Ï Türkmenistan-Hytaý: müňýyllyklara uzaýan dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Hytaý: müňýyllyklara uzaýan dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri ösdürilýär

view-icon 1058
Şu gün günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Pekiniň Halkara howa menziline gondy. Bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Hytaýyň paýtagtynyň howa menzilinde haly düşelen ýodalaryň ugrunda hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar.

Uçatyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly Hytaý döwletiniň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, beýleki resmi adamlar garşylaýarlar.

Milli Liderimizi Türkmenistanyň hökümiýet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Hytaýyň iri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, hususan-da, Pekiniň ulag we aragatnaşyk uniwersitetiniň, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň talyplary mähirli garşylýarlar.

Döwlet Baştutanymyza Watanymyzyň halkara abraýyny belent derejelere çykaran oňyn içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler, şol sanda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, türkmen talyplary bilimleri düýpli ele almak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özüşiň we abadanylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan garaşsyz bitarap Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösmegi üçin geljekde öz ähli bilimlerini we zehinini bagyş etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş şertleri we okaýyşlary we arzuw-islegleri bilen gyzyklanyp, häzirki wagtda bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ägirt uly üns berilýär, bu ertir geçiriljek ýokary derejedäki gepleşiklerde öz beýanyny tapar diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany mähirli garşylanandygy üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, olar bilen hoşlaşdy we özüne garaşyp duran awtoulagda bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden türkmen döwletiniň Baştutanynyň sapary wagtynda bölünip berlen özüniň kabulhanasyna tarap ugrady.

Ertir, 12-nji noýabrda Hytaýyň paýtagtynda ýokary derejede türkmen-hytaý gepleşikleri geçiriler, onuň güntertibine döwletara hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumy giriziler.

Soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar özüniň ösüşiniň hil taýdan täze derejesine çykan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini we oňa hemmetaraplaýyn taýýardygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň barşynda nygtaýyşlary ýaly, taraplar köküni Beýik Ýüpek ýoly döwründen alyp gaýdýan, köp asyrlaryň dowamynda dostluk we özara düşünişmek däpleri esasynda guralýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny tassyklap ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn esasda abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler.

Dünýäde ýokary depginli ösýän döwletleriň biri bolan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen döwlet ösüşiniň giň möçberli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen işjeň gatnaşyklary giňeltmäge daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň gyzyklanmalaryny kesgitleýär.

Pekin hem-de Aşgabat iki ýurduň milli bähbitlerini we olaryň saýlap alan ýollarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň amatly usulyny kesgitlediler. Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda döwlet Baştutanlarynyň gepleşiklerinden başlap, türkmen-hytaý işewür toparlarynyň duşuşyklaryny hem öz içine alýan hyzmatdaşlygyň köpugurly guraly işlenip düzüldi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyga şunuň ýaly çemeleşmeler ägirt uly kuwwat we soňky ýyllarda toplanylan bilelikdäki işiň tejribesi bilen berkidilendir. Munuň özi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny üstünlikli ilerletmäge ýardam berýär, iki tarapyň tagallalary netijesinde bu gatnaşyklar uzakmöhletleýin, strategiki häsiýete eýe boldy.

Bilelikdäki onlarça möhüm taslamalar, şol sanda XXI asyryň ägirt uly taslamasy – Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy ýyllaryň synagyndan geçen hyzmatdaşlygyň möhüm netijeleridir, bu gaz geçirijisi häzirki wagtda dostlukly ýurda türkmen gazynyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün edýär.

Hytaý işewürleriniň wekilleri ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, şol sanda möhüm ähmiýetli senagat we durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, Türkmenistanyň çägindäki ägirt uly “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň möhüm şertidir.

Döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Ýakynda halkara medeni gatnaşyklaryň özboluşly merkezine öwrülýän Mary şäherinde Hytaýyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň paýtagtyna şu gezekki sapary iri hytaý kompaniýalarynyň wekillerinde aýratyn uly gyzyklanma döredýär, olar geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürmegi maksat edinýärler.