Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy

view-icon 820
Şu gün ir bilen “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň işewür hem-de maliýe toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy.

Kabulhananyň birinji gatynda ýerleşen maslahatlar zalynyň girelgesinde Türkmenistanyň Baştutanyny HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopin, şeýle hem halkara korporasiýalaryň, esasy banklaryň hem-de maýa goýum düzümleriniň, nebitgaz, nebithimiýa, aerokosmos, elektron, himiýa, derman senagaty hem-de senagatyň beýleki pudaklarynda, aragatnaşyk we telearagatnaşyk, gurluşyk, bank işi, söwda, gozgalmaýan emläk we başga ulgamlarda işleýän iri hytaý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.

Özara mähirli görşenlerinden soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýyň işewür jemgyýeçiliginiň wekilleri bilen bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra hemmeler maslahatlar zalyna geçýär.

HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopin duşuşygy açyp, saparyň iş tertibine girizilen wakalaryň köpdügine garamazdan, wagt tapandygy hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän uly ünsi üçin bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen birnäçe ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk bilen baglanyşygy bolan bu ýere ýygnanan kompaniýalaryň wekilleri üçin türkmen Liderini hytaý topragynda ýene-de bir gezek mübäreklemek uly hormatdyr. Şu duşuşygyň özara hereketleriň gerimini giňeldip, oňa uly itergi berjekdigi we täze derejä çykarjakdygy şübhasizdir.

Soňra çykyş eden “China Development Bank”—Hytaýyň ösüş bankynyň hem-de “China Export-Import Bank” – Hýtaýyň eksport-import bankynyň ýolbaşçylary HHR-iň iri maliýe düzümleriniň uly ykdysady kuwwata eýe bolan, depginli ösýän Türkmenistan bilen köpýyllyk özara gatnaşyklary dowam etmäge gyzyklanýandyklaryny beýan etdiler.

Hytaýyň işewür toparlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatyna hem-de türkmen Lideriniň ýurda maýa goýumlaryny çekmek we halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek üçin has amatly şertleri döretmek babatda görýän anyk çärelerine ýokary baha berýändikleri nygtaldy.

Bilelikde işlemegiň toplanan oňyn baý tejribesi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdiginden habar berýär. Munuň özi onlarça uly taslamalarda öz beýanyny tapdy. Olaryň hatarynda yklymda iň uzyn Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi bar. Bu gaz geçiriji Hytaýy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyran wajyp energetika geçelgesine öwrüldi. Şeýle hem “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi, demir ýol ulaglary ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça taslamalar şol iri taslamalaryň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk meselelerine netijeli çemeleşmeleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biriniň içerki we daşarky ykdysady ýagdaýa çeýe, pragmatik hem-de degişli derejede jogap bolup durýan maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Ýurdumyzda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin, ilkinji nobatda, kanunçylyk babatda amatly mümkinçilikleri döretmek, daşary ýurt maýasyny çekmek hem-de goramak üçin anyk çäreler görülýär. Maýa goýumlarynyň gelmegini höweslendirýän kanunlar kabul edildi, işewürlere salgyt, gümrük hem-de beýleki ýeňillikler berilýär.

Bularyň ählisi maýa goýum babatda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, menejmentiň, marketingiň hem-de nou-haunyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak üçin ygtybarly binýady üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra bolup geçen işewür gürrüňdeşlik şol bir wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleriniň jemlenmegine hem-de ony çuňlaşdyrmak boýunça ýollaryň we usullaryň, bilelikdäki taslamalar üçin täze gyzykly pikirleriň hem-de önümçilikleri guramagyň, özara hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullarynyň ara alyp maslahatlaşylmasyna öwrüldi.

Hatarynda ýokary tehnologik, ylmy ugurly önümleriň önümçiliginde dünýä liderleri bolan hytaý kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk etmek, oňa innowasion hereketler esasynda uzakmöhletleýin, yzygiderlilik häsiýetini bermek babatda öz tekliplerini aýtdylar.

