Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 743
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirlen işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2015-nji ýylyň 11 aýyndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleriniň seljermesine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 107,1 göterim üpjün edildi, şol sanda ösüşler senagat pudagynda 102,6 göterime, gurluşykda 110,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110,2 göterime, söwdada 111,1 göterime, oba hojalygynda 110,4 göterime we hyzmatlar ulgamynda 111 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 105,4 göterim üpjün edildi.

Bölek satuw-haryt dolanyşygy 2014-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,2 göterim artdy. Daşary söwda-haryt dolanyşygynda hem oňyn ösüş gazanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 85,1 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer milli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylýandygyny belledi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 48,3 milliard manada deň boldy, 2014-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgini 108,2 göterim berjaý edildi.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça 2 sany suw arassalaýjy desgalaryň 2-si, durmuş maksatly binalaryň 63-siniň gurluşygy tamamlandy hem-de suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 23-siniň, durmuş maksatly binalaryň 90-synyň, 1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda 146 binanyň we desganyň gurluşygy tamamlandy hem-de 184-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.

Wise-premýer Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän guramaçylyk çäreleri barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň sebitleriň häzirki zaman düzüminiň döredilmegini, ýurdumyzda öndürilýän önümleriniň möçberlerini artdyrylmagyny, döwlet we milli maksatnamalary amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank edaralarynyň işi, daşary ýurtlara iberilýän harytlar we edilýän hyzmatlar üçin ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurtlaryň pul serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini, sebitleri ösdürmäge hem-de welaýatlarda täze önümçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz dünýädäki ýagdaýy nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri öz wagtynda görmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde pul serişdelerini kadalaşdyrmagyň gurallaryny, şol sanda daşary ýurtlara harytlaryň eksport edilmeginden alynýan pul serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça gurallary kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň ünsüni bu ulgamdaky ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesine çekip, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işine innowasion tehnologiýalaryň hem-de öňdebaryjy usullaryň giňden ornaşdyrylyşyna talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy A.Işanow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda bar bolan harytlary ýerlemek hem-de ýol berlen kemçilikleri gyssagly düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet haryt-çil mal biržasynyň başlygy A.Işanowa berk käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan giň hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, döwletara derejesinde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şol sanda ählumumy forumlarynyň birnäçesine gatnaşmak maksady bilen amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýanwar-noýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi arkaly ýurdumyza daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň 504-si geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 853-si daşary ýurtlara iberildi. Hasabat döwründe daşary ýurtly hyzmatdaşlyr bilen bilelikde guralan dürli çäreleriň 250-si geçirildi. Şeýle hem geçen 11 aýyň dowamynda halkara resminamalaryň 208-sine gol çekilendigi habar berildi.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen geňeşmeleriň 42-si hem-de hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 20-si geçirildi, olaryň işi Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Şanly senä bagyşlanyp, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köpsanly mowzuklaýyn makalalar çap edildi hem-de tele we radiogepleşikler taýýarlanyldy. Umuman, 11 aýyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň 472-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de bütin dünýäde abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarlydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy. Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 110,2 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça - 110,3 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça - 110,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça - 110,5 göteirme, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça – 100,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça -105 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça - 113,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça – 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça -122,8 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,1 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişi barada hasabat berip, häzirki döwürde welaýatlarda ak ekinlerine ideg etmek, şol sanda bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin zerur çäreler – ot-iým taýýarlamak we beýleki işler durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny özgertmek boýunça döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň we işleri utgaşdyrmagyň dürs ýerine ýetirilmeginiň, gallanyň we beýleki wajyp ekinleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçen 11 aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 105,8 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini 126,9 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 121,2 göterime barabar boldy.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy we beýleki nebithimiýa önümlerini öndürmekde gazanylan tahniki-ykdysady görkezijiler, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda we ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň hem-de onuň gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň, energetika pudagynyň serişde binýadyny täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, hasabat döwründe ýurdumyzda jemi 18 müň 50 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 33-siniň hem-de 2 müň 890 orunlyk çagalar baglarynyň 17-siniň binalarynyň ulanmaga berlendigini habar berdi.

Türkmen okuwçylary ýylyň başyndan bäri halkara bäsleşiklerinde 45 altyn, 50 kümüş, 37 bürünç, jemi 132 medala mynasyp boldular. Halkara ders bäsleşiklerine, şol sanda halkara açyk Internet bäsleşiklerine gatnaşan talyplar 20 altyn, 47 kümüş, 47 bürünç, jemi 114 medala mynasyp boldular.

