Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ankara köçesiniň ugrunda bina edilen täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze binalar 12 gatly üç sany ýaşaýyş jaýyny, sport hem-de söwda merkezlerini we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin binany öz içine alýar. Täze binalar toplumy döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Visor Muhendislik Inşaat Turizim Gida ve Mehanik Elektrik Taah. Tic Şti” türk kompaniýasy tarapyndan guruldy.
Durmuş maksatly desgalary we degişli düzümleri hem öz içine alýan ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň barha owadan keşbe girýän ak mermerli türkmen paýtagtynyň – ata Watanymyzyň ýüreginiň dünýäniň gözel şäherleriniň biri hökmünde kemala gelmeginde möhüm ähmiýeti bardyr, paýtagtymyz täze taryhy eýýamyň döredijilikli ösüşiniň belentliklerini alamatlandyrýar.
Aşgabat häzirki ajaýyp döwrüň we Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň nurana geljeginiň aýdyň nyşanydyr. Seýilgähleriň we seýilbaglaryň bagy- bossanlygyna bürenen, köşkleriň altynsow gümmezleri hem-de köpsanly suw çüwdürimleri bilen ýalkym saçýan, özboluşly döwrebap binagärlik görnüşinde gurlan hem-de Ginnessiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen belent binalaryň we desgalaryň toplumlary bilen haýran edýän Aşgabat buýsanjymyzdyr we şöhratymyzdyr. Baş şäherimiziň “ak” diýlip atlandyrylmagy diňe bir ak mermere örtülen binalary däl-de, eýsem, “aşyklar şäheriniň” ägirt uly ruhy dünýäsini hem aňladýar.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň baş meýilnamasy tutuş bir täze şäheri gurmagyň möçberine deňdir. Her ýyl paýtagtymyzda köpsanly desgalar, tutuş etraplar we köçeler açylýar. Muňa Medeniýet, Ykdysadyýet, Saglygy goraýyş ulgamlarynyň şäherjikleriniň binalar toplumlaryny we şäher düzümini kemala getirýän beýleki desgalar toplumlaryny mysal getirmek bolar. Mundan bir hepde gowrak ozal Aşgabadyň binalarynyň üsti türkmen paýtagtyny ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Oguzhan köçesiniň ugrunda bina edilen tutuş toplum bilen ýetirildi.
Şäherimiziň köpsanly myhmanlary, aşgabatlylaryň özleri hem köçeleriň we meýdançalaryň şeýle ýokary depginde özgerip, täze keşbe girýändigine haýran galýarlar.
Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hem-de başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we döwletimiziň durmuş syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady adamlaryň täze, ýokary durmuş derejesini, ýaşamagy we işlemegi üçin amatly şäher gurşawyny döretmekden ybaratdyr. Baş şäherimizi ösdürmegiň her bir täze nobatdaky taslamasy işlenip düzülende, ýaşaýyş toplumlarynyň diňe bir ýerleşýän ýeri, ýeliň öwüsýän ugurlary we beýlekiler göz öňünde tutulman, eýsem, köpasyrlyk döwrüň dowamynda kemala gelen durmuş maksatly desgalary gurmagyň milli ýörelgeleri hem nazara alynýar. Ýaşaýyş meýdany giň we goşmaça durmuş maksatly binalary bolan öýleri häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly gurmak asylly däbe öwrüldi. Ýaşaýyş öýlerindäki aşhanalar, naharhanalar we beýleki kömekçi otaglar iň ýokary ölçeglere laýyk gelýär.
Muňa Ankara köçesiniň ugrunda peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumy hem mysal bolup biler. Ak mermere örtülen binalar paýtagtymyzyň bu böleginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatyň üstünliginiň subutnamasydyr.
Bu ýerde bina edilen 12 gatly 72 öýli üç sany ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany 72150 inedördül metre barabardyr. Olaryň her birinde üç, dört we bäş otagly, giň hem-de otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýler göz öňünde tutuldy, olarda ýaşaýjylaryň amatly, abadan we many-mazmuna baý durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Olarda ýerasty awtoduralgalar hem bar. Belent jaýlaryň töweregi abadanlaşdyryldy we gök zolaklar bilen örtüldi.
