Ï Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi

view-icon 841
Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 9-njy mejlisi boldy. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň hökümet Başlygynyň orunbasary Sergeý Prihodkonyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna geldi.

Nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibi söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, suw hojalygy we obasenagat toplumy, syýahatçylyk hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegine degişli bolan meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, yzygiderli häsiýete eýe bolan, däbe öwrülen bilim, ylym, medenýet ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bilen pikir alşyldy.

Mejlisiň çäklerinde taraplar ozalky duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen işlere oňyn baha berdiler hem-de iki ýurduň gadymdan gelýän dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna we özara düşünişmäge esaslanýan, bu ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdirmäge özara gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, özara ynanyşmak, hem-de iki ýurduň Liderleriniň anyk netijelere gönükdirilen hökümetara hyzmatdaşlygynyň, esasy meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalara öwrülýän, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ýoluny dowam etmäge bolan berk isleglerine aýdyň güwä geçýär.

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary ýolbaşçylygynyň bir-birege ýokary derejede ynanmagy we hormat goýmagy netijeli döwletara gatnaşyklary üçin maksatnamalary we çemeleşmeleri işläp düzmäge hyzmat edýär. Bu gün ýurtlarymyz geçen ýyllarda gazanylan netijeleri we döwlet ösüşinde öňde duran birinji derejeli wezipeleri nazara almak bilen, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasyda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze usullaryny kesgitlemäge has oýlanyşykly çemeleşmelidigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde belleýşi ýaly, Russiýa ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Onuň bilen özara gatnaşyklar yzygiderli, netijeli hem-de uzakmöhletleýin häsiýete eýedir.

Türkmenistan Russiýa bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlara degişli etdi. Hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk şöhratly däplerine eýerip, bu gün iki ýurt milli bähbitlere we durmuş-ykdysady ösüşiň artykmaçlyklaryna esaslanan özara hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny ýola goýýarlar.

Toparyň agzalary bilelikdäki iň möhüm taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ynanyşmak, deňlik we özara gyzyklanmalary has doly göz öňünde tutmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan, ägirt uly kuwwata we mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri bellediler.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda yzygiderli üsti doldurylýan, öz içine halkara resminamalaryň agramly bölegini alýan mäkäm hukuk binýady netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň hemmesi bada-bat durmuşa geçirilýär. Muňa mysal hökmünde iki ýurduň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň ýola goýlandygyny, türkmen talyplarynyň Russiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny, iki doganlyk halklaryň arasynda taryhy-medeni gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini, birnäçe iri rus kompaniýalarynyň senagat we durmuş ähmiýetli möhüm desgalaryň gurluşygyny alyp barmak bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýändigini, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam edýän bilelikdäki kärhanalaryň döredilýänligini görkezmek bolar.

Üçinji müňýyllygyň başy, özara eksport-import amallarynda haryt görnüşleriniň diwersifikasiýasy boýunça anyk işleri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary depginde yzygiderli ösmegi bilen bellenildi. Umumydünýä ykdysady çökgünligiň saklanýandygyna garamazdan, döwletara hyzmatdaşlygyň bu häsiýetli aýratynlygy türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyň görkezýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygynda-eksportda we importda Russiýa öňdebaryjy orny ynamly eýeleýär. Bu babatda Russiýanyň ýurdumyzda öndürilýän, dünýäniň iň oňat önümleri bilen bäsleşýän oba hojalyk harytlaryny, dokma we himiýa senagatynyň önümlerini, gurluşyk serişdelerini hem-de beýleki önümleri satyn almaga gyzyklanmasynyň artýandygy bellärlikdir. Aşgabatda we Moskwada açylan bilelikdäki söwda öýleri, merkezi sergi toplumlarynyň abraýly meýdançalarynda ýerleşdirilýän iki ýurduň harytlarynyň sergi-ýarmarkalary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksadyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri-de nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly gorlaryny özünde jemleýän dünýäniň energetika döwletleri bolan iki ýurt üçin hem strategiki ähmiýetli ýangyç-energetika toplumy boýunça hyzmatdaşlykdyr. Russiýanyň kompaniýalary ösüş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň birnäçesini özünde jemleýän, ilkinji nobatda bolsa, nebitgaz serişdelerini çykarmagyň möçberini artdyrmagy we ony dünýä bazaryna çykarmagy, gaýtadan işleýän senagatyň, şol sanda nebit-himiýa önümçiliginiň, kuwwatyny artdyrmagy göz öňünde tutýan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa ilkinjileriň hatarynda energetika howpsyzlygynyň halkara ulgamyny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny goldap, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjin etmekde onuň hyzmaty” hakynda kararnamasyna awtordaş bolup çykyş etdi. Bu gün Russiýa Federasiýasy türkmen tarapynyň adamzadyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen beýleki köpsanly möhüm başlangyçlarynyň hem işjeň tarapdarydyr. Häzir ýurtlaryň ikisi hem dünýä bileleşigi bilen bilelikde, döwrüň wehimlerine garşy durmak işinde tagallalary birleşdirip, halkara terrorçylygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygy giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenstan hem-de Russiýa Merkezi Aziýada we Hazar deňzi zolagynda howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň köptaraplaýyn usullaryny döretmegiň zerurdygy hakynda bir pikire eýerýär.

Türkmenstanda ýaýbaňlandyylan, ozaly bilen, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, täze düşewüntli pudaklary döretmäge, ýokary hilli we eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen özgertmeler özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Syýahatçylyk özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup, şertleriň ençemesi, şol sanda bildirilýän uly gyzyklanma, Türkmenistanyň çäginde täsin tebigy hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleriň bolmagy, täze, çalt meşhurlyga eýe bolýan halkara ähmiýetli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň peýda bolmagy şol ulgamyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň möhüm ykdysady hem-de durmuş ähmiýetli taslamalaryň biridigini bellemek gerek. Bu taslamany amala aşyrmaga dünýä belli daşary ýurt şereketleri we kompaniýalary bilen bir hatarda, russiýaly hyzmatdaşlar hem işjeň gatnaşýar.

Türkmenstanda yzygiderli geçirilýän döredijilik festiwallary, kitap sergileri, rus kinosynyň günleri, konsertler hem-de beýleki medeni- köpçülikleýin çäreler dostlugyň we özara düşünişmegiň özboluşly köprüsine öwrüldi. Russiýa Federasiýasynda hem Türkmenistanyň şanly senelerine, şol sanda şu ýyl bellenilýän hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dürli döredijilik duşuşyklary, sergiler hem-de maslahatlar guralýar. Iki ýurduň däbe öwrülen Medeniýet günleri hem medeni alyşmalary çaltlandyrmaga hyzmat edýär. Olar türkmen we rus halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmen döwletiniň rus dili babatynda ýöredýän syýasaty iki halkyň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Rus dili Türkmenistanyň orta bilim berýän mekdeplerinde okadylýan esasy dilleriň biridir.

Mahlasy, köp ýyllaryň dowamynda geçirilen bilelikdäki işlerde toplanan üstünlikli tejribe taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtmaga mümkinçilik berýär. Russiýanyň aýry-aýry sebitleri, iri senagat we medeni merkezleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen gatnaşyklary muňa mysal getirmek bolar. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň kuwwatyny has doly amala aşyrmak babatda bilelikdäki tagallalaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýär.

Myhmanlar daşary ýurtly telekeçiler üçin amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda öz işewürleriniň eýeleýän orunlaryny giňeltmäge bolan uly gyzyklanmalaryny mälim edip, rus işewürleriniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ägirt uly taslamalaryna işjeň gatnaşmaga we türkmen hyzmatdaşlary bilen öňdebaryjy tejribäni hem-de täze tehnologiki işläp düzmeleri paýlaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenstanyň ykdysady taýdan ösmegi, salgyt ulgamynyň özgerdilmegi, ýurdumyzyň döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi rus işewürleriniň we maýadarlarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Häzir ýrdumyzda iri, dünýä belli rus kompaniýalarynyň onlarçasy, şol sanda “KamAZ”, “Itera”, “Silowye maşiny” we beýlekiler üstünlikli işleýär. Howa ýollaryň türkmen bazaryny dürli ugurlarda yzygiderli gatnawlary amala aşyrýan S-7 (“Sibir”) rus awiakompaniýasy üstünlikli özleşdirýär.

Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri ylmy-innowasion we işewürler maslahatlarynyň çäklerinde işewür gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň örän wajypdygyny nygtap, şu mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň hem-de olaryň taryhy, medeni we ruhy esaslary bilen bagly dostlukly halklarynyň bähbidi üçin netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň netileri boýunça teswirnama gol çekildi.