Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

view-icon 668
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

12-nji noýabrda saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň bolandygy bellenildi. Onuň barşynda iki ýurduň dostluk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ugruna ygrarlydygy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer, şol sanda bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamda türkmen-hytaý gatnaşyklary okgunly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, saparyň maksatnamasyna hormatly Prezidentimiziň HHR-iň iri ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýan ýurdumyzyň talyplary bilen duşuşygynyň hem girizilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we türkmen-hytaý gatnaşyklpary barada durup geçip, deňhukuklylyk, netijeli we uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtady. Milli Liderimiz türkmen we hytaý halklarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynyň asyrlaryň jümmüşinden, Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alýandygyny we häzirki taryhy döwürde bu gatnaşyklaryň mynasyp dowam etdirilýändigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz HHR-e bolan saparyň netijelerine kanagatlanma bildirdi we Türkmenistanyň mundan beýläk-de Hytaý bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 17-nji noýabrda geçiriljek 9-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Onuň gün tertibine ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine, ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň işewür we telekeçilik düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge degişli meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklary meselesine ünsi çekip, Russiýanyň hem ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, onuň bilen gatnaşyklaryň okgunly, netijeli we uzakmöhletleýin häsiýete eýedigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky gadymdan gelýän, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Milli Liderimiz şu kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine Hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu toparyň işi gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, hyzmatdaşlygyň meselelerini çözmäge has oňaýly çemeleşmeleri kemala getirmäge ýardam etmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň özal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de bank edaralary ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň göwnejaý derejede ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen netijeli çärleriň geçirilmelidigini, maliýe düzgün-tertibini berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ähli pudaklaryň ýokary depginlerini saklap galmak üçin ykdysady düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-28-nji noýabrda geçiriljek jemleýji çärelere, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky ХХХIII mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli türki döwletleriň sungat ussatlarynyň çykyşy bu ýerde gurlan 3 müň orunluk “Türkmeniň ak öýünde” geçiriler. Wise-premýer häzirki döwürde bu ýerde binanyň bezeg we gurnama işleriniň alnyp barylyşy barada wideo-slaýtlar arkaly hasabat berdi.

Geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana TÜRKSOÝ halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, doganlyk ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň gelmegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň türkmen halkynyň ruhy mirasynyň dünýä giňden wagyz edilmegini, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyny ugur edinýän Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstüni ýetiren halkara çäreleriniň ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurtlaryň medeniýet işgärleriniň döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere “Mary-2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen ýylyň jemleýji çäreleriniň we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýylygy mynasybetli türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli isripsiz ýygnap almak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda Balkan hem-de Mary welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işiniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, wise-premýer 28-29-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V sergi-ýarmarkasyny hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Şeýle hem noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berildi. Baýramçylyga gabatlanylyp geçiriljek çäreleriň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, sport ýaryşlary, milli oýunlar, sungat ussatlarynyň konsertleri hem-de at çapyşygy guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen tejribe alşylmagyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda her ýyl geçirilýän pagta önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasynyň hem-de oňa gabatlanylan halkara maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýy barada durup geçip, täze taryhy eýýamda bu ajaýyp baýramçylygyň türkmen ekerançylarynyň – hasyl ussatlarynyň egsilmez zehinini hem-de zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň sahylygyny alamatlandyrýandygyny, döwletimiziň oba zähmetkeşleri we tutuş obasenagat toplumyny ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada edýändiginiň subutnamasydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän ählihalk baýramçylygyna ýokary derejede talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ylym we tehnologiýalar ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, olary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym ulgamyny düýpli özgertmek işleriniň alnyp barylýandygyny, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň yzygiderli puggtalandyrylýandygyny belledi. Bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrmak, innowasion senagaty döretmek esasy ugur bolup durýar. “Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky” resminamanyň, hem-de degişli sanawuň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara ölçeglerine laýyklykda usulyýet hem-de amaly ylmy işi kämilleşdirmek üçin döredilýän şertleri nazara almak bilen, nano we himiýa tehnologiýalary, täze serişdeler, energetika ulgamynda ylmy-barlaglar, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika, maglumat-aragatnaşyk hem-de kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Bu resminama ýaşlary ylmy-tehnologik işe çekmäge, giň gözýetimli hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň geljegi, rowaçlygy hem-de gülläp ösüşi üçin ylmyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany dünýäniň ykdysady hem-de senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwrümek maksady bilen bu ulgamy hemmetaraplaýyn höweslendirmek we goldamak, ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmak boýunça möhüm çäreleriň görülýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ylmyň gazananlaryny önümçilige netijeli ornaşdyrmak maksady bilen, dürli ulgamlarda ylmy barlaglary üstünlikli geçirmek, milli ykdysadyýetimizi hem-de durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornuny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, bu giň möçberli işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky” Karara gol çekip, ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi hem-de bu resminamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew 17-19-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2015” sergisine hem-de Türkmennistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna we bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşine bagyşlanan 20-nji halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň 40-a golaý ýurdundan daşary ýurtlaryň 160-a golaý kompaniýalarynyň wekilleri, köp sanly hünärmenler gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Soňra paýtagtymyzyň Ankara köçesiniň ugrunda nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça bina edilen üç sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda merkeziniň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzyň nebtitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz serişdeleriniň täze ýataklaryny özleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegine, ýangyç-energşetika toplumynyň kärhanalarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, gazhimiýa önümçiliginiň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz munuň milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyny, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek nebitgaz sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň serişde we senagat kuwwatyny doly beýan etmäge, Türkmenistan bilen öňdebaryjy tehnologiýalary bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu forumyň, şeýle hem Ankara köçesiniň ugrunda ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň himiýa senagaty babatynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini 2016-nji ýylda möwsümleýin agrotehniki çäreleri ýokary hilde geçirmek üçin mineral dökünleriň ýeterlik mukdary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň strategiki ugurlarynyň biri bolan himiýa pudagynyň oba hojalygyny üstünlikli ösdürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Oba hojalygynyň ýokary hilli mineral dökünlderi bilen öz wagtynda doly möçberde üpjün edilmegi geljekki bol hasylyň girewidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mineral dökünleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça himiýa senagatynyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, olary çözmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmeginiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmekde ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň sazlaşykly işiniň ähmiýetini nygtap, häzirki döwürde bu pudaklara bildirilýän ýokary talaplary, şol sanda täze tehniukalaryň we tehnologiýalaryň rnetijeli peýdalanylmagynyň hasabyna üpüjün etmek zerurdyr diýip aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçirilýän işler, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde bellenilen meýilnama laýyklykda, Aşgabadyň ähli künjeklerinde bar bolan desgalaryň durkuny täzelemek hem-de energetika düzümleriniň desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygnyň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň ýokary ösüş depginlerini kanagatlanma bilen belläp, geljekde hem iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilini we ulanylmaga berilmeli möhletlerini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli senenamamyzyň esasy şanly wakalarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli guralmagy göz öňünde tutulýan dabaralaryň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkara ähmiýetli baýramçylyk çärelerine hemmetaraplaýyn örän jogapkärli taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belläp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge, daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin amatly şertleri döretmek boýunça çärelere aýratyn ünsi çekdi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrýan işleri, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Mejlisiň komitetlerinde adam hukuklaryny üpjün etmek, ykdysady meseleleri, kosmos pudagynyň, söwda ulgamynyň we jemgyýet hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ugurlarynyň işlerini kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny eýýäm şu aýyň dowamynda kabul etmek üçin işler alnyp barylýar, onuň çäklerinde “Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanylýar.

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky 11-nji maslahatyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi, onda geljek ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujeti, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunlar ara alyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, täze kanunçylyk namalary taýýarlanylanda türkmen jemgyýetiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ösüşiniň talaplarynyň nazarda tutulmagynyň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň ilerledilmegine ýardam berýän kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň deputatlar düzümi tarapyndan hemmetaraplaýyn oýlanyşykly taýýarlanylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmek maksady bilen kabul edilýän esasy maliýe resminamsynyň ilkinji nobatda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goýberilen maýa goýumlarynyň ýokary depginler bilen özleşdirlmegine, döwletimiziň durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlarynda halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin düýpli özgertmeleriň geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.