Şol kompaniýalaryň hatarynda kuwwatly ylmy-barlag we önümçilik binýadyna eýe bolan Hytaýyň “China Aerospace Science & Industry Corp. (“CASIC”) aerokosmos ylmy-senagat korporasiýasy bar. Onuň düzüminde onlarça kärhanalar hem-de guramalar, ylmy akademiýalar, ylmy-barlag institutlar we zawodlar bar. Aerokosmos ylymlary we senagaty ulgamynda ýöriteleşen bu korporasiýa dürli radioelektron enjamlaryny, raketa we telearagatnaşyk ulgamlaryny, aerokosmiki önümler bolan kosmiki enjamlary, ykjam hem-de ýerli goýberiş enjamlaryny we beýlekileri işläp düzýär we öndürýär.

Maýa goýumlar hem-de önümçiligiň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda netijeli gatnaşyklar üçin gyzykly pikirler aýdyldy. Ol pikirler “ChinaNorthIndustriesGroupCorporation (NorincoGroup)” korporasiýasy, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (“CNPC”), Hytaýyň “SINOPEC” nebit we himiýa korporasiýasy, “CRRCCorporation Limited”, “Sinopharm Group Company Limited” kompaniýalary, Hytaýyň CAMC inžiniring korporasiýasy bilen tehnologik hyzmatdaşlykda Türkmenistan we Hytaý üçin hakyky badalga öwrülip biler.

Aragatnaşyk we telearagatnaşyk ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «HuaweiTechnologiesCoLtd» kompaniýasynyň, kompýuter we maglumat tehnologiýalary ulgamynda ýöriteleşen “LenovoGroupLimited” kompaniýasynyň wekilleri özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

“JiangsuGuotai International Investment Group» guramasynyň, Hytaýyň iri “ZTE” (Zhong Xing Telecommunication Equipment Company Limited) telearagatnaşyk kompaniýasynyň hem-de emlägi dolandyrmak boýunça Hytaýyň “CITIC” Halkara maýa goýum korporasiýasynyň wekilleri öz işleri bilen tanyşdyrdylar.

Umuman, duşuşygyň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehnologik ugruna aýratyn üns berildi. Duşuşykda diňe bir ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýokary takyk enjamlary, iň täze elektron serişdelerini we programma ulgamlaryny satyn almak barada däl, eýsem, tejribe ähmiýetli bilelikdäki barlaglary guramak, taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän tehnologik, inženerçilik işläp düzmelerde ylmy taýdan goşulyşmak babatda hem gürrüň edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şeýle hyzmatdaşlyk hemme ugyrlar boýunça ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň artmagyna oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edenlere minnetdarlyk bildirip, türkmen we hytaý halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny nygtady. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolansoň, iki ýurduň arasynda hil taýdan täze gatnaşyklar ýola goýuldy we yzygiderli ösdürilýär.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, 2015-nji ýyl Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşynda aýratyn ýyldyr. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kararnamanyň kabul edilen gününe 20 ýyl dolýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany geçen döwrüň ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk daşary syýasatynyň netijelidigini, onuň halkara jemgyýetçiliginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezendigini aýtdy. Munuň özi Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan täze kararnamany kabul etmegi bilen hem tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurtlarymyzyň köp ugurlarda, şol sanda energetika we ulag pudaklarynda, kommunikasiýa, söwda ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtap, muňa mysal hökmünde strategiki hyzmatdaş bolan iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky alty ýylda onlarça esse artandygyny aýtdy. Şu babatda hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň netijeli işi bellenip geçildi.

Döwlet Bştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk ugry bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde energiýa serişdelerini Orta Aziýadan Hytaýa, Günorta Aziýa we Orta Gündogar ýurtlaryna ibermek üçin turba geçirijileri gurmaga oňat mümkinçilikleriň döreýändigini nygtady. Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana täze gaz geçirijiler guruldy. Ýakyn wagtda, 13-nji dekabrda ýene-de bir örän uly strategiki taslama—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berler.

Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitde we onuň çäklerinden daşarda ykdysady ösüşe güýçli itergi berer. Döwlet Baştutanymyz munuň öz daşary ýurt maýadarlarynyň işjeňligini artdyjakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Hytaýyň halkara turba geçirijileriniň howpsuzlygy barada Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny işjeň goldaýandygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly ýörite kararnamasynyň hem awtordaşy bolup çykyş edendigini belledi.

