Şu gün paýtagtymyzyň “Mizan” işewirlik merkezinde işewürler maslahaty-Türkmenistanda Germaniýanyň ykdysadyýetiniň güni üstünlikli geçdi. Aşgabatda 5-nji gezek geçirilýän çäräniň guraýjylary bolup, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy hem-de Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy çykyş etdiler. Duşuşyga iki döwletiň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, bank edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Açylýan mümkinçilikler babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze gurallaryny işläp taýýarlamak hem-de iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek forumyň esasy meselesi boldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili duşuşygy açyp, dürli derejelerde özara bähbitli birnäçe üstünlikli gatnaşyklara eýe bolan däp bolan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, nobatdaky forum ähli ugurlar boýunça iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbitlerine biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Öz gezeginde GFR-niň ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň wekili jenap Frank Waýzig hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ösüşlere beslenen syýasatynyň dünýäniň işewür toparlary, şol sanda nemes işewür toparlary tarapyndan Türkmen döwletine bolan barha artýan gyzyklanmany şertlendirendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Germaniýa Türkmenistanyň BSG-a girmek boýunça Türkmenistanyň ymtylmasyny oňlaýar. Munuň özi biziň ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmen paýtagtynda her ýylda geçirilýän forum täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de ýola goýlan netijeli aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin ygtybarly meýdançada bolup hyzmat edýär diýip, jenap Frank Waýzig aýtdy. Myhman deňlik hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy GFR-niň has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, esasy nemes kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda bolmaklaryny giňeltmäge ymtylýandyklary barada aýtdy. Munuň özi Türkmen döwletiniň uly ykdysady we serişde kuwwaty hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ösüşlere beslenen uly özgertmeler bilen şertlenendirilendir.
Wekiliýetiň uly düzümi hem GFR-niň kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Onuň düzümine Ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň, Söwda we maýa goýumlar boýunça German jemgyýetiniň, Germaniýanyň oba hojalygynda taslamalary dolandyrmak jemgyýetiniň, Germaniýanyň akademiki alyş-çalyşlar gullugynyň, «Deutsche Bank AG», «Commerzbank AG», «International Trade Consult GmbH», «Anna Niederländer Handelsvertretung», «Cifal Groupe Deutschland GmbH», «Investment &Trading Services AG», «Hans Lingl Anlagenbau und Verfahrenstechnik GmbH& Co.KG», «Bray Armaturen Antriebe», «Edison Technologies KG», «Heidelberg Cement AG», «Krah GmbH», «Grespania SA, «Lebo GmbH», «Draeger AG&Co.KG», «Fresenius Medical Care», «Procter&Gamble» kompaniýalarynyň wekilleri we köpsanly beýlekiler girdi.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň çykyş eden wekilleri ileri tutulýan milli hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýurdumyzyň syýasy ýörelgesiniň baş we üýtgewsiz ugry bolup durýandygyny bellediler. Şu babatda hem Germaniýa Federatiw Respublikasy strategik hyzmatdaşlyk bolup çykyş edýär. Bu ýurt bilen Türkmen döwleti ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem, şol sanda Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen ýola goýlan netijeleri gatnaşyklaryň çäklerinde däp bolan hyzmatdyşlygy giňeltmäge meýillidir.
İkitaraplaýyn işewür gatnaşyklarynyň ýagdaýy barada aýdyp, çykyş edenler soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň görnetin artandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Häzirki günde milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirileniniň hem-de durmuşa geçirilmegiň tapgyrynda duranlarynyň sanynyň 160-dan gowrakdygy üstünlikli ösdürilýän türkmen-german aragatnaşyklarynyň mysaly hökmünde bellenildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäklerinde nemes maýasynyň gatnaşmagynda hojalyk edaralarynyň 60-dan gowragynyň bölümleri hem-de wekilhanalary işleýär.
Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerine Türkmenistan hakynda wideofilm görkezildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda dünýäniň şol sanda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary we öndürijileri bilen işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýan türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň strategik meýilnamalary hem-de ykdysadyýetiň gazananlary beýan edildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda iki dostlukly döwletiň milli ykdysadyýetleriniň ýagdaýyna hem-de häzirki zaman ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, geljegine syn berildi.
Türkmen hünärmenleri öz çykyşlarynda makroykdysady ýagdaýy jikme-jik häsiýetlendirdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan uly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary görkezijilerini gazanyp, maýa goýum işjeňligini artdyrmak hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde iri taslamalary işläp düzmek üçin pugta binýady döredýär. Bu gün ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi, daşary ýurt telekeçileriniň üstünlikli işlemegi üçin degişli şertler we ýeňillikler bar, senagatyň ähli pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagy güýçli depginler bilen alnyp barylýar, kiçi işewürlige we hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýär.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde energetika pudagynda, ulag we logistika düzümlerini ösdürmek ulgamynda, himiýa senagatynda hem-de ulag we maşyngurluşygynda, oba hojalyk pudagynda, gurluşykda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, saglygy goraýyş we derman senagatynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Ylym-bilim ulgamynda, hususan-da, iş dolandyryjy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak ugry boýunça özara hereket etmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Ýokary tehnologiýalar we elektrotehnika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri duşuşygyň aýratyn mowzugy boly. Şunuň bilen baglylykda, nemes kompaniýalarynyň wekilleri bu ulgamda bar bolan tejribelerini we gazananlaryny hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdylar.
Germaniýanyň maliýe ulgamynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan bölümçe mejlisiniň barşynda geljegi nazarlap hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan uly durmuş-ykdysady özgertmeler babatda iki döwletiň banklarynyň arasynda mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryna garaldy. Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän milli ykdysadyyeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategiýasynyň, bank-maliýe düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň netijeliligini belläp, nemes hünärmenleri ýurdy ösüşiň täze sepgitlerine çykarmaga gönükdirilen bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermäşe ymlylýandyklaryny nygtadylar.
Forumyň netijelerini jemläp, bu ýere ýygnananlar Germaniýanyň ykdysadyýet gününi geçirmekde goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan pikirine görä, myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen nobatdaky işewür duşuşygy Türkmenistan bilen Germaniýa Federatw Respublikasynyň arasynda netijeli özara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendir. Nygtalyşy ýaly, şunuň ýaly işewürlik forumlary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hakyky guraly bolup durýar, haryt dolanyşygynyň möçberleriniň köpelmegine hem-de durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlyk etmegiň açylýan mümkinçiliklerini nazarda tutup, mundan beýläk özara gatnaşyk etmegiň meýilnamalary anyklaşdyryldy.
“Mizan” işewürlik merkezinde bolan çäreleriň çäklerinde sergi gurulyp, onda ýurdumyzyň dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri görkezildi. Bu ýerde ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlary bolan nemes kompaniýalarynyň hem birnäçesiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.