Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum forumy geçirildi, ony ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady. Nobatdaky işewürlik duşuşygyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak wekiller, halkara we sebit maliýe guramalarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen tarapyndan maslahata ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumyň resmi açylyş dabarasynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda maýa goýumlaryny çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, milli ykdysadyýetimizi täze belentliklere çykarmak maksady bilen, olaryň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.
Forumyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ylmyň we hünär biliminiň, iň täze tehnologiýalaryň we önümçiligi guramagyň usullarynyň, maýa goýumlaryny höweslendirmegiň utgaşdyrylmagy esasynda ykdysadyýetiň täze senagat nusgasynyň kemala getirilmegine ägirt uly ähmiýet berilýär.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça türkmen Lideriniň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler köpugurly ykdysady ulgamyň kemala gelmegini üpjün etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat pudaklary ýokary derejede ösdürilýär, kiçi we orta telekeçilige goldaw berilýär. Ykdysady strategiýanyň türkmen döwleti tarapyndan häzirki döwürde geçirilen ýokary netijeliligi abraýly halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň bilermenleriniň ýokary baha bermekleri bilen birnäçe gezek tassyklanyldy, olaryň hatarynda Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky we beýlekiler bar.
Milli ykdysadyýetimiziň ýokary görkezijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty hem-de ýurdumyza çekilýän daşary ýurtly maýa goýumlarynyň uly möçberleriniň çekilmegi netijesinde üpjün edilýär. Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi, jemgyýetçilik- syýasy durnuklylyk, ýokary ykdysady ösüşler, kuwwatly serişdeler we çig mal binýady, döredijilikli daşary syýasat hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan emele getirilýän amatly maýa goýum ýagdaýy – daşary ýurt kompaniýalarynyň iri maýa goýumlarynyň gelmegine ýardam berýär.
Forumyň barşynda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýyny, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň eksport kuwwatyny aýdyň görkezýän wideorolik, ýurdumyzda işewürligi ýöretmek üçin ägirt uly mümkinçilikler barada degerli maglumat almaga ýardam berdi.
Foruma gatnaşanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hökümetiniň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Yslam ösüş bankynyň, “Fransiýa – Türkmenistan” Söwda edarasynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri, Türk-türkmen işewürler geňeşiniň, Türkiýe Respublikasynyň Edaralar we biržalar birleşiginiň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar. Olar öz çykyşlarynda dünýäniň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň Türkmenistana örän amatly maýa goýum mümkinçilikleri döreden ýurt hökmünde baha berilýändigini nygtadylar. Foruma gatnaşyjylar şunuň ýaly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan edip, esasy daşary ýurt maýadarlarynyň türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga strategiki häsiýetli gyzyklanma bildirýändikleriniň ýurdumyzyň tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlary, eksport we üstaşyr mümkinçilikleri, işjeň senagatlaşdyrylmagy we barha ösýän bazary bilen şertlendirilendigini bildirdiler.
Umumy mejlisiň çäklerinde nebitgaz we nebithimiýa toplumyny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, maliýe we bank düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Türkmenistanyň gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamynyň, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça maýa goýum mümkinçilikleri foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem dokma senagatynda, energetika pudagynda, maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda, obasenagat toplumynda we azyk senagatynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda innowasiýa häsiýetli önümçilikleri döretmäge gönükdirilen anyk taslamalara garamaga taýýardyr. Şunda ýurdumyzyň iri maýa goýumyny, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikasynyň we enjamlarynyň getirlmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin taslamalaryň ykdysady netijeliligi, olaryň durmuş taýdan hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatynda ähmiýeti ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ygtybarly hemä-de uzakmöhletleýin üstünlik gazanmagy üçin has netijeli ýollaryň gözlenilmegi esasy ugur bolup durýar.
Maslahata gatnaşyjylar bu iri çäräniň ähmiýeti barada aýdyp, duşuşygyň çäklerinde geçirilen gepleşikler öz maýa goýum taslamalaryny beýan etmek, göni gatnaşyklary ýola goýmak, Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň geljekki daşary ýurt maýadarlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Maýa goýum forumy tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda milli taslamalary durmuşa geçirmekde, maýa goýum işi üçin amatly şertleri döretmekde berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär.