Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda hepdäniň netijeleri seljerildi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, geçiriljek wajyp çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň 22-23-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasyna boljak resmi saparyna hem-de şu saparyň çäklerinde gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky iki döwleti we olaryň halklaryny baglanyşdyrýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler, türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda onuň esasyny dürli derejelerde gol çekilen resminamalaryň 206-sy düzýär. Türkmenistan hem-de Eýran abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary saklaýarlar, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürýärler.
Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ykdysady ulgamda, ulag-aragatnaşyk , elektroenergetika pudaklarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň topary giriziler. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
23-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar. Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyga Türkmen döwletiniň Baştutany hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň we milli Liderimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly , netijeli gatnaşyklary berkitmegiň we ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz netijeli döwletara türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýandygyny, dürli ugurlarda amala aşyrylýan iri bilelikdäki taslamalaryň munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şol gatnaşyklarda Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk taryhy, ruhy-medeni gatnaşyklar öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygy barada durup geçmek bilen, dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň gazy eksport ediji ýurtdugyny belledi. Strategiki ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýän ýurdumyz degişli ugurda BMG-niň doly goldawyna eýe bolan birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu meselede işjeň orny eýeleýän Türkmenistan giň gerimli düzümleýin energetika taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak taslamasynyň başyny başlady.
Bu taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge, möhüm durmuş-ykdysady meselelerini çözmäge ýardam eder, dünýäde energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadyny döretmäge hem-de ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmaga uly goşant bolar.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary umumylaşdyryp, Eýran Yslam Respublikasyna boljak resmi saparyň ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara sapara taýýarlyk görmek boýunça birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryna hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi.
Bu işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we edaralary, welaýat häkimlikleri bilen bilelikde pudaklarda gurluşyk-maýa goýum işlerine seljerme geçirildi. Habar berlişi ýaly, ady agzalan maksatnamalara laýyklykda häzirki güne çenli desgalaryň we binalaryň 452-siniň gurluşygy tamamlanyp, desgalaryň 370-siniň gurluşygy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk-maýa goýum işlerini tertipleşdirmek ykdysady maksada laýyklygy esaslandyrmaga daýanmalydyr hem-de maýa goýumlaryny has netijeli özleşdirmäge ýardam etmelidir diýip belledi. Milli Liderimiz ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryna baha bermegiň ölçeglerini kesgitlemegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere olary maliýeleşdirmegi we gurluşyk möhletleriniň tertibini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa 30-njy noýabr – 4-nji dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu çäräni geçirmek üçin dostlukly ýurda düzüminde medeniýet ulgamynyň işgärleri, sungat ussatlary, döredijilik toparlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri boljak wekiliýet ugradylar. Onuň çäklerinde Koni we Izmir şäherlerinde aýdym-sazly çykyşlar, amaly-haşam sungatynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, sahna oýnunyň görkezilişi guralar. Türkmenistanyň Medeniýet günleri türkmen we türk artistleriniň dostluk konserti bilen tamamlanar. Medeni maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Türkiýäniň şäherleriniň muzeýlerine we beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki halkyň öňden gelýän dostluk hem-de doganlyk däplerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň uly kuwwata eýedigini belledi. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bolsa medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz täze taryhy eýýamda ata Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde öňümizdäki forumyň ähmiýetine ünsi çekip, bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Häzir welaýatlaryň meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli zaýa etmän ýygnap almak boýunça zerur çäreler geçirilýär.
Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, bazarlary özümizde öndürilen bugdaý, un we beýleki azyk önümleri bilen doldurmak, şonuň bilen birlikde, bugdaýyň içerki sarp edijilerinden artýan bölegini daşarky bazarlara ýerlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi tarapyndan bugdaýyň ýurdumyzyň içerki isleginden artýan bölegini Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemegi göz öňünde tutýan Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek, dänäniň, pagtanyň we beýleki esasy ekinleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak babatda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek işlerine toplumlaýyn çemeleşmegiň we bu işde takyk hereket etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň dürli ugurlaryna döwrebap tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada görkezme berdi. Milli Liderimiz güýzlük bugdaýa ideg edilende agrotehniki çäreleri berjaý etmegiň möhümdigini belläp, bu işleriň geljek ýylda ak bugdaýyň bereketli hasylyny almak üçin zerur şert bolup durýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzyň birnäçe ýyl bäri daşary döwletlere türkmen daýhanlarynyň ösdürip ýetişdiren azyklyk bugdaýynyň we ondan taýýarlanan unuň artýan bölegini ýerlemek mümkinçiligine eýe bolandygyny belledi. Munuň özi içerki bazary özümizde öndürilýän çörek bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamany makullap we oňa gol çekip, wise-premýere ony ýerine ýetirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler barada hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň barşy hakynda hasabat berdi.
Häzir bu oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär, iri halkara ýaryşlaryny geçirmek boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär.