Ýaşaýyş toplumynyň golaýynda meýdany 1264,9 inedördül metre deň bolan söwda merkezi ýerleşýär. Iki gatly binanyň birinji gatynda gündelik zerur bolan azyk önümleriniň we mebelleriň dürli görnüşlerini hödürleýän dükanlaryň ikisi ikinji gatynda çagalar we halkyň sarp edýän harytlary satylýan dükanlar bar.
Ýaşaýjylaryň boş wagtyny peýdaly geçirmegi we sport bilen meşgullanmagy üçin medeni hem-de sport desgalary göz öňünde tutuldy.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça bina edilen täze desgalaryň Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda hem-de türkmen paýtagtynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2015” atly 20 halkara maslahatynyň hem-de sergisiniň öz işini tamamlaýan güni açylmagynyň aýratyn manysy bardyr, bu maslahat we sergi milli ykdysadyýetimiziň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmäge ýardam berer. Ýakyn wagtlarda bolsa Türkmenistan –Owganystan –Pakistan- Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek göz öňünde tutulýar, bu taslama oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdiriler. “Gündogar –Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi hem dünýäniň energetika howpsuzlygyna uly goşant goşýan Türkmenistanyň syýasy we ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly ýardam berer.
Täze desgalaryň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ýygnanan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurt işewürleri, köpsanly aşgabatlylar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda Ankara köçesiniň ugrunda saklanýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşylaýarlar.
Gadymdan gelýän asylly ýörelgelere laýyklykda, täze binalaryň açylmagy ýurdumyzda giňden we baýramçylyk görnüşinde bellenilýär. Bu gün hem dürli öwüşgünlere beslenen täze binalaryň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar ýaňlanýar.
Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki meýdançada myhmanlary nebitgaz toplumynyň aýdym-saz topary ajaýyp öwüşginli çykyşlary bilen garşylaýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär. Milli Liderimize ajaýyp güýz gülleriniň çemeni gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Öýleriň ählisi döwrebap durmuş tehnikalary bilen enjamlaşdyryldy, aşhana we beýleki otag hem kämil enjamlar bilen üpjün edildi. Giň we ýagty otaglar ýaşaýjylaryň ygtyýaryndadyr. Jaýyň merkezleşdirilen ýylylyk we energiýa üpjünçilik ulgamy hem-de özbaşdak generatory bar. Şunuň netijesinde, öý ýylyň bütin dowamynda amatly howa ýagdaýy bilen üpjün edilýär. Şeýle jaýlaryň ählisinde bolşy ýaly, bu ýerde hem ýaşamak we dynç almak üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän amatlyklar göz öňünde tutuldy. Täze jaýa göçüp baranlaryň has oňaýly öýleriň 50 göterim bahasyna we karzy 30 ýylyň dowamynda üzmek şerti bilen alýandygyny, şeýle ýeňillikleriň bolsa dünýäde deňsiz-taýsyzdygyny bellemelidiris.
Soňra täze jaýyň birinji gatyndan öý alan Swiridowlaryň maşgalasynyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýar maşgalanyňkyda myhmançylykda boldy. Olar belent mertebeli myhmany bereketli saçagyň başynda garşyladylar.
Giň we amatly öý birnäçe nesillerden ybarat bolan maşgala üçin amatly ýaşamaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öý eýeleriniň iş şertleri, täze öýleriň abadanlaşdyrylyşy baradaky pikirleri bilen gyzyklanyp, öý üçin pul serişdelerini 30 ýylyň dowamynda we diňe 50 göterimini tölemek göz öňünde tutulan karzyň şertlerine olaryň nähili garaýandygyny sorady.
Maşgalabaşy Aleksandr Alekseýewiç “Türkmengazakdyryş” birleşiginde önümçilik –tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Onuň zähmet çekýän iş döwri 30 ýyla barabardyr. Swiridowlaryň maşgalasy ýurdumyzda dürli milletlerden bolan adamlaryň agzybir ýaşaýandyklarynyň we zähmet çekýändikleriniň köpsanly mysallarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwletidigini, öz tebigy baýlyklaryny tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişiljekdigini belledi.
