Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm hem-de jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan wakalaryň guramaçylyk derejesi bilen baglanyşykly meselelere serediljekdigini belledi.
Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi...
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň başynda oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.
Ýakynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Ýaşulularyň dabaraly maslahatyny geçirdik. Maslahatda geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasatda amala aşyran işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýene-de birnäçe günden Bitaraplyk baýramyna gatnaşmak we biziň şatlygymyzy paýlaşmak üçin, Garaşsyz Watanymyza dünýäniň köp ýurtlaryndan döwlet Baştutanlary, belli syýasatçylar gelerler.
13-nji dekabrda ýurdumyzda ýene-de bir möhüm waka – «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolar. 14-nji dekabrda bolsa, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçiler. Mälim bolşy ýaly, şol gün «Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisiniň işe girizilen güni hökmünde taryha girdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, maslahatda ýurdumyzyň Bitaraplygy mynasybetli dabaralary guramak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere şaraljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 20 ýyl mundan ozal – 12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi. Bu taryhy resminamany taýýarlamagyň we kabul etmegiň dürli döwürlerinde onlarça döwletler bize örän ýokary syýasy we ruhy goldaw berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 1995-nji ýylyň mart we oktýabr aýlarynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ýurdumyza goldaw beren Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlere, şeýle hem, Goşulmazlyk Hereketine gatnaşýan ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz BMG-a agza döwletleriň ählisine minnetdardygyny mälim etdi.
Hakyky garaşsyzlyk ýoluna düşen islendik ýurt gysga möhletde örän köp sanly meseleleri çözmeli bolýar. Täze şertlerde öz ornuny tapmaly bolýar, taryhyň öz öňünde goýýan anyk wezipelerini çözmeli bolýar. Garaşsyzlygyna eýe bolan döwlete halkara gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyň ýoluny kesgitlemek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, daşary syýasat ugruny saýlap almak meselesi Türkmenistan üçin iň esasy we kyn meseleleriň biri boldy. Türkmen döwletiniň, garaşsyzlygymyzyň we özygtyýarly ösüşiň ykbaly biziň dogry ýoly saýlap almagymyza köp derejede baglydy.
Daşary syýasat ugrunyň saýlanyp alynmagynda goýberilen ýalňyşlyklar käbir döwletleriň özbaşdaklygyny ýitirmegine, öz milli ösüşiniň hakyky maksatlaryna gabat gelmeýän ugurlara çekilmegine getirdi. Taryhda muňa köp sanly mysallaryň bardygyny häzir aç-açan aýdyp bileris. Biz daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk diýip atlandyran ugrumyzy saýlap aldyk. Parahatçylyk söýüjiligi, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlygy, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluna we çäk bitewüligine hormat goýmagy, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlygy daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz özüniň çykyşynda ýurdumyzyň milli bähbitlerinden ugur alnandygyny aýdyp, ilkinji nobatda ýaş türkmen döwleti öz goňşy ýurtlary bilen parahatçylyga we agzybirlige eýerip, hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine daýanandygyny dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamagy, özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinendigini nygtady.
Diňe şeýle şertlerde mähriban halkymyzyň asudalygyny we abadançylygyny üpjün edip, ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny ýerine ýetirip boljakdygyna ynanmak arkaly, biziň çäk ýa-da beýleki meseleler babatda hem hiç bir döwlet bilen dawamyz bolmandy we häzir hem ýok diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Biz halkara syýasatynda özbaşdak ösüş ýolumyzy bütinleý täzeden başlamak baradaky karara geldik, şoňa görä-de, goňşy ýurtlara we bütin dünýä dostluk gollaryny uzadyp, hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygymyzy yglan etdik. Şunlukda Bitaraplyk derejämiz öňde durýan meýilnamalary we maksatlarymyzy durmuşa geçirmek üçin iň amatly ýola öwrüldi we türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň mazmunyna has doly laýyk gelýän özboluşly nusga boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen aýrylmaz baglydygyna berk ynanýaryn diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurtlaryň özara baglanyşygynda dünýä giňişliginde yglan edilen maksatnamalaryň we iş ýüzündäki ädimleriň mazmuny, daşary syýasat ugrunyň filosofiýasynyň düýp manysynyň jemlenýändigini nygtady.
Türkmen döwleti öz içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek we ynsanperwerlik kadalaryny yglan edýär we durmuşa geçirýär şol düşünjeleri beýleki döwletler bilen ýola goýýan gatnaşyklarynda netijeli ulanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygy içerki döwlet gurluşynyň berk ruhy binýadyna esaslanýar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygy türkmen halkynyň iň oňat däpleriniň özboluşly dowamydyr we aýdyň ýüze çykmasydyr!
Geçen 20 ýyl Türkmenistanyň bitarap, parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň diňe bir milli bähbitlere däl-de, eýsem dünýä bileleşiginiň uzak möhlete niýetlenen maksatlaryna hem doly gabat gelýändigini aýdyň subut etdi. Halkara derejesinde durnukly ýagdaýy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli işleri alyp barmagyň we oýlanyşykly çemeleşmegiň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň esasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi.
Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Bu bolsa, biziň özygtyýarly saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny ýene-de bir gezek tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bu resminamada Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna goldaw berilýändigi, Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişliginde ylalaşdyryjy, parahatçylygy goldamaga esaslanýan netijeli ornunyň ykrar edilýändigi beýan edildi diýip. milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň strategik maksatlary ählumumy ösüşiň wezipelerine we möhüm talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki halkara tagallalarynyň häsiýetini we ugruny kesgitleýär.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Täjigistanyň we Owganystanyň içerki dawalaryny syýasy ýollar bilen çözmek boýunça gepleşikler geçirilendigini aýdyp, milli Liderimiz häzirki döwürde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizde ylalaşdyryjy merkez hökmünde şol döwürde toplanan tejribä daýanylýandygyny belledi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerini sebitde ýene-de bir gezek netijeli ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu ugurda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen düzgünleşdirmek, ýaraglaryň möçberlerini azaltmak we ýaragsyzlanmak boýunça sebit derejesinde alnyp barylýan işlere ýardam bermegi maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Suw-energetika meselelerini ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly örän möhüm meselelerde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek hakyndaky çözgüdi kabul edendigini aýtdy. Onuň ştab-kwartirasyny ýerleşdirmek üçin bolsa Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri saýlanyp alyndy.
Şol döwürden başlap, sebitde ylalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere täze uly itergi berildi. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda döwletleriň özara hyzmatdaşlyk etmeginiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler açyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, dawaly ýagdaýlary düzgünleşdirmekde toplan baý tejribesine daýanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu Sebit merkeziniň işiniň çäklerinde diplomatlaryň we bilermenleriň gatnaşmagynda köptaraply gepleşikleri geçirmek we maslahat bermek boýunça netijeli usuly ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny, bu usulyň sebitiň durmuş - ykdysady ösüşi bilen bagly ýüze çykýan meseleleri ylalaşmaga ýardam bermäge gönükdirilmelidigini nygtady.
Öňüni alyş diplomatiýasynyň usullarynyň diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda netijeli işläp, anyk netijelere getirip biljekdigini tejribe görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň şertlerinden ugur alýar we ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýär. Bitaraplyk Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi üçin täze, ajaýyp mümkinçilikleri açýar.
Ozal hem bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly we ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar. Biziň üçin Birleşen Milletler Guramasy diňe bir iň köp wekilçilikli halkara guramasy bolmak bilen çäklenmeýär. Biz bu Gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň tutuş häzirki zaman ulgamynyň daýanjy hökmünde seredýäris. Dünýäde parahatçylygy we bähbitleriň deňligini saklamagyň hem-de goldamagyň, howpsuzlyk binýadynyň durnukly bolmagyny üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň ýokarlanýan döwründe biz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň belent ynsanperwer maksatlarynyň hem-de kadalarynyň halkara gatnaşyklarynda hukuk we ruhy taýdan daýanç bolup galmalydygyna berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesiniň Türkmenistanda hemişelik esasda işleýändigini, şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissaryň müdirliginiň, Halkara Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Ilat gaznasynyň bardygyny belledi hem-de bu edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyna dürli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly ýurdumyza berýän goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň bu abraýly Gurama bilen bilelikde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmegiň hatyrasyna geljekde hem ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şeýle hem, biz mundan beýläk-de halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alnyp barlar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurtlar bilen dost - doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolmagynda galýandygyny, goňşy döwletler bilen gadymy döwürlerden gözbaş alýan taryhy we medeni gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň hem-de birek-birege hormat goýmagyň ajaýyp däpleriň baglanyşdyrýandygyny nygtady.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde goňşy ýurtlar bilen bilelikde giň gerimli energetika we ulag taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, olaryň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň gülläp ösmegine we öňe gitmegine uly itergi berer, bu döwletleriň dünýä ösüşine doly goşulmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şunuň bilen baglylykda, biz parahat durmuşy üpjün etmekde owgan doganlarymyza ýardam etmäge, bu ýurtda giň gerimli milli hyzmatdaşlyk esasynda ykdysadyýeti dikeltmäge, çylşyrymly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly düzgünleşdirmäge uly üns berýäris diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Owganystana kömek bermegini mundan beýläk-de dowam etjekdigini, owgan topragynda parahatçylygy we ylalaşygy gazanmak üçin halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemişe goldajakdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri çözmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi doly goldaýandygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähli Hazarýaka döwletleriň deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasynda Hazar deňzinde howpsuzlygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändigini, bu döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň wagtyň synagyndan geçendigini, dünýäniň dürli döwletleri bilen syýasy, söwda -ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkidiljekdigini hem-de ösdüriljekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz soňky döwürde Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da işjeň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.
