşikleriň döwletara gatnaşyklarynyň netijeli bolmagyna hyzmat edýändigini belledi. Ynsanperwer hyzmatdaşlygyna möhüm orun berlip, onuň çäklerinde ýurtlaryň ikisinde hem Medeniýet günleri geçirilýär, döredijilik wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn saparlary hem-de çäreleriň bilelikde geçirilmegi guralýar. Olar türkmen we eýran halklarynyň baý däpleri esasynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz eýran tarapyna dünýä belli türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary, goňşy Eýranda hem çuňňur hormatlanylýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününň 290 ýyllygynyň çäklerinde geçirilen çärelere işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de myhman ýol gurluşygynda we şäher düzümlerini ösdürmekde özara bähbitli aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýol gurluşygyny we şäher düzümlerini kämilleşdirmäge bolsa türkmen paýtagtyny hem-de ýurdumyzyň beýleki iri şäherlerini gurmagyň örän uly meýilnamalaryny nazarda tutup, ilkinji derejeli üns berilýär.
Abbas Ahmad Ahundi şu gün ägirt uly binagärlik açylyşlarynyň Aşgabady guramagyň 13-nji nobatdakysynyň açylmagynyň türkmen topragynda bolup geçýän uly özgertmeleriň deňsiz-taýsyz geriminiň nobatdaky subutnamasydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine başyny başlaýan ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.