Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 905
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda bäş ýyldyzly täze “Arçabil” myhmanhanasy, şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdy.

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, hormatly ýaşulularyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen kaşaň myhmanhana toplumynyň dabaraly ulanmaga berilmegi ýakynlaşyp gelýän şöhratly senä gabatlandy. Bu desgada işleriň ählisini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze jaý” kärhanasy amala aşyrdy.

Täze myhmanhana paýtagtymyzyň günorta böleginde Arçabil şaýolunda ýerleşendir. Bu ýerde soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň okgunly özgerýän binagärlik keşbine sazlaşykly goşulan durli ähmiýetli köpsanly ajaýyp desgalar peýda boldy. Mundan beýläk täze bina ýurdumyzda döredilýän myhmanhanalaryň döwrebap düzüminiň üstüni ýetirer. Şunda ýokary halkara hil ölçegleri esasy çelgi bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döredijilikli içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginiň Bitarap Türkmenistana, onuň durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan üstünliklerine, türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirdi. Bu gün Aşgabat sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi diýlip ykrar edildi hem-de iri wekilçilikli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär, bu bolsa türkmen paýtagtyna gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçabil” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz binanyň içine girip, myhmanhana toplumynyň gurluşy bilen tanyşdy, bu ýerda amala aşyrylan işleriň hiline, myhmanlary kabul etmek üçin döredilen şertlere we hödürlenýän hyzmatlaryň derejesine aýratyn üns berdi.

On alty gatly “Arçabil” myhmanhanasy ýokary halkara ölçeglerine hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän ähli degişli talaplara laýyk gelýär. Onuň otaglarynda häzirkizamanyň we milli bezegleriň aýratynlyklary sazlaşykly utgaşýar.

Toplumda otaglaryň 148-si ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda 22 sany standart klassyk görnüşli iki adamlyk otaglar, 47 sany standart klassyk görnüşli bir adamlyk otaglar, 14 sany standart modern görnüşli iki adamlyk otaglar, 30 sany standart modern görnüşli bir adamlyk otaglar, 33 sany lýuks görnüşli otaglar hem-de 2 sany VIP görnüşli otaglar bar.

Bu ýerde myhmanlara 350 orunlyk banket zaly, restoranlar, şol sanda 16-njy gatda panoramaly restoran, lobbi-bar, sagaldyş kadalarynyň toplumyny hödürleýän howuzly, saunaly, hammamly, owkalama otaglary, duzly otagy, ýokumly maddalar bary hem-de fitnes zalynyň enjamlary bilen üpjün edilen, açyk howuzly SPA-salon hyzmat edýär. Şeýle hem bu ýerde awtoýuwalgasy bolan 120 orunlyk üsti ýapyk awtoduralga guruldy.

Halkara forumlaryny geçirmek üçin täze öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mejlisler zaly bar. Onuň ýanynda çärelere gatnaşyjylara hyzmat etmek üçin restoran göz öňünde tutuldy. Toplumyň üçinji gatynda kiçi maslahat zaly, internet-kafesi we beýleki otaglary bolan işewürler merkezi ýerleşýär.

Mundan başga-da, “Arçabil” myhmanhanasynda sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi: fitnes zaldan başga-da bu ýerde, myhmanhananyň çäginde ýerleşen sport meýdançalary, şol sanda tennis, wolýebol, basketbol, we kiçi futbol meýdançalary guruldy.

Binanyň birinji gatynda myhmanlary kabul ediş we hasaba alyş bölümi ýerleşip, olar bu ýere özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip bilerler, ikinji gatda dolandyryş toplumy, edara we iş otaglary, metbugat merkezi we beýleki degişli otlaglar göz öňünde tutuldy.

Myhmanhananyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürendi. Merkezi girelgä alyp barýan basgançaklaryň her tarapynda kümüş suwly çüwdürimler asmana atylýar.

Hormatly Prezidentimiz täze myhmanhana toplumy bilen tanyşlygynyň barşynda myhmanlary kabul edýän hem-de hasaba alýan bölümiň işgärleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň işiniň aýratynlyklary, zähmet haklary hem-de myhmanlara ýokary hilli hyzmat etmek üçin şertler bilen gyzyklandy.

