Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan köpsanly desgalaryň açylyş dabaralary boldy.
Açylyş dabaralary Oguzhan köçesiniň durky täzelenen günorta böleginiň ugrunda geçirildi. Bu ýerde belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, durmuş – medeni maksatly desgalary hem-de döwrebap düzümleri öz içine alýan paýtagtymyzyň täze toplumy peýda boldy.
Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan bu uly toplum 30-dan gowrak desgany, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sini, edara binalarynyň 12-sini, umumybilim berýän mekdepleriň 2-sini hem-de çagalar baglarynyň 2-sini, saglyk öýüni, söwda – dynç alyş merkezini we köp gatly awtomobil duralgalaryny özüne birleşdirdi.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigi hem-de ilatynyň sanynyň artýandygy nazara alnyp işlenip taýýarlanan iri taslamanyň tanyşdyrylyşy 2013-nji ýylyň fewral aýynda boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz geljekki desgalaryň çyzgylary bilen tanşyp, binagärlik pikirlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de adamlar üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça gymmatly maslahatlary berip, paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynyň ählisinde ýokary ölçeglere, şol sanda ekologiýa we bezeg babatda ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmek we abadanlaşdyrmak, şäher düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine uly üns berip, innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de bu ulgamda dünýäniň iň oňat tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagynyň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti hem-de dynç almagy babatda has oňaýly şertleri üpjün etmek üçin, taslamalar işlenip taýýarlanylanda hem-de durmuşa geçirilende, ähli işlere oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belläp, bu talaplaryň paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine hem deň derejede degişlidigini nygtaýar.
2013-nji ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berip, geljekki desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Bu taslamanyň esasy aýratynlygy onuň amala aşyrylmagynyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagyndan ybaratdyr. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň desgalarynyň potratçylarynyň arasynda “Gujurly inžener”, “Rysgally zähmet”, “Aga gurluşyk”, “Polat gurluşyk”, “Gümmez gurluşyk”, “Dürli ýaz”, “Nusaý ýollary”, “Berk gala”, “Baýly gurluşyk”, “Myradym”, “Çeper gurluşyk”, “Ösüş gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Nur zaman”, “Ojar Aziýa”, “Berk gala gurluşyk” hususy kärhanalary we “Ajayýp bina”, “Çyzgy”, “Muhammet Balkan”, “Dowamat”, “Berk ýol” hojalyk jemgyýetleri bar.
Munuň özi milli ykdysadyýetimizde hususy ulgamyň ornunyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ägirt uly döwlet goldawy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi, şol sanda maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak boýunça berilýän goldaw, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen hukuk binýady, döwletimiziň telekeçileriň işewür gatnaşyklaryna, dünýäniň dürli ýurtlaryndan kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlyk etmäge berýän goldawy ýurdumyzyň telekeçiliginiň okgunly ösmegine ýardam edýär.
Täze taryhy eýýam telekeçilik işiniň gaýtadan dikeldilen, onuň netijeli ösdürilmegi, mümkinçilikleriniň hem-de telekeçilik zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertleriň döredilen döwrüne öwrüldi. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge barha işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz telekeçilik ulgamyny ýokary tehnologiýaly döwrebap innowasion önümçiligi ösdürmäge, umuman, diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň hem häzirki ösüşiniň wezipelerini nazara almak bilen, kiçi we orta işewürligiň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirýär.
Hususy kompaniýalary şähergurluşyk toplumyna, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine giňden çekmek ýurdumyzda telekeçiligi höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesinde netijeli işler alnyp barylýar, hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary we beýleki durmuş ähmiýetli desgalar yzygiderli ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köpsanly desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Welaýatlary ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmakda hem ýurdumyzyň telekeçilerine möhüm orun degişlidir. Olara möhüm durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy, döwrebap önümçilik toplumlaryny döretmek ynanyldy.
Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň wekilleri ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilikleri döretmekde ýeterlik tejribe topladylar, gurluşyk senagatynda hem-de gurluşyk serişdelerini öndürmekde daşary ýurtly kompaniýalar bilen üstünlikli bäsleşýärler. Uly isleg bildirilýän harytlary öndürmek, ulag, söwda we hyzmatlar ulgamy, logistika türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda möhüm orun eýeleýär. Telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary ýaly möhüm ulgamlaryna işjeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde 30-dan gowrak desgany gurmak ýaly giň möçberli işleri amala aşyrmagy bolsa hususy ulgamyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, önümçilik we hünär kuwwatynyň barha berkeýändigine şaýatlyk edýär.
Ine, sabyrsyzlyk bilen garaşylan gün hem ýetip geldi—dabara mynasybetli irden bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we köpsanly myhmanlar ýygnandylar. Myhmanlaryň arasynda daşary ýurtly işewürler hem bar.
Hemmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar. Döwlet Baştutanymyzy çagalar we döredijilik toparlary, baýramçylyk aýdym-saz – tans çykyşyny, “Oguz toýy” kompozisiýasyny ýerine ýetirýän estrada artistleri şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar. Sahna kompozisiýasynda gadymy türkmen elipbiýiniň harplaryny alamatlandyrýan tamgalar şekillendirilen halyjyklar hem ulanyldy. Munuň özi tomaşaçylary türkmenleriň nesilbaşysy Oguzhanyň ýaşan döwürlerine alyp barýar. Ýerine ýetirilen sahnada nesilbaşymyz ata-babalarymyzyň adyndan özüniň nesillerine ýüzlenýär. Soňra häzirki nesliň adyndan öz halkyny ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, ata-babalarymyzyň parasatly däplerini dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň adyna ýüzlenme beýan edilýär. Bu sözler “Arkadagyň ak ýoly” diýen aýdym bilen utgaşyp gidýär. Aýdyma Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kuwwatyny görkezýän deprekçileriň çykyşy goşulýar. Milli Liderimiz ýaş türkmenistanlylar bilen bilelikde ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, Oguzhan köçesiniň durky täzelenen böleginde gurlan desgalar toplumyny açýar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda hormatly ýaşulular hem-de kümüş saçly enelerimiz hem bar. Şol pursat asmana köpsanly howa şarlary uçurylýar.
