Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 858
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşyp, döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Maslahatda şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, sebitlerde dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna hem-de welaýatlaryň düzümleýin edaralarynyň gyş möwsümine zerur derejede taýýarlyk görnüşüne degişli meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň häzirki ýagdaýynyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, oba milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak, şol sanda maksatnamanyň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymy bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg edilýär, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça işler ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn wajypdygyny belläp, meýdanlarda geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen, galan pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak hem-de maldarlar üçin wajyp synag bolan gyş paslyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatda täze desgalaryň gurluşygynyň barşyna ünsi çekip, olary bina etmegiň möhletlerine we hiline degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew çagyryldy. Ol sebitiň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, soňky ýyllarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryny öňe ilerletmek boýunça welaýatda alnyp barylýn işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän işlere ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny geljekki ýylyň hasyly üçin taýýarlamaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýetişdirilýän ekinleriň görnüşlerini artdyrmak işinde topraga ideg etmegiň wajypdygyny belläp, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmegiň zerur wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsüminde mallary dok we ýyly gyşlatmak bilen baglanyşykly ähli meseleleri öz wagtynda çözmegi hemişe üns merkezinde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleri bilen gyzyklanyp, gurluşyklaryň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň barşy, güýzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde mallary dok we ýyly gyşlatmagy üpjün etmek hem-de welaýatda bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek babatda ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatdaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, sebitiň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda işleriň depginini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz häzirki wagtda pagtanyň doly ýygnalyp alynmagynyň hem-de güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp talapdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreleriň üstünde durup geçip, döwlet durmuşynyň bu möhüm ugruna mundan beýläk hem ilkinji derejeli üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz köpsanly gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň möhletiniň we hiliniň takyk ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew sebitiň çäklerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň depginini güýçlendirmek hem-de güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg etmek, şeýle hem ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda mallary ýyly we dok gyşlatmaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň çäklerinde welaýatda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin bolsa ähli degişli düzümleriň özara sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, häkime möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny hem-de welaýatyň senagat düzümini ösdürmegi hemişe gözegçilikle saklamaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pagtany soňky hanasyna çenli ýygnamak, güýzlük bugdaýa ideg işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny möwsümleýin çärelere taýýarlamak boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bina edilýän desgalaryň ählisiniň hemme ölçegler boýunça ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belläp, welaýatyň ýolbaşçysyndan olaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi talap etdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatda işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylýan işler, şol sanda meýdanda galan pagta hasylyny ýygnap almak, oba hojalyk meýdanlaryny we tehnikany täze möwsüme taýarlamak babatda görülýän çäreler, ýerlerde ýokary derejede geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Häkimiň hasabatynyň esasy bölegini Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy baradaky habar düzdi. Mundan başga-da, Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek jemleýji çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtap, bu ugurdaky işleriň gerim bilen ýyýbaňlandyrylmagynyň hemişe üns merkezinde durmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz oba hojalyk işlerini öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnap almak boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem degişli agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa degişli ideg işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de degişli oba hojalyk çäreleriniň üstünlikli we öz wagtynda alnyp barylmagynyň bugdaýyň geljekki bereketli bol hasylynyň girewi bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara medeni çäreleriniň uly ähmiýeti barada aýdyp, jemleýji çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegini üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi hem-de doganlyk ýurtlaryň medeniýet işgärleriniň döredijilikli özara gatnaşyklarynyň üstünlige beslenmegi üçin hemme şertleriň döredilmelidigini aýtdy.

Soňra iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda häzirki işleriň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şanly senelere gabatlanan çärelere taýýarlyk görlüşi, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň aýratynlyklary barada aýdyp, binalaryň içki we daşky bezelişiniň meselelerine ünsi çekdi hem-de olarda öndürijilikli işlemek we mynasyp dynç almak üçin hemme zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady. Ýurdumyzyň baş şäheri ähli görkezijiler boýunça nusgalyk bolmalydyr hem-de durmuş ulgamy ähli zerurlyklar bilen üpjün edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürelişi, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Aşgabatda geçiriljek dabaralaryň hem-de halkara çäreleriniň ählisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna mynasyp derejede goşulan paýtagtymyzyň myhmanlarynda ajaýyp duýgulary döretmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da depginli ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.