Myhmanhananyň hünärmenleri täze ajaýyp myhmanhana toplumynda üstünlikli işlemäge döredilen hemme şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra milli Liderimiz 240-dan gowrak adamy kabul edip bilýän myhmanhananyň maslahatlar zalyna bardy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde oturdylan enjamlar hem-de onuň tehniki mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Maslahat zalynda dürli häsiýetli çäreleri geçirmek üçin hemme zerur şertler bar.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhana toplumy bilen tanyşlygyny dowam edip, lobbi-bary gözden geçirip, bu ýere gelýänlere hödürlenýän miweli suwlaryň görnüşleri, ýeňil garbanmak üçin önümler we şirin nygmatlar barada sorady hem-de onuň bezelişiniň özüne çekijiligini emele getirýän aýratynlyklaryň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz myhmanhananyň restoranlaryny hem-de dabaralar zallaryny gözden geçirip, bu ýere gelýänlere hyzmat etmegiň ýokary medeniýetini üpjün etmegiň, adamlaryň göwnejaý dynç almagy we wagtyny gowy geçirmegi üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini belläp, dürli tagamly naharlary öz içine alýan restoranyň tagamnamasy bilen gyzyklandy. Şunda döwlet Baştutanymyz milli tagamlara üns berdi, sebäbi, olar türkmen halkynyň baý taryhy, medeniýeti we durmuşy bilen gös-göni baglydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, milli däpler boýunça taýýarlanan naharlar restoranyň naharlarynyň sanawyna aýratyn öwüşgin berer hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň göwnünden turar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem myhmanhananyň 15-nji gatynda ýerleşen otaglary gözden geçirdi. Milli Liderimiz olaryň gurluşyna we bezelişine aýratyn üns berdi hem-de myhmanhana düzüminiň desgalary meýilleşdirilende we olaryň içki bezeglerinde, bezeg serişdelerinden we reňk öwüşginlerinden başlap, mebelleriň ýerleşdirilişine, degişli enjamlar bilen enjamlaşdyrylyşyna we beýlekilere çenli her bir ownuk zady göz öňünde tutmalydyr diýip belledi. Bu ýerde döredijilikli çemeleşmek zerurdyr, şonda myhmanlar üçin ýokary hil, gözellik hem-de mümkin bolan hemme amatlyklaryň döredilmegi esasy alamatlar bolmalydyr.

Myhmanhananyň ýaşaýyş otaglary hem-de dürli ähmiýetli beýleki otaglary bezelende milli bezeg serişdeleriniň, şol sanda däp bolan türkmen göllerini giňden ulanmak bilen mylaýym, ýagty öwüşgünleriň ornaşdyrylandygy bellärliklidir. Daşky örtüklerde mermer hem-de beýleki döwrebap serişdeler peýdalanylypdyr. Myhmanhana toplumynyň içki bezeginiň umumy görnüşiniň üstüni ajaýyp çyralar hem-de ýagtylandyryjylar, dürli görnüşli bezeg serişdeleri ýetirýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz 16-njy gata çykdy. Şol ýerden ak mermerli paýtagtymyzyň hem-de Köpetdagyň ajaýyp tebigat gözellikleriniň keşbi açylýar. Şu ýerde milli Liderimiz myhmanlaryň diňe bir dynç almagy üçin däl, eýsem, okgunly özgerýän Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň gözelliklerini synlap bilmekleri üçin oňaýly ýagdaýy we ýokary derejeli hyzmaty nazara alyp, olara has amatly şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz täze myhmanhana toplumyny synlap, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy we bagy-bossanlyga bürelişi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem myhmanhananyň dükanyna baryp gördi. Onda alyjylara ýurdumyzyň telekeçileriniň taýýarlan sowgatlyk önümleriniň köp görnüşleri, şol sanda Aziada-2017-ä bagyşlanylan sowgatlyk önümleri hödürlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda myhmanhana işini has-da ösdürmek meselesini gozgap, bu ulgamda döwrebap menejmenti hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary durmuşa işjeň ornaşdyrmagyň, hünärmenleri hem-de hyzmat ediji işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bir söz bilen aýdylanda, myhmanlarymyzyň ählisine halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatyň hem-de oňaýlylygyň ýokary derejesi we elbetde, türkmen halkynyň asyrlardan bäri şöhratlanýan iň oňat däplerdäki göwünaçyk myhmansöýüjiligi kepillendirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz “Arçabil” myhmanhanasy bilen tanyşlygyny tamamlap, onuň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi hem-de ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna hem şu gün paýtagtymyzyň täze myhmanhanasyna baryp görmek mümkinçiliginiň döredilendigi bellärliklidir. Täze bina bilen tanşan ilçiler bu ýerde myhmanlary kabul etmek üçin döredilen ajaýyp şertlere ýokary baha berdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta böleginde bina edilen hem-de şu ýylyň maý aýynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady.

Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaga we geçirmäge taýýarlyk görlüşine, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge degişli taslamalar hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, geçirilen işler barada degişli guramaçylyk toparynyň agzalary hormatly Prezidentimize hasabat berdiler. Olar öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görülýän çäreler hakynda aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen ünsli tanşyp, soňky wagtda Aşgabadyň iri halkara maslahatlaryny ýygy-ýygydan kabul edýändigini, paýtagtymyza gelýän daşary ýurt wekiliýetleriniň hem-de dünýäniň dürli döwletlerinden syýahatçylaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, indiki aýda Aşgabatda uly dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan ýokary derejeli halkara maslahaty geçiriler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz öňde boljak baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan sowgatlyk önümleriniň nusgalaryny synlady. Şunda milli Liderimiz biziň daşary ýurtly myhmanlarymyzy mynasyp kabul etmek üçin hemme şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Şol myhmanlar Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, “açyk gapylar” hem-de netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny alamatlandyrýan bu şanly senäniň baýram edilmegine Aşgabada gelerler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda degişli medeni maksatnama bilen utgaşykly işlenip taýýarlanan ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy baradaky meselä ünsi çekip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen Türkmenistana berlen Bitaraplyk derejesiniň sebitde parahatçylygy , howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň üstünlikli ösüşiniň wajyp alamaty bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan netijeli daşary syýasaty maksadalaýyk durmuşa geçirip, bu ugurda yzygiderli çäreleri görýär hem-de özüniň parahatçylyk hem-de döredijilik mümkinçiligini bütin adamzadyň bähbitlerine durmuşa geçirmäge ymtylýar. Munuň özi ýurdumyzyň barha artýan halkara abraýyny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şöhratly senäniň taryhy ähmiýetini aýratyn nygtap, köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşiniň hem-de olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, ähli degişli meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de öz wagtynda çözmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli ýolbaşçylaryň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şanly dabaralara taýýarlyk görmegi utgaşdyrmak boýunça döredilen guramaçylyk komitetiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi.

Maslahatyň barşynda bellenilitşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara esaslarda hem, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.

Döwrüň wezipelerine hem-de talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynyň edaralarynyň şanly sene gabatlanan çäreleri mynasyp şöhlelendirmek, baýramçylyk medeni maksatnamasyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýandygy habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda dabaralara, şeýle hem Türkmenistanyň gazananlaryny bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen medeni çärelere taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilýär.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly dabaralaryň hakykatdan-da ýatdan çykmaz ýaly derejede bolmagy üçin öňde boljak baýramçylygy mynasyp garşylamagy üpjün etmäge zerur çäreler görülýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dürli ähmiýetli desgalaryň dabaraly açylmagy meýilleşdirildi. Olar hem ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly wakalara öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňini dowam edip, baýramçylyk çäreleriniň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyksöýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň uly üstünliklerini alamatlandyrmalydygyny belledi.

Ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine mundan beýläk-de yzygiderli ygrarly bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugruny, täze taryhy eýýamda onuň üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmekde medeniýet we sungat işgärlerine hem möhüm ornuň berilýändigini belledi. Bu hem şöhratly senä gabatlanan köpçülikleýin medeni çärelerde öz beýanyny tapmalydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça paýtagtymyzda geçirilýän işleriň nusgalyk häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bazarlarda haryt bolçulygyny, şeýle hem Aşgabatda jemgyýetçilik hukuk düzgünini we arassaçylygy üpjün etmegiň, şäheri abadanlaşdyrmak, takyk ýol-ulag hereketini ýola goýmak boýunça degişli çäreleri kabul etmegiň zerurdygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, degişli ýolbaşçylara baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen dürli çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap hem-de oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şanly dabaralaryň esasy geçiriljek ýerine öwrüljek paýtagtymyzyň Bitaraplyk binasyna ugrady. Bellenilişi ýaly, 12-nji dekabrda baýramçylyk çärelerine köpsanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşar. Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahaty şanly senä bagyşlanylar.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, paýtagtymyzyň şu künjegini abadanlaşdyrmak meselelerine, bu ýerde oturdylan bagy-bossanlyklara ideg etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu ugurda geçirilýän işleri hemişelik gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz häzir Aşgabadyň sebitiň we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilendigini belläp, türkmen paýtagtynda geçirilmegi bellenen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak hem-de onuň düzümlerini degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan şöhratly senäni — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny mynasyp baýram etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.