Döwlet Baştutanymyz gurlan desgalaryň toplumyny gözden geçirip başlaýar. Milli Liderimiziň ýanynda şu günki dabaralaryň gahrymanlary bolan türkmen işewürleriniň bir topary bar. Döwlet Baştutanymyzy ähli ýerde köpsanly aşgabatlylar mähirli mübärekleýärler.
Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň arasynda iki ýarym kilometrden hem gowrak ýere uzalyp gidýän Oguzhan köçesiniň täze bölegi awtoulag hereketini dolandyrmagyň we energiýa serişdelerini tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly ýol yşyklarynyň döwrebap ulgamlary, maglumat tablolary bilen üpjün edilip, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde ýoluň gatnaw böleginiň hem-de ýanýodalaryň örtügini täzelemek boýunça işler ýerine ýetirildi. Köçäniň ugrunda bezeg agaç nahallary oturdyldy.
Ýoluň gatnaw böleginiň umumy ini 30 metre barabardyr, her ugur boýunça 4 gatnaw zolagy göz öňünde tutuldy. Kömekçi ýollar bilen birlikde, köçäniň giňligi 50 metre golaýdyr. Ýeri gelende aýtsak, kömekçi ýollar esasy ýoluň gatnawyny düşýän agramy has ýeňilleşdirýärler hem-de awtoulaglaryň ýaşaýyş jaý toplumlaryna, söwda merkezlerine, kafelere, restoranlara hem-de köçäniň ugrunda ýerleşen beýleki desgalara bökdençsiz barmagyny üpjün edýär.
Ýoluň tutuş ugrunda ýerasty geçelgeler, döwrebap bezelen we zerur bolan enjamlar, şol sanda howany çalyşýan we ýyladýan ulgamlar bilen üpjün edilen awtobus duralgalary guruldy. Olar ýylyň islendik paslynda-da ulaga garaşýan ýolagçylara iň oňaýly şertleri döredýär.
Ýol gurluşygy ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary özünde jemleýän hem-de ähli görkezijiler babatda iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýolunyň nobatdaky böleginiň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag-kommunikasiýa düzüminiň döredilmegi babatda uly ähmiýete eýedir.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün paýtagtymyzyň gatnaw ugurlary boýunça täze “Hyundai Super Aerocity” awtobuslarynyň ýene-de 40-sy işe girizildi. Oguzhan köçesiniň şu bölegini şäherimiziň dürli künjekleri bilen baglanyşdyran täze 73-nji ugur boýunça hem awtobuslar gatnap başlady.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulagynyň awtoulag binýadynyň üsti täze awtobuslar bilen yzygiderli ýetirilýär. Demir ýol we awtomobil menzillerinde petekleriň satylyşy kadalaşdyryldy—indi olary uzak wagtlap nobata durman, gysga wagtyň içinde satyn almak bolýar. Ulag ulgamynyň işine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmäge, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki anyk çäreler hem amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli hem-de köp görnüşli bolmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň işine bildirilýän möhüm talap bolup durýar.
Paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň okgunly artmagy bilen baglylykda, Aşgabadyň ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy aýratyn hem köp ilatly ýaşaýyş jaý toplumlarynda awtomobil duralgalarynyň sanynyň artdyrylmagyny göz öňünde tutýar. 13-nji tapgyryň çäklerinde üç derejeli awtoulag duralgalarynyň ikisi guruldy. Döwrebap duralgalaryň her biri 200 awtoulaga niýetlenendir.
...Ýoluň bir tarapynda edara binalary, beýleki tarapynda bolsa Aragatnaşyk ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň buýurmasy boýunça gurlan belent ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär.
Jemi 638 öýden ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 11-si hem (3, 4, 5 otagly) ýerasty awtoduralgalar bilen üpjün edildi, olaryň ýanaşyk ýerlerine dürli agaç nahallary hem-de bezeg gülleri ekildi. Bu ýerde çagalaryň oýun hem-de sport meýdançalary döredildi, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin aýratyn jaýlar göz öňünde tutuldy.
Paýtagtymyzyň beýleki ýaşaýyş jaý toplumlarynda bolşy ýaly, bu toplumda hem bilim we mekdep ýaşyna çenli terbiýe edaralarynyň desgalary—her biri 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-si hem-de her biri 160 körpä niýetlenen çagalar baglarynyň 2-si guruldy.
Döwrebap enjamlar, şol sanda multimediýa enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu desgalar çagalara döwrebap bilim we terbiýe bermek, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertlere hem-de mümkinçiliklere eýedir. Mekdepleriň ikisiniň hem binalary meňzeşdir. Olaryň her biri üç gatdan ybarat bolup, 1,99 gektar meýdanda ýerleşýär. Şunda mekdepleriň abadanldaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen çäginiň umumy meýdany 14,5 müň inedördül metrden gowrakdyr. Çagalar baglarynyň binalarynyň meýdany olaryňkydan biraz azrakdyr, ýöne olara ýanaşyk ýerleriň meýdany bolsa has köpdür, ýagny 38 müň inedördül metre golaýdyr.
Şäheriň bu böleginde täze saglygy goraýyş edarasy – iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Saglyk öýi hem guruldy.
Saglyk öýünde maşgala lukmanlary, hünärmenler, Tiz kömek gullugynyň bölümi, maslahat beriş, keseli anyklaýyş, hirurgiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, gözden geçiriş hem-de sagaldyş-bejeriş bölümleri işlär. Saglyk öýüniň üç gatly binasy 1,73 gektar meýdany eýeleýär, oňa ýanaşyk ýeriň abadanlaşdyrylan meýdany bolsa 7 müň inedördül metre golaýdyr.
Mundan başga-da, bu ýerde söwda we hyzmat ediş ulgamlarynyň desgalary guruldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji tapgyryň binalaryny we desgalaryny gözden geçirip, “Owadan” hyzmat ediş öýüniň täze binasyna bardy. Bu ajaýyp waka mynasybetli täze desganyň öňünde döredijilik topary köp öwüşginli baýramçylyk çykyşyny taýýarlady.
