Ï Türkmenistan – ÝHHG : howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyryp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – ÝHHG : howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

view-icon 844
Şu gün Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda sebit we halkara howpsuzlygynyň çäklerinde kiberhowpsuzlyk, terrorçylykly maksatlar üçin internetiň ulanylmagyna garşy çäreler we kiberjenaýat meseleleri boýuça okuw öz işine başlady.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan iki günlük okuwa gatnaşmaga kiberhowpsuzlyk boýunça halkara bilermenleri, guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş boýunça hünärmenler, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sekretariatynyň işgärleri, Beýik Britaniýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň degişli düzümleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, kiberhowpsuzlyk diňe bir maglumat jemgyýetiniň üstünlikli ösmegi üçin wajyp şert bolman, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde hem möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna hem-de bolup biläýjek kiberhowpa we kiberhüjüme, internetiň terrorçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna garşy durmaga aýratyn üns berildi. Çykyşlarda degişli maglaumatlary ýygnamak we olary seljeriş işleri beýan edildi.

Ýygnananlar bu ugurda toplanan öňdebaryjy tejribe boýunça pikir alyşmalaryň barşynda, kibergurşawy goramak üçin usullary öwredýän şeýle duşuşyklary dowam etmegiň we ysnyşykly halkara gatnaşygyny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.