Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 1323
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda öňde boljak baýramçylyklara, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz ilki bilen maslahata gatnaşyjylary we tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Goňşokara baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň sahawatynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, rysgal-berekediniň nyşany bolan bu senäniň milletimiziň ynsanperwer gatnaşyklarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaç alýandygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Iş maslahatynda wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, dekabr aýynda ýurdumyz we halkymyz üçin uly ähmiýeti bolan baýramçylyklaryň bellenilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk senesine we Täze ýyl baýramçylygyny guramaga örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň paýtagtynyň, şäherleriniň we obalarynyň baýramçylyk guralýan künjekleriniň bezeg aýratynlyklaryna, abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz dabaralaryň ýurdumyzyň ilaty we myhmanlary üçin örän gyzykly bolmalydygyny, baýramçylyga gatnaşyjylaryň aňynda uzak wagtlap saklanmalydygyny we adamlarda ýakymly täsir galdyrmalydygyny nygtap, baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guralmalydygyny, olarda möhüm wakalaryň, gyzykly çäreleriň bolmalydygyny, çeperçilik aýratynlygyna, milli öwüşginlere beslenmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giň möçberli baýramçylyk çärelerini we köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek babatda oňyn tejribäniň toplanandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda täze çözgütleriň, möhüm gözlegleriň zerurdygyny nygtap, olaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň beýik maksatlaryna, döwrüň we häzirki zaman ösüşiniň ruhuna laýyk gelmelidigini, baýramçylyk çärelerinde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň we ýetilen sepgitleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemlemek bilen, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge, halkymyzyň abadan we mynasyp durmuş ulgamynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen meseleleriň ählisiniň möhümdigini nygtady we maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi.