Ï Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçirildi

view-icon 617
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, şol sanda iki ýurduň pudak ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň türkmen we ermeni taraplaryndan başlyklary duşuşygy açyp, häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak üçin mäkäm binýady döredendigini bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Serž Sargsýanyň arasyndaky mähirli, ynamly gatnaşyklar bu babatda kesgitleýji orun eýeleýär. Olar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň özenine öwrüldi.

Türkmen-ermeni gatnaşyklaryny berkitmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparyna ähmiýetli orun berilýär. Onuň işi netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin netijeli görnüşleri kesgitlemegi ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar şu günki mejlisiň Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme meseleleri girizildi. Söwda-ykdysady we maliýe ulgamlary, ýangyç-energetika we ulag pudaklary, medeniýet, sport we syýahatçylyk, maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk onuň ileri tutýlan ugurlary hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda ozal gaznaylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça bitirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar geçen döwrüň içinde esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşendigini belläp, gurluşyk serişdeleri senagaty, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlaryny we azyk senagatynyň önümlerini, ýerli çig maly peýdalanmak bilen innowasion tehnologiýalara esaslanan bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda pikir aýtdylar.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, Türkmenistandan Ermenistan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek bilen bagly meseleleri işläp taýýarlamak hakynda teklip aýdyldy.

Toparyň agzalary ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi barada aýdyp, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly boýunça ýükleri daşamagyň amatly boljakdygyny bellediler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar bazarlary döretmek we ösdürmek arkaly iki ýurduň eksport edýän harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak barada aýtdylar.

Ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ylmy-tehniki gazanylanlary hem-de bar bolan innowasion işleri alyşmagy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek maksady bilen ylmy-tehniki gatnaşyklaryň anyk çärelerini kesgitlediler.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek halkara möçberindäki möhüm sport wakasy—Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda sport ulgamy türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sport federasiýalarynyň we guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň degişli döwlet düzümleriniň we syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmek babatda pikirlerini beýan etdiler.

Medeniýet ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde taryhy hem-de medeni ýadygärliklerini öwrenmek we goramak babatda bilelikdäki işleri dowam etmegiň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem iki ýurduň çäklerinde geçirilýän halkara medeni çärelere döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyny üpjün etmek barada teklip aýdyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini hem-de Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümetara toparyň agzalary iki dostlukly ýurduň habarlar agentlikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak barada hem pikirlerini aýtdylar.

Energetika we tebigy serişdeler ministri E.Zaharýan Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de bilelikde üstünlikli işlemäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hökümetara toparyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekilip, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen anyk ädimler kesgitlenildi.