Binanyň girelgesiniň öňünde baýramçylyk gül sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ussat hünärmenler güllerden owadan çemenleri bogup, olary myhmanlara hödürlediler.
Hyzmat ediş öýüniň binasynda döwlet Baştutanymyzy möhüm pudak bolan hyzmatlar ulgamynyň işgärleri mähirli mübärekleýärler. Ilatymyzyň durmuş derejesiniň hili köp babatda bu pudagyň netijeli işlemegine baglydyr.
Umumy meýdany 5,8 müň inedördül metre barabar bolan “Owadan” hyzmat ediş öýüniň üç gatly täze binasy şähergurluşygynyň häzirki zaman talaplary nazara alnyp bina edildi.
Binanyň giň eýwanynda aşgabatlylara hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryna hödürlenýän döwrebap hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän maglumat diwarlygy ýerleşýär. Binanyň otaglarynyň dürli reňklerde göwnejaý bezelmegi hem-de bu ýerde häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň ýerleşdirilmegi ajaýyp görnüşi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýwanyň bezelişine hem-de şowly bezegçilik çözgütlerine kanagatlanma bildirdi.
“Owadan” hyzmat ediş öýüniň täze binasy döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda guruldy. 3 ýyl mundan ozal, ýagny 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz durmuş düzüminiň bu edarasynyň işi bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze binanyň gurluşygy we onuň ýerleşjek ýeri babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz täze hyzmatlar öýünde işgärler hem-de bu ýere gelýän müşderiler üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmagynyň, edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.
Bu gün şol talaplaryň ählisi doly ýerine ýetirildi. Täze binada türkmen telekeçileri tarapyndan paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň myhmanlarynyň durmuş hyzmatlaryna bolan barha artýan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ähli şertler döredildi.
Binanyň birinji gatynda sagat we aýakgap ussahanasy, himiki usulda arassalaýyş bölümi, gözellik salony, zergärçilik ussahanasy we dükan, şeýle hem kafe ýerleşýär. Milli Liderimiz bu kafe baryp görýär. Bu ýere gelýänleri mähirli garşylamaga taýýar bolan oňaýly kafeteride ussalar ýumşuňy bitirýänçä, boş wagtyňy göwnejaý geçirmek bolýar.
Ikinji gatda tikinçilik we örme bölümi, milli lybaslar bölümi ýerleşdirilipdir. Olarda şahsy buýurmalar boýunça lybaslary tikmek, egin-eşikleri rejelemek bolýar. Şeýle hem bu gatda fotostudiýa we beýlekiler ýerleşýär. Binanyň üsünji gaty bolsa edara otaglary üçin niýetlenendir.
Zenanlar we erkekler üçin niýetlenen gözellik salonlary hem giň hem-de amatly otaglarda ýerleşýär. Olaryň her biri hödürlenýän hyzmatlara laýyklykda bölünendir (dellekhanalar, kosmetologiýa otaglary we beýlekiler). Olaryň ählisi nemes we türk önüm öndürijileriniň döwrebap hem-de örän oňaýly enjamlary bilen üpjün edildi.
Tehniki üpjünçilik hyzmatlar ulgamynyň täze kärhanasynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ýaponiýadan we Ýewropanyň ýurtlaryndan getirilen döwrebap enjamlarda hem-de maşynlarda işleýän tikinçileriň işi ep-esli kämilleşdirildi.
Himiki usulda arassalaýyş bölüminde işleýän hünärmenlerde hem täze mümkinçilikler peýda boldy. Iň täze senagat enjamlary hem-de müşderileriň iň ýokary talaplaryny kanagatlandyrmaga ýardam berýän beýleki tehniki täzelikler işgärleriň ygtyýaryndadyr.
Ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň ýokary derejesi, nyrhlaryň elýeterliligi döwrebap durmuş hyzmatlary merkeziniň işine bildirilýän esasy talaplardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň iş şertleri bilen tanşyp, binanyň ikinji gatyna galýar we tikinçilik bölümine barýar.
Milli Liderimiz hyzmat ediş öýüniň işgärleri bilen bolan söhbetdeşlikde zähmetiň guralyşy we iş şertleri, iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Atelýeniň işgäri hormatly Prezidentimize buýrujylaryň isleglerini nazara almak bilen, milli lybaslary tikmek boýunça önümçiligiň guralyşy barada gürrüň berdi. Bu bölümde işgärleriň onlarçasy işleýär.
Döwlet Baştutanymyz milli lybaslaryň görkezilen nusgalaryny gözden geçirip, özboluşly däp-dessurlary hem-de milli medeni däpleri aýawly saklamagyň wajypdygyny nygtady we bu ýerde zähmet çekýän işgärlere öz ussatlygyny kämilleşdirmegi arzuw etdi. Nesilden-nesle geçirilýän tikinçilik sungaty şol däpleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň birinji gatynda ýerleşýän zergärçilik dükanyna barýar.
Bu ýerde milli Liderimize milli zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ulanylýan tehnologiýalar we serişdeler, hususan-da, gymmat bahaly daşlar bilen içgin gyzyklandy. Milli Liderimiz bedewleriň kiçijik şekillerine üns berip, olaryň estetiki taýdan özüneçekijiligini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde işleýän işgärler bilen söhbetdeş bolup, asyrlaryň dowamynda özleriniň täsin senedini aýawly saklap gelen, ony yzygiderli kämilleşdirip, ussatlygyň ýokary derejesine çykan türkmen zergärleriniň şöhratly däplerini dowam etdirmekde olaryň zähmetiniň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, zergärçilik sungaty türkmen halkynyň medeniýetiniň we dünýägaraýşynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol milli çäklerden çykyp, umumydünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyny has-da baýlaşdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz zergärleriň iş şertleri hem-de döredijiligi üçin döredilen şertler bilen gyzyklanyp, olara ata-babalarymyzyň şöhratly däp-dessurlaryny dowam etdirmekde we ösdürmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Oguzhan köçesinden ýöräp barşyna ýol ugrunda ajaýyp binagärlik desgalaryny synlady. Şol binalaryň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Bu çykyşlaryň her birinde ol ýa-da beýleki pudagyň özboluşly aýratynlygy şöhlelendirildi.
