Ï Durky täzelenen seýilgähler Aşgabadyň keşbini özgerdýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durky täzelenen seýilgähler Aşgabadyň keşbini özgerdýär

view-icon 900
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň we Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezindäki seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça geçirilen işleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz özüniň egindeşleri bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyndan çykyp, pyýadalap Türkmenbaşy şaýolundan A.Nowaýy köçesine çenli uzap gidýän seilgähe bardy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, halkara syýasy, ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi.

Ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbi, onuň belent binalary öz içine alýan köşk we ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary we meýdançalary türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, onuň ata-babalarymyzyň şöhratly ýol - ýörelgelerine hem-de röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Köpsanly ýaşyl zolaklar, seýilgähler, saýaly alleýalar we dürli öwüşgünli gülzarlyklar baş şäherimiziň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhmansöýerligini beýan edýär.

Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň gurluşygynda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, ýaşlar hem-de Aşgabadyň myhmanlary üçin döredilen aňrybaş şertlere baha berdi. Milli Liderimiz bu ýerde ýylyň islendik paslynda nusgalyk arassaçylygyň we düzgün-tertibiň berjaý edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Seýilgähiň durkuny doly täzelemek işini “”Vinci” fransuz kompaniýasy amala aşyrdy, taslamany işläp düzüjiler onda gündogar bezegçiliginiň we nusgawy binagärlik sungatynyň äheňlerini utgaşdyrdylar.

Seýilgähiň umumy meýdany 170 müň inedördül metre golaýdyr. Olardan 86 müň inedördül metrden gowragyny ýaşyl zolaklar eýeleýär. Seýilgähiň düýpli durkunyň täzelenilmeginiň bu künjegiň esasy “ýaşyl” düzüm bitewiligini bozmandygyny bellemek gerek.Taslamany düzüjiler we gurluşykçylar aşgabatlylaryň birnäçe nesliniň ýaşaýyş-durmuşynyň şaýady bolan seýilgähiň baý taryhyna aýawly garadylar. 1225 sany zyýan ýetirlmän saklanylan baglardan başga-da, ýene-de 5 müň 700 düýp täze nahal oturdyldy. Ozal bar bolan 7 müň sany gyrymsy bezeg ösümlikleriň üsti ýene 200 müňden gowrak dürli görnüşli bezeg ösümlikleri bilen dolduryldy.

Köp sanly suw çüwdürimleri seýilgäh toplumynyň okgunly ösüş hereketini, bu ýerde durmuşyň doly gaýnap joşýandygyny alamatlandyrýar. Suw çüwdürimleri 4 müň inedördül meýdany tutýar. Bu ýerde her biriniň meýdany 260 inedördül metre deň bolan sekiz sany meňzeş görnüşli suw çüwdürimi, her biriniň meýdany 300 inedördül metre deň bolan Oguzhanyň ýyldyzy görnüşindäki dört sany suw çüwdürimi we meýdany 690 inedördül metr bolan uly suw çüwdürim toplumy guruldy. Bu künjekden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasy seleňläp görünýär. Beýleki tarapda Hökümet binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik ýerleşýär.

Tutuş seýilgäh toplumy boýunça gyradeň ýaşyl zolaklar we dürli öwüşginli güldanlar ýerleşdirilipdir. Dürli öwüşginli bezeg daşlaryndan seýil edilýän ýodajyklar (23,7 müň inedördül metrden gowrak), şeýle hem basgançaklar gurnalypdyr.

Seýilgähiň yşyklandyryş bezegine aýratyn üns berildi. Seýilgähiň tutuş zolagy boýunça gurnalan 900-den gowrak çyralar we yşyklandyryş diňleri, şeýle hem suw çüwdürimleriniň dürli yşyk öwüşginleri garaňky wagtda seýilgähiň aýdyň şöhle saçmagyna mümkinçilik berer. Seýilgäh toplumynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde 15 sany tehniki bina gurnaldy, olaryň hatarynda iki sany ýerasty geçelge hem bar. Seýilgähe ýanaşyk köçeleriň hem käbir bölekleriniň durky täzelenildi.

Tutuşlygyna taslamany düzüjiler we bezegçiler iri möçberli we döredijilik çemeleşmäni talap edýän işi ussatlyk bilen berjaý edip, aşgabatlylaryň her biriniň kalbyna ýakyn bolan bu seýilgähiň ajaýyp keşbe eýe bolmagyny gazandylar.