Aleksandr Alekseýewiçiň maşgalasy Swetlana Nikolaýewna paýtagtymyzdaky mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin niýetlenen okuw-terbiýeçilik merkezinde işleýär. Bu ýerde saglyk ýagdaýy adaty mekdebe barmaga mümkinçilik bermeýän ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny bejertmegi we okamagy üçin ähli şertler döredildi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda mümkinçiligi çäkli çagalar üçin 420 orunlyk dikeldiş merkezli toplumlaryň döredilmegi durmuş maksatly taslamadyr. Ol döwletimiziň we hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasaty bilen baglanyşykly meselelere, türkmen halkynyň köpasyrlyk ruhy sütünlerine esaslanýan deň mümkinçilikli jemgyýetiň döredilmegine aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär.
Swiridowlaryň maşgalasynda iki uly çaga bar. Gyzy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hususy ulag kärhanalarynyň birinde işleýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginiň möhüm gurallary hökmünde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyna berýän goldawy netijesinde kiçi we orta işewürlik okgunly ösýär hem-de Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmaga saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz onuň geljekdäki maksady bilen gyzyklandy hem-de döwletimiziň ýaş nesli barada uly alada edýändigini aýdyp, oňa geljekde uly üstünlikler arzuw etdi.
Swiridowlaryň ogly türkmen bazarynda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň biri bolan “UZ-DAEWOO” kompaniýasynda zähmet çekýär. Türkmenistanyň daşary ýurt önüm öndürijileri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegi, dürli döwletleriň ýurdumyzda hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň ençemesinde wekilhanalarynyň açylmagy döwletara haryt dolanyşygynyň artýandygyna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelýändigini aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur çäreleriň görüljekdigini nygtady.
Toý saçagynyň başynda milli Liderimiz bilen söhbetdeşlikde öý eýeleri hormatly Prezidentimize türkmenistanlylara amatly karz ulgamy boýunça aňrybaş şertler döredilen ýaşaýyş öýlerini almaga döredýän mümkinçilikleri hem-de türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy we zähmet çekmegi babatda edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
“Men Aşgabatda doguldym we önüp-ösdüm. Biziň gözümiziň alnynda türkmen paýtagty tanalmaz derejede özgerdi. Ol indi dünýäniň iň owadan we adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Şu bagtly pursatdan peýdalanyp, şeýle beýik işleri amala aşyrýan hem-de hoşniýetli başlangyçlary öňe sürýän Ynsany terbiýeläp ýetişdirendigi üçin Siziň ene-ataňyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Men Türkmenistany ýürekden söýýärin, milli Liderimiz, Size buýsanýaryn!” diýip, Swiridowlaryň maşgalabaşysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip aýtdy. Olar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we Watanymyzyň hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz täze öýüň ýaşaýjylaryny gutlap, olara sowgatlar gowşurdy we täze jaýda bagtyýar durmuş, maşgala abadançylygyny, jan saglyk we rowaçlyklar arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Swiridowlaryň goňşularynyňka – Toýlyýewleriň maşgalasynyň täze öýüne hem baryp gördi.
Maşgalabaşy Hojamyrat Nuryýewiç “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň düýpli gurluşyk we maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy bolup işleýär. Ol öz işiniň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ileri tutulýan pudaklarynyň birini ösdürmek bilen gönüden-göni baglydygyna buýsanýar. Bu pudakda gazanylýan üstünlikler eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna hyzmat edýär. Onuň maşgalasy mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasynda işleýär. Bu ýerde Garaşsyz türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylara göwnejaý terbiýe bermek üçin ähli şertler döredildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde her ýyl multimediýa tehnologiýalary hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň täze binalary ulanylmaga berilýär.
Bu maşgalanyň uly ogly Hanmyradyň uçarmanlary we howa gämileriniň uçuşyna gözegçiligi amala aşyrýan hünärmenleri taýýarlaýan hünär mekdebinde alyp barýan işi hem örän jogapkärlidir. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi türkmen döwletiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda awiasiýada hem giň möçberli taslamalaryň başy başlandy. Ýurdumyzda täze döwrebap howa menzilleri, terminallar, inžener-tehniki maksatly desgalar gurulýar. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, aeronawigasiýanyň düzüminiň ösdürilmegine, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki howa gatnawlaryndan başga-da, dünýäniň ýurtlarynyň onlarça şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýarlar.
Toýlyýewleriň gyzy Aksona Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde fransuz dilini öwrenýär hem-de terjimeçi we dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýan Bitarap döwletimizde gerekli hünärmen bolmagy arzuw edýär.