“Owadan” hyzmat ediş öýüniň golaýynda şu gün “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlary baş gullugynyň edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde görkezilen sahna çykyşynda tansçylar ellerindäki uçarlaryň kiçijik nusgalary bilen tans edip, “uçuş” mowzugyny ussatlyk bilen beýan etdiler.
Täze binada gullugyň işgärleri we müşderiler üçin has oňaýly şertler döredildi. Birinji we ikinji gatlarda uçar peteklerini satmak üçin niýetlenen kassalaryň 38-si ýerleşýär. Maglumat tablolary, sorag-jogap bölümi, sensor elektron ulgamlary (“Touch screen”) raýatlarymyzyň hyzmatyndadyr. Şol elektron ulgamlaryň kömegi bilen awiakassalara “elektron nobatyny” bellige goýmak, zerur bolan maglumatlary almak, özbaşdak uçarpetekleri satyn almak ýa-da öňünden bellemek bolýar. Bu ýerde kafeteri, pul çalşylýan nokat bar.
Mundan başga-da, üçünji gatda petek kassalarynyň ýene-de bäşisi ýerleşýär. Olar “biznes” derejeli ýolagçylara hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde syýahatçylyk kärhanalarynyň edaralary, Internet arkaly petekleri almak üçin niýetlenen elektron ulgamlar, 30 orunlyk mejlisler zaly hem ýerleşýär.
Binanyň dördünji gaty “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlary baş gullugynyň işgärleriniň iş otaglary üçin niýetlenendir.
“Owadan” hyzmat ediş öýüniň beýleki tarapynda hususy kärhananyň – “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň dört gatly ak mermerli edara binasy ýerleşýär. Ol 1,78 gektar meýdany eýeleýär. Onuň ýanaşyk ýerleri döwrebap abadanlaşdyryldy, bu ýerde dürli agaç nahallary oturdyldy. Bu taslama döwrebap binagärlik-inženerçilik çözgütleriniň esasynda ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleri ulanmak arkaly amala aşyryldy.
Binanyň öň tarapy ýeňil altyn reňkli germewler bilen bezeldi. Özboluşly sütünler binanyň görküni has-da artdyrýar. Edara binasynyň içki otaglary açyk reňklerde bezeldi, munuň özi edara binasynyň yşyklandyrylyşynda möhüm ähmiýete eýedir. Dizaýnerler binanyň bezeginde ýurdumyzyň döwletliliginiň nyşany bolan türkmen halylarynyň göllerini ulandylar.
Dürli täjirçilik amallaryny geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar edara binasynyň birinji gatynda ýerleşýär. Bu ýerde şeýle hem kassalar we beýleki degişli otaglar bar. Müşderileri kabul etmek we olara hyzmat etmek üçin ähli şertler döredildi, amatly ýumşak mebeller bolsa bu ýerde netijeli işlemäge hem-de göwnejaý dynç almaga mümkinçilik berer.
Möhüm meseleler boýunça ýygnaklar we işewür duşuşyklary 100 hem-de 20 orunlyk mejlisler zallarynyň ikisinde geçiriler. Bu ýerdäki ähli otaglar iň täze tehnologiýalar, wideo we konferens-aragatnaşyk ulgamy, maglumatlary goramak serişdeleri bilen üpjün edildi.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan 66 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ak mermerli belent binanyň öňündäki meýdançada köp öwüşginli aýdym-saz-tans çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Milli göreşden başlap, uşu we karate ýaly Gündogaryň söweş sungatynyň görnüşlerine çenli sportuň köp görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýaglyga towusmak we çeper gimnastika, boks, kikboksing, futbol we beýleki görnüşler boýunça guralan çykyşlar hem özboluşly sazlaşyk döretdi.
Jaýyň girelgesiniň öňünde bolçulygyň nyşany hökmünde biri pagtadan, beýlekisi bolsa bugdaýly we unly haltalardan doldurylan arabalar ýerleşdirildi. Türkmen topragynyň sahawatly önümleriniň özboluşly sergisiniň üsti zähmetsöýer daýhanlarymyz tarapyndan öndürilýän şaly, gawun-garpyz, gök we miwe önümleri bilen ýetirildi. Bu ýerde türkmen öýüniň myhmansöýerliginiň özboluşly nyşanlary bolan tamdyr we gazanlar ornaşdyryldy. Gazanlarda toý pişmeleri, palaw, dograma bişirildi.
Şeýle köp öwüşginli dabarada artistler täze jaý toýuny tutmak bilen baglanyşykly dessurlaryň äheňinde döredilen gyzykly çykyşy guradylar. Bu ýerde ýerine ýetirilen şadyýan sahna çykyşlary hemmelere şatlyk paýlady.
Soňra täze jaýdan öý alan maşgalanyň çagyrmagy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň ikinji gatyndaky öýe bardy we öý eýeleri bilen ýakyndan tanyşdy. Bu öýüň bikesi “Aşgabatçörek” kärhanasynda çörek bişiriji bolup işleýär, onuň adamsy bolsa köp ýyldan bäri mekdepde ýaşlara bilim berýär. Olaryň gyzy we üç ogly bar. Ogullarynyň biri häzir goşunda gulluk edýär. Ikinji ogly Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän futzal bilen meşgullanýar. Ol futbolçylarymyzyň şu we beýleki ýaryşlarda üstünlik gazanjakdygyna ynanýar. Üçünji ogly Moskwanyň döwlet ynsanperwer uniwersitetiniň hukuk bölümini tamamlady. Onuň maşgalasy hem şu uniwersiteti tamamlap, häzirki wagtda iňlis dili mugallymy bolup işleýär we ogluny terbiýeleýär.
Meýdany 245 inedördül metre barabar bolan öýüň giň we ýagty otaglary birnäçe nesilden ybarat bolan bu uly maşgala amatly ýerleşmäge hem-de olaryň hemmesiniň bir saçagyň başynda jem bolmagyna mümkinçilik berýär.
