Ï Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 986
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2015” atly 20-nji halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizi şanly sene – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkyna abadançylyk we ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň belleýşi ýaly, “ARETI” kompaniýasy okgunly ösýän, döredijilikli içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýar.

Türkmenistan ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegi ugur edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalar amala aşyrylanda häzirki zaman tehnologiýalaryny, iň täze ylmy-tehniki gazanylanlary önümçilige ornaşdyrmakda öňdebaryjy dünýä tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Özara ynama we iki tarapyň hem bähbitleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň baryynda holdingiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi. I.Makarow “ARETI” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, birnäçe teklipleri beýan etdi.

“ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çynlakaý hem jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.