Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 1073
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Sergeý Prihodkony kabul etdi. Ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýanyň hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedewiň salamyny ýetirdi. Olar milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, Russiýada özygtyýarly Türkmenistan bilen dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet we beýleki möhüm ulgamlarda däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putiniň tabşyrmagy boýunça Russiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özi üçin islendik amatly wagtda Russiýa Federasiýasyna gelmek baradaky çakylygy ýene-de ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we iki goňşy halkyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän strategiki hyzmatdaşlygyň berk binýadynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Sergeý Prihodkony Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň russiýa tarapyndan başlyklygyna bellenilmegi mynasybetli gutlap, dostluk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de köpýyllyk üstünlikli gatnaşyklaryň çäklerini has-da giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde üstünlik arzuw etdi.

Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de Russiýanyň wise-premýeri netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ähli esasy ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamda, oba hojalygynda, himiýa we gaýtadan işleýän senagatda, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly kuwwatyň we mümkinçilikleriň bardygyny nygtalýar. Şeýle hem taraplaryň medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi.

Resmi statistikanyň maglumatlaryna laýyklykda, hut Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde häzirki wagtda Russiýada özbaşdak okap ýörenleri hasaba almanyňda-da, türkmen ýaşlarynyň 12 müňden gowragynyň bilim alýandygy bellenildi. Geljekde ýokary hünäre eýe bolan ýaşlarymyz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat ederler. Ýurtlaryň ikisinde-de dürli medeni çäreler, şol sanda Medeniýet günleri, kinofilmleriň görkezilişi, sergiler yzygiderli geçirilýär. Munuň özi halklaryň özara düşünişmegini hem-de birek-birege hormat goýmagyny has-da artdyrýar. A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebi hem-de rus edebiýatynyň şu ajaýyp nusgawy şahyrynyň adyny göterýän Döwlet rus drama teatry taryhy we ruhy umumylyk bilen baglaşan iki doganlyk halkyň dostlugynyň özboluşly nyşany bolup durýar.

Sport ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgamy ösdürmek iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ussat türgenleri taýýarlamak hem-de iri sport çärelerini, şol sanda 2014-nji ýylda Soçide guralan gyşky Olimpiadany geçirmek babatda tejribe alyşmagyň wajypdygy bellenildi. Munuň özi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşykda soňky ýyllarda strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň sebit derejesinde hem has işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan Tatarystan, Sankt-Peterburg, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Olar bilen gurluşyk tehnikasyny getirmek, deňiz gämilerini abatlamak, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň hökümetiniň Başlygynyň birinji orunbasary iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli guralýan dostluk gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Soňky ýyllarda badalga berlen köpsanly giň möçberli taslamalar şol hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesi boldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz rus tarapyna Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe süren başlangyçlaryny goldandygy we ilerledendigi hem-de dünýä ähmiýetli wajyp meseleleri çözmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekstremizme, terrorçylyga, guramaçylykly serhetýaka jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de tutuş adamzady ynjalyksyzlandyrýan häzirki döwrüň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy bilelikde göreşmek barada barýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň işi söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Bu topar iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň toplumyny çözmegiň netijeli we täsirli guraly bolup durýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda, täze taryhy tapgyrda özara gatnaşyklaryň baý tejribesi Türkmenistana hem-de Russiýa oňyn hyzmatdaşlygy özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guramaga mümkinçilik berýär.

Bilelikdäki toparyň rus tarapyna baştutanlyk edýän Sergeý Prihodko bu toparyň işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirip, şu Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylaryň ähli gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk halkyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine hyzmat etmegi üçin ähli tagallalary görjekdiklerine ynandyrdy. Biziň halklarymyz bolsa köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bize buýsanmaga zadymyz köpdür, ýöne, şunuň bilen birlikde, edilmeli işler hem az däldir. Hökümetara toparynyň öňünde täze giň möçberli wezipeler goýuldy. Gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagy hem-de iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň geriminiň yzygiderli giňeldilmegi üçin bu wezipeleriň üstünlikli çözulmegi babatda ähli tagallalary ederis diýip, myhman aýtdy.

Duşuşygyň ahyrnyda russiýaly wise-premýer öz ýurdunyň yolbaşçylarynyň adyndan we olaryň tabşyrmagy boýunça türkmen döwletiniň Baştutanyna uzakmöhletleýin geljek üçin guralýan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Russiýada özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklara açyk bolan iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň örän oňyn hem-de jogapkärli tapgyryny hut Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşdyrýarlar.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz dostlukly ýurduň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna öňümizdäki aýda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara, hususan-da, bu şanly senä gabatlanyp geçiriljek ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Bu maslahata dünýäniň onlarça ýurdunyň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşar.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.