Şu gün bu ýerde milli Liderimiz türkmen myhmansöýerliginiň ajaýyp däplerine laýyklykda garşylandy. Bereketli saçakda däp bolan nygmatlar goýlupdyr, bagtyýar ýaşaýjylaryň kalplarynda bolsa şatlyk duýgusy möwç urýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle agzybir we mäkäm maşgalany görýändigine şatdygyny aýtdy. Bu maşgalada ululara hormat goýmak babatdaky öňden gelýän däpler berk berjaý edilýär, ýaşlar bolsa häzirki döwürde zerur bolan hünärlere eýe bolýarlar. Oňat hünärmen bolmak diňe bir wezipe babatda artykmaçlyk däldir, munuň özi hakyky watançylyk duýgusydyr: öz bilimiň we başarnygyň bilen jemgyýete, Watana peýda getirmek mukaddes borçdur.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öý eýeleriniň, şeýle hem olaryň täze 5 otagly öýde döredilen amatlyklar baradaky pikiri bilen gyzyklandy, öý üçin berlen karzlaryň şertleriniň olary kanagatlandyrýandygy barada sorady. Bu şertlere laýyklykda, berlen karzyň ähli möçberi 30 ýylyň dowamynda töleniler. Muňa jogap edip, öý eýeleri çäksiz aladasy hem-de ýurdumyzyň raýatlaryna ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryny edinmegi babatda döredilen mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz öý eýelerini täze jaý toýy bilen gutlap, olara sowgatlary gowşurdy hem-de täze öýde bagtyýar ýaşamagy, abadançylyk, berk jan saglyk we üstünlikler arzuw etdi. Milli Liderimiz olar bilen mähirli hoşlaşyp, binanyň dükanlar ýerleşen birinji gatyna düşýär. Olaryň biri azyk harytlary dükanydyr. Onda gündelik isleg bildirilýän azyk önümleriniň köp görnüşleri alyjylara hödürlenilýär. Dükanlaryň beýlekisinde bolsa durmuş tehnikalary satylýar. Bulardan başga-da, goňşy girelgede dellekhana we taýýar lybaslar dükany ýerleşýär. Häzirki wagtda hyzmatlaryň elýeterliligi söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Eýýäm aşgabatlylaryň köpsanlysy hyzmatlaryň şeýle artykmaçlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Şeýle durmuş şertleri Oguzhan köçesiniň ugrunda peýda bolan beýleki jaýlaryň ýaşaýjylary üçin hem döredildi.
Döwlet Baştutanymyz ajaýyp täze binalaryň ugry boýunça ýoluny dowam etdi. Bu gün bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, baýdaklar parlaýar, dürli reňkli lentalar hem-de howa şarlary özboluşly gözellik döredýär.
Ine, medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin niýetlenen 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň öňünde deprekçileriň uly toparynyň çykyşy hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Açylyş dabarasynda halkymyzyň baý medeni däp-dessurlary hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman sungatynyň ýörelgeleri, zehinleriň, şol sanda ýaş zehinleriň sahawatlylygy öz beýanyny tapýar. Ýöne esasy zat, bu baýramçylyk çykyşlarynda aşgabatlylaryň özleriniň mähriban şäherine bolan çäksiz söýgüsi beýan edilýär.
Toplumda gurlan edara binalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň täze binasy hem dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu ýerde ýylyň pasyllaryny hem-de howanyň ýagdaýyny alamatlandyrýan tans ýerine ýetirildi. Ondaky şatlykly ýagdaý bolsa “Türkmengidrometiň” baş edarasynyň öňünde ornaşdyrylan uly ekranda görkezilýär.
Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda işleýän edaralarynyň biri häzirki wagtda ýurdumyzyň howasyny we gidrologiýa ýagdaýyny öwrenmek boýunça toplumlaýyn wezipeleri üstünlikli çözýär. Bu iş döwletimiziň daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan giň möçberli işi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa ulgamynda öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlary babatda aýratyn ähmiýete eýedir.
“Türkmengidrometiň” işi halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de ýurdumyzyň ilatyny gidrometeorologiýa şertleriniň häzirki ýagdaýy hem-de garaşylýan netijeleri baradaky maglumatlar bilen üpjün edýär.
Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň täze binasynyň daşky keşbinde onda ýerleşen edaranyň işiniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Merkezi binanyň iki ganaty bolup, olaryň keşbi termometrleri ýatladýar. Binanyň üçeginde ýerleşdirilen tehniki enjamlaryň – Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gidrometeorologiki maglumatlary kabul edýän ýörite enjamlaryň üsti binagärlik bezeg ulgamlary bilen ýapyldy.
Binanyň merkezi girelgesiniň ýokarsynda uly göwrümli monitor ornaşdyrylypdyr, onda her üç sagatdan üýtgeýän meteomaglumatlar, şeýle hem Türkmenistanyň tebigy landşaftlarynyň köpdürlüligi şöhlelendirilýär.
Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň täze binasynyň esasy aýratynlygy onuň tehniki üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr. Diňe bir binanyň özünde – maglumatlary awtomatlaşdyrylan usulda ýygnaýan merkezde däl, eýsem, tutuş Türkmenistan boýunça, şol sanda deňiz we derýa gämilerinde ýerleşdirilen döwrebap enjamlaryň sanawy hem-de mümkinçilikleri haýran galdyrýar. Häzirki wagtda 100-den gowrak gidrometeorologiýa beketleri bilen birlikde, 4 sany welaýat gidrometeorologiýa merkezi hem döredilýär.
Atmosferanyň metegörkezijileri baradaky maglumatlary yzygiderli ýygnamak we meteomaglumatlary döretmek işini Türkmenistanyň welaýatlaryndaky 28 sany we Aşgabat şäherindäki 2 sany awtomatiki beketler alyp barýarlar. Gullugyň ähli ölçeýiş we gözegçilik beketlerinden, onuň tutuş ýurdumyzdaky apparat ulgamyndan alynýan maglumatlar “Türkmengidrometiň” täze binasynda jemlener we olaryň üstünde işleniler. Ýokary öndürijilikli kompýuter toplumy, amerikan işläp taýýarlaýjylary tarapyndan döredilen iň täze serwer binýady ähli işiň özenini düzýär. Ýurdumyzyň çäginde mereorologiki gözegçilikleriň kömegi arkaly alynýan hasaplamalaryň, halkara maglumat merkezlerinden we emeli hemralardan alynýan hasaplamalaryň esasynda howanyň gysga möhletli hem-de orta möhletli çaklamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.
