Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýurdymyzyň ýolbaşçylaryna sylaglary gowşurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdymyzyň ýolbaşçylaryna sylaglary gowşurdy

view-icon 872
Şu gün Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahaty tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüniň “Şat” zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medalyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna döwlet sylagyny gowşurdy. Olar zähmete berlen şeýle ýokary baha hem-de bildirilýän çäksiz ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kesgitlän belent maksatlaryna ýetmek boýunça mundan beýläk-de sazlaşykly işläp, ähli bilimlerini we tejribelerini döwlet ösüşiniň uly möçberli maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirjekdigini ynandyrdylar.

Soňra Döwlet Baştutanymyzyň elinden harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly sylagy kabul etdiler. Olar bildirýän belent ynamy hem-de uly goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdymyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olar şeýle üns-aladany Watanymyzy goramak, ýurdymyzda kanunylygy hem-de hukuk düzgün-tertibini saklamak, milli howsuzlygy hem-de türkmen halkynyň parahat, döredüjilikli durmuşyny üpjin etmek boýunça özleriniň jogapkärli gulluklarynda hemişe duýýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça bellenilen meýilnmalary üstünlikli amal aşyrmak üçin amatly şertleri döretmekde harby gullukçylaryň goşýan uly goşandyny belläp, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli doktrinanyň ähli düzgünlerine birkemsiz eýerýändigini hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak we parahatçylygyň, asudalygyň, ata Watanmyzy has-da gülledip ösdürmegiň hem-de raýatlaryň abadançylygynyň ygtybarly özeni bolan goşunyň ýokary goranyş ukybyny saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirjekdigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri hem öz gezeginde milli Liderimizi Ýuşulular maslahatynda mynasyp bolan ýokary sylagy bilen mähirli gutladylar. Ýygnananlar bu şanly wakanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň—ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine döwrüň netijeli hem-de köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga dünýä täze çemeleşmeleri teklip edýän täze pikir-garaýyşly döwlet işgäriniň ajaýyp şahsy hyzmatlarynyň ýene-de bir ykrarnamasyna öwrülendigini nygtadylar.

20 ýyl mundan özal Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy türkmen halky üçin diňe bir aýratyn buýsanç bolman, eýsem, tutuş halkara jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli waka, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm ýagdaýyna öwrüldi. Häzir hemişelik Bitaraplyk derejesi döwletimize diňe bir Garaşsyzlygynyň esaslaryny saklamaga hem-de berkitmäge ýardam etmän, eýsem, köpugurly milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmak, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak üçin hemme şertleri döredýär.

Bu ýere ýygnananlar ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň, ajaýyp ynsanperwer başlangyçlaryň hakyky subutnamasyna öwrülen türkmen Bitaraplygynyň milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýjülik syýasatynyň möhümdigini hem-de döwrüň talabydygyny nygtap, uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny, dünýäniň has depginli ösýän döwletleriniň hataryna goşulandygyny bellediler. Şoňa görä-de, ýurdymyz bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän döwletleriň sany barha artýar. Muňa “açyk gapylar” syýasaty, soňky ýyllarda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary depginleri we elbetde, dünýäniň işewür toparlaryny özüne çekýän amatly maýa goýum ýagdaýy ýardam berýär.

Bu ýere ýygnananlar alnyp barylýan parahatçylyk söýjülikli daşary syýasat ýörelgesi hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we eşretli durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan durmuş ugurly içeri syýasaty üçin millionlarça watandaşlarymyzyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt hem-de halkara derejesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abraýynyň artmagyna ýardam edýän depginli döwlet ösüşiniň ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde üstünlikler arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, 20 ýyl mundan ozal özygtyýarly Türkmenistanyň saýlap alan taryhy ýolunyň döwleti hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek ýolunda uly üstünlikleriň gazanyljakdygyny köp babatda öňünden kesgitländigini nygtady. Döwlet ösüşiniň şu ýoly bu gün halkara jemgyýetçiligi üçin mynasyp nusga bolup hyzmat edip biler.

Döwlet Baştutanymyz ýörüte Kararnamanyň kabul edilmegi arkaly taryhda ilkinji gezek BMG-a agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan goldanylan hemişelik Bitaraplygymyzyň wagtyň geçmegi bilen diňe bir ägirt uly umumymilli buýsanç bolman, eýsem, tutuş adamzadyň gymmatlygyna öwrülendigini aýtdy. Şunda türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esas goýujy ugrunyň onuň Bitaraplyk syýasatynyň bütin dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine doly gabat gelýändigine aýratyn üns berildi. Bu syýasat üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna eýerýär. Şol maksatlaryň binýadynda tutuş dünýäde parahatçylygy, durmuş rowaçlygyny hem-de ykdysady gülläp ösüşi gazanmak durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy bähbitleriň hatyrasyna köptaraply hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan Türkmenistanyň saýlap alan ýoluna mundan beýläk-de yzygiderli eýerjekdigini aýdyp, egindeşlerine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde täze tünlikleri arzuw etdi.