Häzir ýurdumyzda hytaý maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda onlarça bilelikdäki taslama durmuşa geçirilýär. Hytaýyň kompaniýalary nebitgaz we ulag pudaklarynda, telekommunikasiýa ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Oba hojalygynda, dokma, himiýa we azyk senagatynda, gurluşyk pudagynda hem hyzmatdaşlyk ýokary depginler bilen ösýär.

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasynyň gatnaşmagyny mysal hökmünde getirip bolar. Ol ýerde gazy gaýtadan işleýän ikinji zawod işe girizildi. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işleýän ýene-de bir toplum gurulýar. Hytaýly hyzmatdaşlar bu gaz käniniň ikinji tapgyryny özleşdirmäge hem gatnaşýarlar. Umuman, alnyp barylýan bu işler Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi has giňden peýdalanylyp bilner. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň senagatlaşdyrmaga, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemäge hem-de taýýar önümi öndürmäge tarap alyp barýan baş ugruny göz öňünde tutup, has giňden peýdalanylyp bilner. Şunda senagat desgalaryny doly taýýar görnüşde gurýan kompaniýalara aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän himiýa senagatynyň önümlerine daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mineral çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn ulanylmagynyň döwletimize köp möçberde ykdysady peýda getirjekdigini nygtap, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň sanawynyň azot, fosfor we kaliý dökünleriniň, şeýle hem ýoduň, tehniki uglerodyň, kükürdiň, bromuň, natriý sulfatynyň, polietileniň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna has-da giňeldiljekdigini belledi.

Türkmen lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürip, Aziýanyň we Ýewropanyň döwletleriniň arasynda gatnaşyklaryň üstünlikli bolmagy üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär, öňler dünýäniň şu böleklerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady taýdan galkynmagyna hemmetaraplaýyn gatnaşýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlaryny peýdalanmak bilen, «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça häzirki zaman ulag düzümlerini döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulag geçelgeleriniň Ýuwaş ummanyndan Baltika deňzine, Demirgazyk Ýewropadan Hindi ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirjekdigini belledi hem-de işewürleri ulag - kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek boýunça, şol sanda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesini döretmek, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmak bilen baglanyşykly taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň Älem giňişligine ilkinji milli emeli hemrasyny çykarandygyny hem-de ikinji Älem hemrasyny goýbermegi meýilleşdirýändigini habar berdi, şunuň bilen baglylykda, Älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen peýdalanmaga gönükdirilen bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyz bu ulgamda ýöriteleşýän hytaý kompaniýalarynyň teklibine garamaga taýýardyr.

Biz dürli pudaklarda işlemek üçin baý tejribesi bolan we öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen Lideri şeýle hem dokma we azyk senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine ünsi çekdi. Häzir täze senagat kuwwatlyklary döredilýän beýleki pudaklaryň hatarynda gurluşyk materiallaryny, halkyň sarp edýän harytlaryny, elektrik we elektrotehniki enjamlary öndürýän kärhanalar agzaldy. Derman senagatynda buýan köküni gaýtadan işlemek hem-de ondan degişli dermanlary çykarmak boýunça önümçilikleri ýola goýmak bähbitli bolup görünýär.

Hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Hytaý kompaniýalarynyň tejribeleri we mümkinçiligi ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän iri taslamalara, şol sanda Hazar deňziniň kenar ýkasynda döredilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän taraplar üçin bähbitli bolup biler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda, ilkinji nobatda bolsa, bilim ulgamynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin işgärleri taýýarlamakda gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigini nygtady. Häzirki wagtda türkmen talyplary Hytaýyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylda birinji synp okuwçylaryna netbuklar sowgat berilýär, şu ýyl HHR-dan “LENOVO” kompaniýasynyň kompýuterleriniň 120 müňüsi alyndy. Mundan başga-da, Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň maksatnamasyna hytaý dilini öwrenmegi girizmek meýilleşdirildi.