Dünýäniň önüm öndürijileriniň täze enjamlary “Türkmengidrometiň” işini ep-esli kämilleşdirmäge hem-de ýurdumyzyň çägi boýunça howanyň çaklamalarynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Täze açylan edara binalarynyň arasynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasy hem bar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sahna oýnunda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda şäherleriniň durmuşy janlandyryldy. Onda dürli halklaryň wekilleriniň keşpleri ýerine ýetirildi. Olary milli lybaslar boýunça tanamak bolýar – ine, ispan syýahatçysy, arap täjiri, jahana seýran edýän hindi filosofy...
Bäş gatly binada muzeý hem bar. Onda 400 inedördül meýdanda ýurdumyzyň ajaýyp ýerleri we ýadygärlikleri barada gürrüň berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Maslahatlary hem-de forumlary geçirmek üçin bu ýerde 300 orunlyk maslahatlar zaly we 50 orunlyk kiçi mejlisler zaly göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem arhiw otagy, sport zaly, myhmanlar we işgärler üçin naharhana göwnejaý enjamlaşdyrylypdyr. Tutuş binanyň umumy meýdany 16,7 müň inedördül metre barabardyr.
Onuň golaýynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimliginiň binasy ýerleşýär. Bu toplum üçin 34 müň inedördül metre golaý ýer bölünip berlipdir. Onda häkimligiň edara binasy we tehniki desgalary, üsti ýapyk we açyk awtomobil duralgalary guruldy. Edara binasynda maslahatlary geçirmek üçin zallaryň ikisi, ýagny uly we kiçi zallar enjamlaşdyryldy. Onuň aňyrsynda etrabyň polisiýa bölüminiň we beýleki dürli etrap gulluklarynyň binalary ýerleşýär.
Täze toplumdaky edara binalarynyň hatarynyň iň soňynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň binasy ýerleşýär. Üç gatly bina jemi 200 orunlyk iş otaglary bilen üpjün edildi. Binanyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly ýerleşýär. Mundan başga-da, binanyň her gatynda duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin otaglar enjamlaşdyryldy.
...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oguzhan köçesi boýunça ýoluny dowam etdi. Bu köçäniň ugrunda milli däpleri hem-de halkymyzyň baýramçylyk dessurlaryny, çaganyň doglan güni mynasybetli guralýan dabaralardan başlap, ak goýun toýuna çenli dürli maşgala dessurlaryny şöhlelendirýän köp öwüşginli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Aýry-aýry sahnalarda çaga at dakmak, galpak toýy ýa-da körpäniň ilkinji dişiniň çykmagy bilen bagly dabaralary görmek bolýar. Bu dessurlar berjaý edilende, körpelere bagtly durmuş, berk jan saglyk hem-de gowulyklar arzuw edilýär.
Şu babatda maşgala däp-dessurlarynyň çuňňur manysy bardyr, çünki olar nesilleriň arasynda ruhy gatnaşyklary ýola goýup, ýaşaýyş-durmuşyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Ogluny goşun gullugyna ugratmak hem-de Watan öňündäki harby borjuny berjaý edeninden soň, ony garşylamak dabaralary hem hakyky toýa öwrülýär.
Wagtyň geçmegi bilen däp-dessurlar üýtgäpdir we täze görnüşleri bilen baýlaşdyrylypdyr. Şeýlelikde, bu däpleriň sanawyna ulag toýy hem goşuldy. Täze ulag alynmagy mynasybetli maşgalany gutlamaga diňe bir ýakyn garyndaşlary däl, eýsem, goňşulary, dostlary we tanyşlary hem gelýärler.
Ajaýyp baýramçylyk dabaralary durmuş toýy bilen dowam edýär. Bu toý esasy üç tapgyry – gudaçylygy, toýuň özüni we toýdan soňky tapgyry özüne birleşdirýär. Şol tapgyrlaryň her biriniň öz dessurlary bar. Oguzhan köçesiniň ugrunda guralan dabaralaryň barşynda hem gudaçylyk dessury berjaý edildi. Soňra berjaý edilen toý dessury bolsa dabaralaryň naýbaşysy boldy. Bu dabara özboluşly milli däpleri bilen şu günki dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňra ýoluny dowam edip, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança gelýär.
Ak mermer hem-de ýörite aýna bilen ýalpyldaýan täze binada nusgawylyk hem-de döwrebaplylyk sazlaşykly utgaşýar. Toplumyň umumy meýdany 40 müň inedördül metrden gowrakdyr. Söwda merkeziniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyklar döredilipdir, ajaýyp yşyklandyryjylar hem-de oturgyçlar oturdylypdyr. Şeýle hem awtoulaglary goýmak üçin ýer gurnalypdyr.
“Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkeziniň ýanynda bu ýere ýygnananlar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen öňdergörüji täzeçillik syýasatynyň awtory bolan milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Sungat ussatlarynyň döredijilik topary özünde halk äheňlerini, milli sungatyň öwüşgünlerini hem-de häzirki zamanyň aýdyň keşplerini birleşdirýän ajaýyp aýdym-saz bilen çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň her birinden gelen artistleriň merkezi seýilgähiň ugrunda ýerleşip, sahnany ýerine ýetirişlerini gyzyklanma bilen synlaýar. Belent owazly jarçylar jaý toýuna çagyrmakda sesleriniň heň aýratynlyklaryny görkezip, biri-biri bilen bäsleşdiler . Bu ýerde her welaýatyň milli aşhanasynyň tagamlary, ol ýa-da beýleki sebite häsiýetli bolan tagamlar hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, söwda toplumynyň merkezi girelgesine barýar hem-de ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda toý bagyny kesýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär. Şol ýerde dabara mynasybetli paýtagtymyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň birleşen döredijilik topary aýdym-saz çykyşyny görkezdi. Şol çykyşyň esasynda alyjylaryň we söwda merkeziniň işgärleriniň gatnaşygynyň şöhlelendirilendigi bellärliklidir.
