Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşýan wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabatda gelen Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Ýerwand Zaharýany kabul etdi.
Myhman duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan eden hoşniýetli sözlerini ýetirdi.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz öz gezeginde dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy. Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwrüň ruhuna laýyk gelýän we ägirt uly mümkinçilikleri bolan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup durýan hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.
Bilelikdäki toparyň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler barada aýtmak bilen, bu topara ermeni tarapyndan başlyklyk ediji Ýerwand Zaharýan Aşgabatda geçirilýän bu gezekki duşuşygyň edil ozalkylary ýaly, döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine we türkmen hem-de ermeni halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan köp ugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň has amatly ýollaryny we ugurlaryny kesgitlemäge gulluk etjekdigine ynam bildirdi.
Işjeň we netijeli geçen duşuşygyň barşynda gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Ylym, energetika, senagat pudagy we oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri iki ýurduň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň türkmen we ermeni halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Badalýan gatnaşdy.