Şeýle hem wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Ýerine ýetiriji komitetiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde taýýarlan Aziadanyň şygarlary boýunça teklipler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Oýunlara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri çözmäge düýpli we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu işiň ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ählumumy abadançylygyň, dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, häzirki döwürde umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklaryny berkarar etmegiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde şunuň ýaly sport ýaryşlarynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn möhüm waka öwrüljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dünýäniň sport giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýyny artdyrmaga ýardam etjekdigini, halkara sport hereketini ösdürmekde Türkmenistanyň mynasyp goşandy boljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada 2017-niň şygarlary boýunça teklipler bilen tanşyp, “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” diýen şygarda oýunlaryň esasy maksady—Sagdyn durmuş ýörelgesine we sport bilen meşgullanmaga, dünýäniň döwletleriniň hem-de halklarynyň arasynda dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ruhy taýdan kämilleşdirmäge we berkitmäge bolan islegi höweslendirmek maksady öz beýanyny tapýar diýip nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy–2015» atly 20-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Pudaklaýyn foruma dünýäniň 36 ýurdundan wekiller, şol sanda nebitgaz we hyzmat edýän kompaniýalaryň 80-e golaýynyň, dürli döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, abraýly halkara guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda “Üýtgäp durýan global energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Hazar deňzi sebitiniň tutýan orny”, “Türkmenistanyň uglewodorod çig malynyň monetizasiýasy”, “Türkmenistanyň ileri tutulýan maýa goýum ulgamlary, nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de nebithimiýa senagatynda häzirki we geljekki mümkinçilikler” diýen wajyp mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmek energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmekde iri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek, nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamyna uglewodorod çig malynyň doly gaýtadan işlenilmegini hem-de ýokary hilli önümleriň köp görnüşleriniň çykarylmagyny üpjün edýän innowasion tehnologiýalary we döwrebap enjamlary ornaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň himiýa senagaty babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan gaýtadan işleýän pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, Magdanly şäherinde ýerleşýän «Türkmenmineral» önümçilik birleşiginiň binýadynda täze senagat önümçiliklerini döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Häzirki wagtda bu kärhananyň binýadynda önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligine başlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenmineral” önümçilik birleşiginiň gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine degişli bölümlerini, esasy serişdeleri, tehnikalary hem-de degişlilikde, çig mal ýataklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyna berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Milli Liderimiz himiýa senagatynyň we gurluşyk serişdeleri senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň hem-de milli maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýeriň beýan eden teklibini makullady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we edaralarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň Bereket stansiýasyndaky lokomotiw deposynyň ozal başlanan gurluşygyny tamamlamak we enjamlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ulag düzüminde demir ýol pudagyna aýratyn orun degişli bolup, ol däp bolşy ýaly, ýük daşamakda öňdäki orny eýeleýär, onuň hyzmatlaryndan her ýyl ýolagçylaryň millionlarçasy peýdalanýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzyň durmuşynyň ösüş depginleri köp babatda polat ýollarynyň netijeli we bökdençsiz işine bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bereket stansiýasy halkara ähmiýetli iri demir ýol merkezine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze demir ýol menziliniň hem-de degişli düzümiň häzirki zamanyň ölçeglerine laýyk gelmegi üçin zerur bolan ähli şertleri göz öňünde tutmak möhümdir. Milli Liderimiz “Bereket stansiýasynda lokomotiw deposynyň gurluşygyny tamamlamak hakyndaky” Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş ulgamyny, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik, aragatnaşyk hem-de energetika ulgamlaryny, jemagat hojalygy desgalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň meýdançalary, seýilgähleri hem-de seýilbaglary öz içine alýan binagärlik toplumynyň, şahsy aýratynlyklary hem-de gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanmalydygyny belledi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň gözelligini has-da artdyrmalydyr. Inžener-tehniki düzümiň desgalary Aşgabadyň umumy keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretmelidir.
Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilini hem-de depginini üpjün etmek we şunuň bilen baglylykda, iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary hem-de tehnikalary ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow möhüm işewürlik çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 25-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde türkmen-malaý işewürler maslahatynyň geçiriljekdigi habar berildi. Onuň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan düzülen wekiliýet gatnaşar.
Wise-premýer 26-njy noýabrda paýtagtymyzda German ykdysadyýetiniň gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Bu çärä gatnaşmak üçin GFR-den wekiliýetiň gelmegine garaşylýar. Onuň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, iri kompaniýalaryň onlarçasynyň wekilleri bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, halk hojalygynyň ileri tutulýan ulgamlaryna maýa goýumlaryny çekmek üçin meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz halkara forumlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berip, Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini, Ýewropa hem-de Aziýa ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mundan beýläk hem GFR we Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny hem-de hemmetaraplaýyn giňeltjekdigini nygtap, Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň gününiň hem-de Kuala-Lumpurdaky ikitaraplaýyn işewürler maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwlet gurluşynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, deputatlaryň öňde goýan wezipelerini çözmegiň çäklerinde görülýan çäreler barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 21-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatyna taýýarlyk görýändigi aýdyldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek boýunça işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen bagly Kanunyň taslamasynyň ileri tutulýan ugurlary ykdysady pudaklarda maýa goýumlaryny özleşdirmek, durmuş we beýleki ulgamlarda özgertmeleri üpjün etmek, raýatlarymyzyň durmuş kepilliklerini berkitmek, welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny belläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýat institutlarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de demokratik sütünleriň berkarar bolmagyna gönükdirilen işi işjeňleşdirmäge deputatlary çagyrdy.
Milli Liderimiz “Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” Kanunyň taslamasy barada durup geçip, bu esasy maliýe resminamasynyň döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmek maksady bilen kabul edilýändigini hem-de onuň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goýlan maýa serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegine, döwletimiziň durmuş we beýleki ulgamlarynda özgertmeleriň ilerledilmegine gönükdirilmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.