Bu gün Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmek hem-de içerki bazary dürli önümler bilen baýlaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşyny, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bir hatarda, hyzmat ediş pudagyny hem-de söwdany ösdürmekde iri maýa goýumlar amala aşyrylýar. Aşgabatda hem-de sebitlerde gurlaniň döwrebap söwda enjamlary bilen enjamlaşdyrylan köpsanly häzirki zaman söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ýurdumyzyň ilatyna hem-de sany ýyl-ýyldan yzygiderli artýan daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edýär.
Şu babatda hem “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň nyşanyna öwrülmegine gönükdirilendir. Toplumyň birinji we ikinji gatlarynda azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşleri bolan ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşdirilipdir. Giň söwda zallarynda ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan çykarylýan dürli önümleri satyn almak bolýar.
Merkeziň meýdançasynyň örän giňdigine garamazdan, alyjy binanyň içine giren ýeriňde oturdylan elektron görnüşli maglumatnama arkaly aňsatlyk bilen ugur alyp, özüne gerek bolan harydy kynçylyksyz tapyp biler. Onuň kömegi bilen toplumyň meýilleşdirilişi bilen içgin tanşyp bolýar, her biri harytlaryň aýry-aýry toparlaryny satmaga niýetlenen ýöriteleşdirilen söwda zolaklarynyň ýerleşdirilişiniň çyzgysy boýunça aýlanyp çykjak ugruňy düzüp bolýar.
...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň eýwana geçip, täze bina bilen tanşyp başlaýar. Onuň bezelişi köşgüň otaglaryna kybap gelýär. Munuň özi milli äheňde ýerine ýetirilen bezegleriň altynsöw öwüşgüni, düşegiň mermer bilen örtülmegi, uly we kiçi çyralar bu ýerde goýlan ösümlikler bilen sazlaşýar.
Milli Liderimiz eskolatorda aşaky gata düşýär hem-de gurluşyk materiallary dükanyna baryp görýär.
Gurluşyk senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy. Durmuş-medeni ähmiýetli iri desgalar ýokary depginler bilen bina edilýär. Bular dolandyryş binalary hem-de otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarydyr, multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap mekdeplerdir we çagalar baglarydyr, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynyň desgalarydyr, sport toplumlarydyr.
Türkmen işewürleri Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda ynamly öňe barýarlar. Hormatly Prehzidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bazar gatnaşyklarynyň kemala gelýän şertlerinde munuň özi ykdysady we durmuş syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir.
Dükanda satylýan gurluşyk materiallarynyň hatarynda “Derýaplastik” türkmen kompaniýasynyň önümçiliginiň plastikadan taýýarlanan önümleri bar. Bu önümler, mysal üçin, penjire çarçuwalary, germewaçlar hem-de penjire öňlükleri, asma üçeklik, folgirirlenen geçirijiler, muftalar hem-de adapterler, dürli görnüşli suw akdyryjylar, kabel geçirijileri, suwaryjylar we beýlekilerdir.
Milli Liderimiz söwda merkezini gözden geçirmegini dowam edip, supermarkete geçýär. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän azyk önümleriniň ähli görnüşleri bar. Satylýan önümleriň ählisini sanap çykmak mümkin däl. Olaryň arasynda bereketli türkmen topragynyň baýlyklarynyň hemme görnüşleri: hyýar we pomidor, kelem we turp, gant şugundyry hem-de ýeralmasy, hoşboý ysly alma we armyt we ençeme beýlekiler bar. Önümler ter görnüşlidir. Ýöne olaryň islendik tagamly gaplanan görnüşleri hem bar. Bu ýerde size galla önümlerini hem-de çörek-bulka önümlerini, ter et we şöhlat, kakadylan miweleri we beýleki süýjülikleri hödürlärler. Şireli suwlaryň, gazly içgileriň we mineral suwlaryň örän baý görnüşi bar.
Peýnir we peýnir önümleriniň köp dürli görnüşlerine hem alyjylaryň mynasyp baha berjekdigi gürrüňsizdir. Şol önümler bu ýere ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maldarçylyk toplumlaryndan getirilýär.
Mundan başga-da, bu ýerde dürli miwelerden täze sykylyp alnan miwe suwlaryndan dadyp görmek bolýar. Myhmanlar şol suwlardan dadyp gördüler.
Bir söz bilen aýdylanda, “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkeziniň supermarketinde islendik tagamlara bolan islegiňi kanagatlandyrmak üçin hemme zat bar. Şonuň bilen birlikde, önümleriň giň görnüşleri ýurdumyzyň oba senagatynyň hem-de azyk senagatynyň barha artýan mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär. Täze bazaryň tekjeleriniň baýlygy ýurdumyzdaky azyk bolçulygyny görkezýär. Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bolsa Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm düzüm bölegidir.
Bu ýerde sowgatlyk önümler satylýan dükan, äýnek dükany, himiki usulda arassalaýjy hem-de zerur aluw-satuw işleri geçirilende alyjylaryň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýän daşary ýurt puluny çalyşýan nokat ýerleşdirildipdir.
Birinji gatda kompýuter tehnikalarynyň, teleradio we hojalyk harytlarynyň, sport egin-eşikleriniň hem-de sport enjamlarynyň dükanlary, galantereýa hem-de kitap dükany, öýjükli telefonlara hyzmat ediş merkezi, dermanhana we beýlekiler jemlenipdir.
Mundan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň dokma pudagynyň kärhanalary tarapyndan çykarylýan ýöriteleşdirilen dokma önümleri dükany bar. Şol önümleriň içinde çagalar we ulular üçin egin-eşikler, şol sanda sport hem-dedynç almak üçin niýetlenen owadan, ajaýyp örme we jinsi önümleri bar. Olar häzirki zaman biçiwüniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Arassa pagtadan taýýarlanan hojalykda ulanylýan dokma önümleriniň giň görnüşleri satylýar. Ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek süpürgüçler, aşhana önümleri ýokary hilli halkara ykrarnamasyna mynasyp boldy. Panbarhat, keteni milli matasyny, ştapeli we beýleki matalary satyn alyp bolýar.