Döwlet Baştutanymyz häzir mekdeplerde üç dili türkmen, rus we iňlis dillerini öwrenmegiň hökmanydygyny aýdyp, geljekde orta mekdepleriň okuw meýilnamasyna hytaý, ýapon we beýleki dilleri hem girizmek barada işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Toýlyýewleriň körpe perzendi hem geljekki hünär barada häzirden alada edýär. Ol paýtagtymyzyň mekdepleriniň birinde okaýar. Ýurdumyzyň beýleki umumybilim berýän edaralarynda bolşy ýaly, bu mekdepde hem okatmagyň öňdebaryjy usullary we okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, umuman, ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäde öňdebaryjylaryň hataryna çykarmaga ýardam edýän bilim tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Täze öýüň bagtyýar eýeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragyndaky parahatçylyk we abadançylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan beýik işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz öý eýelerini täze jaý toýy bilen gutlap, olara sowgat gowşurdy we maşgala abadançylygyny hem-de agzybirlik we bagt arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Sport merkezine baryp, bu ýerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Sport desgasynyň umumy meýdany 1155,8 inedördül metre deňdir. Onda bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin häzirki zaman enjamlar gurnalypdyr, iki sany çagalar we ulular üçin ýüzülýän suw howdany ýerleşýär. Sport merkeziniň ýanaşyk ýerinde çagalar üçin açyk suw howdany, tennis meýdançasy we woleýbol meýdançasy gurnaldy. Toplumyň ýaşaýjylary bu ýerde döredilen mümkinçiliklerden saglygyny berkitmek üçin peýdalanyp bilerler, sport bilen meşgullanmak durmuşy many-mazmunly edýär, adamy has ruhubelent keşbe getirýär, esasy zat bolsa şähdaçyklyk, gujur-gaýtar we keýpiçaglyk eçilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman sport merkezleri şäher düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýäni we sporty türkmenistanlylaryň gündelik durmuşyna ornaşdyrmagyň, sport we olimpiýa hereketini ösdürmegi höweslendirmegiň, ýaşlary bedenterbiýe bilen meşgullanmaga işjeň çekmegiň, zähmet endiklerini kemala getirmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň hem-de döredijiligiň esasyny düzýän gymmatlyklaryň ýol-ýörelge edinilmeginiň döwlet syýasatynyň ilkinji derejeli wezipesidigini birsyhly nygtaýar.
Döwrebap sport desgalarynyň gurulmagy, şol sanda ägirt uly Olimpiýa şäherjiginde döwrebap desgalaryň bina edilmegi 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli hem-de köpugurly işiň diňe bir bölegidir.
Bu şanly waka taýýarlyk görmek meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyz sport dünýäsinde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini giňden wagyz etmäge, onuň hataryna ýaşlary we çagalary has giňden çekmäge uly ähmiýet berýär.
Aşgabat – 2017 –munuň özi iň ýokary derejedäki halkara ýaryşlaryny kabul etmäge ukyply sport paýtagtydyr. Şu nukdaýnazardan, bu ulgamyň häzirki zaman düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de giňeldilmegine döwlet Baştutanymyz tarapyndan diňe bir ýokary netijeler sportuny ösdürmegiň binýady hökmünde däl, eýsem, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin şertleri döretmek hökmünde hem garalýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Medeni-dynç alyş merkezine baryp, dürli jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Umumy meýdany 1253,2 inedördül metre barabar bolan iki gatly bina dabaralary hem-de beýleki çäreleri, şol sanda maşgala dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenendir. Binanyň birinji gaty 292 orna, ikinji gaty bolsa 208 orna niýetlenendir.
Milli Liderimiz bu ýerde döredilen şertler bilen tanşyp, türkmen jemgyýetiniň medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de türkmenistanlylary döredijilik bilen meşgullanmaga, taryhy-medeni mirasy öwrenmäge hem-de wagyz etmäge höweslendirmek babatda ilatyň medeni dynç alşyny dogry guramagyň ähmiýetini nygtady.
Bu ýerde milli Liderimize Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan ýadygärlik sowgat gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary täze binalaryň ulanylmaga berilmegi bilen ýene-de bir ýola gutlady hem-de olara işde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.