Şeýle hem 5-6-njy noýabrda GFR-de geçirilen 5-nji türkmen-german forumynyň netijeleri barada habar berildi. Onda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň, şol sanda çaga leýkemiýasyny bejermekde hil kepilliklerini gazanmak, süýji diabetiniň öňüni almak, lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekilleri sanitar awiasiýasy gullugynyň işi bilen hem tanyşdy.

Hasabatda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagatynyň ösüşiniň görkezijileri hem getirildi. Ýanwar-noýabr aýlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli derejedäki ýaryşlaryň 176-sy geçirildi hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 82-si guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň durnukly ösüşiň milli nusgasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belläp, bu babatda gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynda ýurdumyzyň medeni mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, habar beriş serişdeleriniň, neşirýat işiniň we kinematografiýanyň döredijiligini ösdürmek, milli mirasymyzy goramak we wagyz etmek, ilatyň boş wagtyny peýdaly geçirmegi üçin zerur şertleri döretmek, daşary ýurtlarda türkmen medeniýetini mynasyp görkezmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Hasabat döwründe ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen iri halkara çäreleri barada aýdyldy. Türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna, Mary şäheriniň 2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan medeni çäreler hakynda habar berildi.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 336 görnüşi çap edildi. Täze neşir edilen kitaplaryň hatarynda türkmen nusgawy şahyrlarynyň hem-de häzirki zaman ýazyjylarynyň kitaplary, baý bezegli ertekiler we okuw gollanmalary bar.

Döwrüň talabyna laýyklykda we häzirki zaman tehniki mümkinçilikleri bilen medeniýet we habar beriş serişdeleriniň edara- kärhanalarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çeper döredijilik taýdan açylyp görkezilmeginiň, Türkmenistanyň gazananlaryny daşary ýurtlarda giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumyna degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýerine ýetirlen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 119,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy. Hususan-da, sement öndürmekde bu görkeziji 104,7 göterime, magdan däl gurluşyk serişdelerini öndürmekde 127,2 göterime, keramzit öndürmekde 115,7 göterime we gurnama demir-beton önümlerini öndürmek boýunça 105,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy. Hususan-da, nah ýüplüginiň öndürilişinde 101,7 göterim, nah matalarynyň öndürilişinde 108,4 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişinde 108,3 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişinde 100 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylyň 11 aýynda öndürilen önümleriň jemi möçberi 107,9 göterime, ösüş depgini bolsa 106,5 göterime deň boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan 39 müň inedördil metrden gowrak haly önümleri dokalyp, ösüş depgini 100,9 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň edaralarynda şu ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 192,8 göterim, şol sanda mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 186,5 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100,4 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 106,3 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 117,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önüm öndürmekde 165,6 göterim, şol sanda balyk tutmak boýunça 171,4 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 141,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstünlikli ykdysady ösüşine, senagat taýdan ösüşiniň täze ugurlaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri, şol sanda kiçi we orta telekeçilikde döretmegi çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalarynda önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgininiň 123,8 göterime deň bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň, gurluşyk işlerini, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 117,9 göterim berjaý edilip, meýilnama 128 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 879 million 953,1 müň manada barabar boldy. Hasabat döwründe elektroenergiýanyň önümçiliginiň ösüş depgini 101,5 göterime deň bolup, ony eksport etmegiň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,5 göterime, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça bolsa bu görkeziji 108,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmek we olary bellenilen möhletde ulanmaga bermek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow söwda toplumynda geçen 11 aýda ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şu döwürde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 110,4 göterime, bölek söwdanyň ösüş depgini 105,8 göterime, lomaý söwdanyňky bolsa 112,6 göterime deň boldy. Bu ulgamda maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 214,8 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 227 birža söwdalary geçirilip, jemi 50 milliard 690,5 million manada deň bolan 19 müň 522 şertnama hasaba alyndy. Import-eksport şertnamalarynyň bahasy 15 milliard 309,9 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 28 milliard 497,1 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 32 million 398,37 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat işleriniň ösüş depgini 122,6 göterim boldy. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň ösüş depgini 108,46 göterime deň boldy. Şunda 2 million 935,25 müň amerikan dollary gazanyldy. Hasabat döwründe 30 sergi we 26 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça öndürilen senagat önümleriniň möçberi 16,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi bolsa 16 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberiniň ösüş depgini 101 göterime, söwda-haryt dolanyşygynyňky 124,7 göterime, hyzmatlar ulgamynyň hasabat döwründäki ösüş depgini bolsa 127,3 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer türkmen-slowak forumynyň iş meýilnamasy barada aýtdy. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýanyň wekiliýetiniň düzüminde söwda, maýa goýum ulgamlarynda, lukmançylyk enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde işleýän döwlet toparlarynyň we kompaniýalaryň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda pudagynyň işjeňligini has-da artdyrmak üçin zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan maglumat-seljeriş işiniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 113,7 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 125,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,7 göterime barabar boldy.

Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 552 müň, şol sanda 515,17 müň öýjükli belgi, 6,7 müň radiotelefon belgisi we 29,6 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,6 esse ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 33 müň telefon belgilik beketler gurnaldy we 2150 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 116,8 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,2 göterim üpjün edildi. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 139 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabay diňläp, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň sazlaşykly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň ösüşiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýarlar. Geçen döwürde parlamentiň bäş mejlisi geçirildi. Ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde kanunçylyk resminamalarynyň 148-si, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 88-si we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 60-sy kabul edildi.

Häzirki döwürde Mejlisiň iş toparlary tarapyndan jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň has möhüm ugurlaryny ösdürmegiň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen Tükmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesiniň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz birnäçe ugurlar boýunça kanunçykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu işde döwlet ösüşiniň möhüm maksatlaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermegiň parlamentiň häzirki döwürdäki möhüm wezipesidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze ýyla çenli az wagtyň galandygyny, asylly däbimize eýerip, köne ýylda başlan ähli işlerimizi täze ýyla geçirmän, şu ýylda tamamlamalydygyny belledi. Şu ýylyň on bir aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdylanda bolsa, ýolbaşçylaryň beren hasabatlaryndan görnüşi ýaly, öňküsi ýaly ýokary ösüş depginleri saklanylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleri yzygiderli artýar. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri hem köpeldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda köpsanly önümçilik we durmuş maksatly täze desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we ministrlikleriň ýolbaşçylaryna, aýratyn hem wise-premýer B.Hojamämmedowa 2015-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine düýpli taýýarlyk görmek, gazanylan netijeleri seljerip, ýol berlen kemçilikleri kesgitlemek, haýsy ugurlarda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek zerurdygy we degişli teklipleri taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljek ýylda iş depginlerini has-da güýçlendirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetinde kynçylykly we çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigini belledi. Biz bu ýaramaz ýagdaýlaryň ählisine üns bermelidiris, şeýle ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin öz wagtynda zerur işleri görmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine esasy mesele hökmünde, şu ýylyň jemleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlaryny diňläris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça olaryň geçirýän işlerine baha berler, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we elektron senagatyny döretmek bilen bagly amala aşyrylan işler hem ara alyp maslahatlaşylar. Ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisde oba hojalyk we nebitgaz pudaklarynda özgertmeleri dowam etmek boýunça taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna hem serederis diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz täze ýylda Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly bellenjekdigini nygtady. Munuň özi 2016-njy ýylda ýurdumyzyň ösüş depginini häzirki ýaly ýokary derejede saklamak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aňladýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljek ýyl üçin girdejiler we çykdajylar bölegi hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujeti kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznasy, döwletimiziň köp möçberdäki serişdeleri bar. Şoňa görä-de, öňküsi ýaly, geljek ýyl üçin kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary doly ýerine ýetiriler. Ýollary, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri we beýleki desgalary giň gerim bilen gurmagy dowam ederis, ýurdumyzyň energetika, nebitgaz we senagat pudaklaryny, telekeçilik ulgamyny ösdüreris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň ählisiniň mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni täze ýyla çenli ähli ministrlikleri we pudak edaralary boýunça 2016-njy ýyl üçin meýilnamalaryň taýýarlanmalydygyny belledi we olaryň baştutanlyk edýän pudaklaryndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklamalydydyny belledi. Kabul edilen meýilnamalaryň nähili ýerine ýetiriljekdigini, haýsy desgalaryň guruljakdygyny we haýsy möhletlerde ulanmaga beriljekdigini anyk bilmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, 2016-njy ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýandygyny, olaryň bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny etmelidigini belledi. Biz näçe netijeli işlesek, köp işleri amala aşyrsak, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, berkarar Watanymyzyň abraýy has-da ýokarlanar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.