19-20-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 17-nji maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Mongoliýanyň, ÝHHG-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleri boýunça edarasynyň we onuň sebitdäki wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma media syýasat babatda halkara bilermenleri çagyryldy. Duşuşygyň barşynda sanly tehnologiýalaryň ösmegi hem-da olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine täsiri bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň ösmegi bilen baglylykda maslahatyň baş meselesiniň möhümdigini bellediler. Kommunikasiýalaryň täze usullary maglumatlara elýeterliligiň has köp mümkinçiliklerini döredýär, bu bolsa olaryň erkin akymyna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpdürlüligine ýardam edýär.
Biziň wekiliýetimiziň agzalary ýygnananlary milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy iş ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyz, Bitarap döwlet hem-de halkara hukugynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, adamlaryň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegini, hukuklaryny we azatlyklaryny doly amala aşyrmak mümkinçiliklerini, her bir raýatyň zähmet hem-de döredijilik kuwwatyny ileri tutýan ugry amala aşyrýar.
Halkara hukuk namalaryna laýyklykda degişli ulgamy düzgünleşdirýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da döwrebaplaşdyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýar. Şunda degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini, döwrebap kompýuter hem-de habar beriş tehnologiýalaryny öwrenmäge we ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Raýat jemgyýetini ösdürmekde, milletiň medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, artdyrmakda we ýaýmakda, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak hem-de estetika taýdan terbiýelemekde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jebisleşdiriji we birleşdiriji ornunyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Pikirleriň we olary beýan etmegiň azatlygyny kepillendirýän düzgünler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda elektron serişdeleri babatda gatnaşyklar “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda”, “Internet ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda Internet hyzmatlaryny etmek” hakynda Kanunlar hem-de birnäçe kadalaşdyryjy-hukuk namalary bilen düzgünleşdiriýlär. Şunuň bilen bagylykda, türkmen wekiliýetiniň agzalary maslahata gatnaşyjylary tehniki innowasiýalary we täze kommunikasiýa maksatnamalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň esasy düzgünleri bilen tanyşdyrdylar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen maglumat alyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna uly üns berilýär. Munuň özi halkara düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm wakalaryny hemmetaraplaýyn şöhlelendirmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gurama bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda degişli ugurda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.
Forumyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň, habar beriş serişdeler ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.