Iki ýurtda halkara festiwallaryny, ylmy-amaly maslahatlary, seminarlary, syýahatçylyk sergilerini we sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Guandun welaýatynyň Günorta Hytaýdaky Çžuhaý şäherinde geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyşyny belläp, türkmen artistlerine döredilen oňat şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şonda türkmen jigitleri festiwalyň baş baýragyna—Gran-pri Altyn kubogyna mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini ýatladyp, iri halkara sport çärelerini guramak we geçirmek işinde uly tejribä eýe bolan hytaý hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň şu ugurda ýöriteleşen kompaniýalaryny Aziada-2017-niň sport ýaryşlaryny beýan etmäge gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçli depginler bilen ösdürilýändigini nygtady. Bu bolsa iri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, bilim ulgamynda iki döwletiň we halkyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkemegine we baýlaşmagyna ýardam edýär.

Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Häzirki saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirendigini bellemek gerek. Olaryň barşynda geljekki mümkinçilikler hem-de bar bolan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda köpýyllyk hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagyň ýollary barada pikir alşyldy, mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilleri anyklaşdyryldy.

Hususan-da, Hytaýyň CAMC inžiniring korporasiýasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda Serdar şäherindäki wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemegiň hem-de ýurdumyzda ýolagçy wagonlaryny abatlaýan täze zawody gurmagyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Derman senagaty önümlerini eksport-import etmekde ýöriteleşen “China Sinopharm International Corporation” hem-de işi maýa goýumlar, maliýe ulgamy, söwda, gozgalmaýan emläk, myhmanhana işewürligi bilen bagly bolan “Jiangsu Guotai Int`l Group Hengyuan Investment Development Co. Ltd» kompaniýalary we beýlekiler buýan köküniň goýy erginini öndürmek boýunça häzirki zaman zawodyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

“LenovoGroupLimited” we “Forever Wise /Hong Kong/ Limited” kompaniýalarynyň wekilleri bilen kompýuter tehnikalaryny ibermek boýunça meýilnamalar, Hytaýyň /“CNPC”/ milli nebitgaz korporasiýasynyň wekilleri bilen nebiti we gazy gazyp almak, nebithimiýa önümçiliklerini döretmek, nebit çykarýan enjamlary taýýarlamak babatda täze bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

«HuaweiTechnologiesCoLtd» kompaniýasy demir ýol ulgamynda, nebitgaz we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen hyzmatdaşlaryna birnäçe täze tekliplerini hödürledi. Hususan-da, “Gündogar-Günbatar” turba geçirijisinde SCADA ulgamyny hem-de aragatnaşygy oturtmak bilen baglanyşykly taslamalar, HHR-iň hökümetiniň grant serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän “elektron bilim berlişi” taslamasy, şeýle hem “Huawei” maksatnamasynyň çäklerinde “Geljegiň däneleri” diýen bilim ugrunyň hünärmenleri üçin okuwlary geçmegiň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da,“Jiangsu Guotai Int’l Group Hengyuan Investment Development Co.Ltd” kompaniýasy bilen şähergurluşyk ulgamynda, köpçülikleýin medeni çäreleri bezemekde hyzmatdaşlyk etmek gepleşikleriň meselesine öwrüldi. “Qinghai Cashmere Industrial Group Co.Ltd” kompaniýasy bilen Türkmenistanda we Hytaýda halkyň sarp edýän harytlaryny ýerlemek boýunça bilelikdäki lomaý söwda bazarlaryny döretmek, geçi ýüňüni gaýtadan işleýän hem-de örme önümleri öndürýän fabrikleri gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly beýleki ugurlarynyň hatarynda şol sanda takyk maşyngurluşygynyň Bütinhytaý eksport-import korporasiýasy (CPMIEC), Demirgazyk Hytaý Senagat korporasiýasy (NORINCO), «CETC International» ООО bilen ýokary tehnologiýalar, senagat, elektron ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek agzaldy.

Bu duşuşyklara hem-de gepleşiklere gatnaşanlar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin häzir hemme mümkinçilikleriň, bilelikde işlemegiň baý tejribesiniň we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygyny ayratyn nygtadylar.