Häzir Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkyň sarp edýän harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň çykarylyşyny köpeltmäge, hilini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.
Dizaýnerler parfýumeriýa önümleri bölümini bezemek işine hem döredijilikli çemeleşipdirler. Bu ýerde dünýäde meşhur bolan müşki-anbarlar, dürli kosmetiki serişdeler we köpsanly beýlekiler satylýar.
Şaý-sepler dükanynda altyn we kümüş önümler goýlupdyr. Şol önümleriň her biri gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolup hyzmat edýär hem-de milli buýsanjymyzyň bir bölegine öwrülendir.
Türkmen ussat zergärleriniň zehini hem-de ylhamy bilen döredilen bezeg şaý-sepleriniň dürli görnüşleri hemmelerde, aýratyn-da, gelin-gyzlarda ählumumy guwanç döredýär.
Söwda bölümleriniň ýene-de birinde haly hem-de halk amaly-haşam sungatynyň önümleri bar. Olar gözelligi boýunça täsin, ölçegi we bezelişi boýunça örän köpdürli bolan arassa ýüňden taýýarlanan elde dokalan halylar we haly önümleri hem-de däp bolan halatlar, donlar, ajaýyp nagyşly tahýalar we beýlekilerdir.
Milli halyçylyk—munuň özi halkymyzyň iň gadymy täsin sungatydyr, onuň adamzadyň medeni genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandydyr, gülläp ösýän Watanymyzyň gymmatlygydyr. Ussat gelin-gyzlaryň altyn elleriniň önümi bolan deňsiz-taýsyz halylar türkmen topragynyň hakyky gudratydyr. Örän çylşyrymly, uly yhlasy talap edýän hem-de bu inçe sungatyň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle aýawly geçirilip, biziň günlerimize çenli saklanypdyr. Özüniň owadanlygy, örän ýokary hili hem-de kämilligi bilen bütin dünýäni aňk edýän türkmen halysy häzirki wagtda-da elde haly dokamagyň dünýä şöhratynyň derejesini Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde pugta saklap gelýär. Bu gün ýurdumyzyň medeniýetiniň tutuş “altyn gaznasy” bolan özboluşly amaly-haşam sungaty, haly dokamagyň gadymy däpleri milli sungatymyza hakyky gadyr goýýan hem-de ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn aladasy bilen gurşalyp alnandyr. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň “Janly rowaýat” diýen işi türkmen halkymyzyň bu baý ruhy we medeni gymmatlygyna bagyşlanandyr.
Amaly-haşam sungatynyň, halk senetçileriniň özüne çekiji we haýran edýän önümleriniň giň görnüşleri türkmen saz gurallary hem-de milli egin-eşikler, öýde dokalan ajaýyp ýüpek önümleri, halyçylyk enjamlary we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny şöhlelendirýän dürli-dürli ýadygärlik önümleri satylýan dükanda ýerleşdirilipdir. Ýadygärlik önümleriniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen önümlere aýratyn orun berilýär.
Halk senetçiligini galkyndyrmakda telekeçilik möhüm orun tutýar. Täze taryhy döwür Türkmenistanda telekeçilik hereketiniň hakyky täzeden dörän, onuň netijeli ösmegi, mümkinçilikleriň hem-de täjirçilik zehinleriň açylmagy üçin hemme şertleriň döredilen döwrüne öwrüldi.
Milli Liderimiz gözden geçirmegini dowam etmek bilen, üçünji gata galýar. Bu ýerde ýaraşykly kafeteriýa ýerleşip, onda buzgaýmak we beýleki süýjüliklerden dadyp bolýar.
Onuň gapdalynda çagalaryň meýdançasy—hakyky “çagalar dünýäsi” bar. Oýun awtomatlary hem-de attraksionlary, çagalaryň ajaýyp we her dürli oýnawaçlary bolan bu meýdança diňe bir körpeleriň däl, ulularyň hem ünsüni çekýär. Şu ýerde 45 orunlyk kinoteatr hem bar. Onda dürli ölçegdäki filmler görkezilýär.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bu günki dabaralara gatnaşýan daşary ýurtly ilçiler bilen gürrüňdeş boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda resmi taýdan bellenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şöhratly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurt ilçileri bilen gürrüňdeşlikde şu güni taryhy diýip atlandyrmak boljakdygyny belledi. Biziň telekeçilerimiz örän kuwwatlandylar, başarnyk taýdan ösdüler. Muňa desgalaryň uly toplumynyň açylyşy hem şaýatlyk edýär.
Daşary ýurtly diplomatlar özleriniň şaýat bolýan özgertmeleriň gerimine hem-de depginlerine, Türkmenistanyň okgunly ösüşine haýran galýandyklaryny aýtdylar we halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň hem-de gumanitar gatnaşyklaryň ösmegi üçin döredilýän şertlere hoşallyk bildirdiler.
Ýakyn wagtda türkmen Bitaraplygynyň hormatyna uly dabaralaryň geçiriljekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzda resmi taýdan işleýän diplomatik toparynyň wekillerini wekilçilikli maslahata gatnaşjaklaryň düzümini düzmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti lift arkaly birinji gata düşýär. Döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyryp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe ýüzlenmek bilen, TSTB-nyň agzalaryna 13-nji tapgyryň binalaryny gurmak boýunça ýerine ýetiren uly hem-de jogapkärli işlerine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, obalarymyzyň we şäherlerimiziň gülläp ösmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary täze söwda-dynç alyş merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara üstünlikleri arzuw etmek bilen, bu ýerden ugrady.
Şu gün bolup geçen binagärlik açylyşlarynyň uly tapgyry Bitaraplygyň şanly 20 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen öz bagtyýar geljegini gurýan parahatçylyk dörediji ýurt bolan Türkmenistana bütin dünýäniň başgaça garamagyna alyp barýan beýik özgertmeleriň nobatdaky mysalyna öwrüldi.