Ýanaşyk ýaşaýyş toplumlary bilen köçeleriň belli bir bölekleri arkaly birleşdirilen seýilgäh myhmansöýer we ýagty şöhle saçýan ajaýyp giňişlige öwrüldi. Paýtagtymyzyň merkezi böleginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşmak bilen, bu seýilgäh ýurdumyzyň baş şäheriniň edara binalar toplumyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Seýilgäh bu gün düýbünden täze keşbe we hile eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň baş alleýasyna baryp, bu ýerde suw çüwdürimleriniň ýerleşdirilişini gözden geçirýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp halk sazlarynyň, şeýle hem häzirkizaman kompozitorlarynyň eserleriniň owazynyň ýaňlanmagy bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär, seýilgähiň gözelligini açyp görkezýär hem-de bu ýerde gezelenç edýän adamlaryň keýpiçaglygyny ýokarlandyrýar diýip aýtmak bilen, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Saz äheňlerini suw çüwdürimleriniň öwüşgünli yşyklandyrylmagy bilen utgaşdyryp, şähergurluşygynyň dikeldiş mümkinçiliklerini döretmekde şäher giňişliginde jemgyýetiň barha ösýän estetiki talaplaryny hasaba alyp, häzirki tehnologiýalary herekete girizmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Seýilgähler şäher abadançylygynyň örän möhüm düzüm birligi hökmünde birnäçe wezipäni, şol sanda ekologiýa we medeni meseleleri ilerletmek işlerini ýerine ýetirýär, şonuň üçin hem bu ýerde ähli zatlar adamlaryň amatly dynç almagyna, wagtyny gyzykly geçirmegine, töweregi gurşap alýan gözellikden lezzet almagyna gönükdirilmelidir.

Bagçylyk – seýilgäh bezeginiň gül bezeginiň usullaryny başarjaň peýdalanmak şäherimiziň özüne çekiji keşbini döretmegiň zerur şertidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu işiň paýtagtymyza hem-de tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk özgertmelerini nazara almak bilen ýokary derejede ösdürilmelidigini nygtady.

Şunuň ýaly ýaşyl zolaklar ulgamynyň giňeldilmegi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň hem-de bioköpdürlüligiň goralyp saklanylmagynyň we artdyrylmagynyň möhüm şertdidir. Sebäbi seýilgähler, baglar we alleýalar häzirkizaman şäherleşýän jemgyýetde tebigatyň hakyky adajyklary, köpsanly guşlaryň üýşýän ýerleri, şeýle hem daş ýerlerden getirilen ösümlik görnüşleriniň uýgunlaşýan ýerlerine öwrülýär. Umuman synlanyňda keýpiňi göterýän tebigy görnüşler adama dynç berýär, ýakymly duýgulary oýarýar we özüňi rahat duýmaga we dynç almaga ýardam berýär.

Adam hakdaky, oňyn şäher gurşawynyň hem-de häzirki zaman düzümleriniň, türkmenistanlylaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegi hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan şäher gurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu babatda durky täzelenen seýilgäh milli Liderimiziň bu meselelere yzygiderli üns berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Seýilgähde agaç nahallarynyň we bezeg gülleriniň göwnejaý ýerleşdirilmegi gezelenç etmek we daş-töweregi synlap lezzet almak üçin amatly şertleri üpjün edýär, şunda seýilgähiň gezim ýodajyklary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler -- ylgamak, bedenterbiýe maşklary bilen açyk howada meşgullanýanlar üçin örän özüne çekiji bolar, göni, tekiz ýodajyklar şeýle hem rolik enjamlarynda typýanlar üçin amatly bolar.

Hormatly Prezidentimiz seýilgäh boýunça gezelenjini tamamlap, täze seýilgäh toplumynyň hemmelere alleýalaryň ümsümliginde köňül rahatlygyny getirýän dynç alyş pursatlaryny bagyş etjekdigine ynam bildirip, “Oguz han” köşk toplumyna tarap ugrady.

* * *

Şu günüň özünde köpçülikleýin seýil etmek üçin açylan seýilgäh özüniň ilkinji myhmanlaryny garşylady hem-de şu pursatlardan başlap bu künjegiň çagalar we ulular üçin iň söýgüli mekana öwrüljekdigine şübhe ýokdur.

Durky täzelenen seýilgähe köpsanly aşgabatlylar öz maşgalalary, çagalary bilen gelip, ajaýyp görnüşlerden hem-de asmana okdurylýan dürli öwüşgünli suw çüwdürimlerden lezzet aldylar. Ýylyň we gije-gündiziň ähli pursatlarynda olar paýtagtymyzyň özboluşly merjenleri hökmünde, esasan-da, agşamlaryna olaryň asmana göterilýän çüwdürimleri älemgoşaryň ähli öwüşgünleri bilen täsin görnüşde şöhle saçýar...

Seilgäh boýunça köpçülikleýin gezelençler giç agşama çenli dowam etdi.