Häzirki döwürde Ýewropa Birleşigi bilen hem köpugurly we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiz soňky döwürde syýasy gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňelýändigini aýratyn belledi.
Häzirki döwürde Günbatar döwletleri bilen has işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin gowy mümkinçilikler açylýar diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýlee hem döwlet Baştutanymyz Afrika kontinentiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň anyk mümkinçiliklerini hem üns berip we gyzyklanmak bilen öwrenýäris diýip belledi.
Bitarap Türkmenistan daşary syýasy gatnaşyklaryny köp ugurlar boýunça giň gerim bilen alyp barýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin amatly halkara şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz ösüş strategiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli amala aşyrýandygyny, soňky ýyllarda hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini nygtady.
13-nji dekabrda ýene-de bir iri energetiki taslamany amala aşyrmaga – «Türkmenistan – Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişiler.
«Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny dünýäniň dürli döwletlerindäki hyzmatdaşlarymyz, örän iri maliýe edaralary, ilkinji nobatda bolsa, Aziýanyň Ösüş banky goldaýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ugratmagyň taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda işewür we netijeli gepleşikleriň geçirilýändigini belledi.
Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrmak göz öňünde tutulýan ähli taslamalaryň hiç hili geosyýasy garaýyşlary ýa-da sebäpleri maksat edinmeýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Bu taslamalaryň öz çäklerinden gaz geçirijiler geçýän ähli ýurtlar üçin diňe ykdysady we täjirçilik bähbitler göz öňünde tutulyp amala aşyrylýandygyny belledi. Bu bolsa, biziň Bitarap döwletimiziň şol oňyn maksatlara esaslanýan düýpli garaýşydyr. Biz şeýle garaýşa geljekde hem berk eýereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň sebit we yklym derejelerinde halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlary hem häzirki döwürde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ulag üpjünçilik ulgamlaryny döwletleriň we halklaryň ösüşiniň hem-de öňe gitmegiň bähbitlerine, halkara hyzmatdaşlygyny durnukly ösdürmäge gönükdirmegi Türkmenistan döwrüň möhüm meselesi hasaplaýar. Bu ulgamlara bütin dünýäde durnukly ösüşiň maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň zerur şerti hökmünde garaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga, bilelikdäki halkara taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň köp babatda mümkinçilik berendigini aýratyn belledi.
Biz ykdysady hyzmatdaşlygy hiç wagt syýasylaşdyrmaýarys we şeýle maksady öz öňümizde goýmaýarys. Biziň bu garaýşymyza hyzmatdaşlarymyz düşünmek bilen garaýarlar we ýokary baha berýärler. Bu bolsa, dürli ýurtlar we kompaniýalar bilen deňhukukly esasda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan anyk we düýpli ýörelgelere eýerýär. Şundan ugur alyp, öz uzakmöhletli daşary ykdysady strategiýasyny emele getirmek boýunça zerur işleri alyp barýar.
Häzirki döwürde biz Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe topladyk. Şoňa görä-de, Bitaraplyk ýörelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna gowy düşünýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biz halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk ýörelgesiniň ylmy-nazary esaslaryny we tejribesini netijeli ulanmaly diýip hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan, anyk maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmeli diýip pikir edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek - birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýändigini aýtdy.
Biz öz geljegimizi we öňümizde durýan wezipeleri aýdyň görýäris. Bitarap döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatnamalaryny ynam bilen işläp taýýarlaýarys. Döwletimiziň saýlap alan we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly syýasaty geljege uly ynam bilen garamaga bize doly mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji Türkmenistanyň mundan beýläk-de Ýer ýüzünde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek üçin ähli zerur işleri amala aşyrjakdygyna, adamzadyň ösüşine we öňe gitmegine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda giňişleýin maslahata gatnaşyjylara berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy çuňňur üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri bu ugurda degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigini habar berdi. 12-nji dekabrda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, şol sanda şanly senä bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejedäki Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan döwlet we hökümet Baştutanlary, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, beýleki ýokary wezipeli adamlar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri Aşgabada geler. Dabaralaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesini geçirer.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň bütin dünýde giňden goldaw tapýandygy hem-de ykrar edilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilýändigi, bu şanly senä gabatlanylan çäreleriň dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmeginiň wajypdygyny, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlary milli myhmansöýerligiň iň gowy däpleri esasynda garşylamagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatlarynyň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýndyklaryny belläp, olaryň alyp barýan netijeli işleri üçin, diplomatlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, olar ýakynda Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senä bagyşlanyp guraljak Halkara maslahatynyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, honiýetli goňşuçylyk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem aýdyň beýanyny tapýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekip, wise-premýere, daşary işler ministrine olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň diplomatlarynyň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny dünýä ýüzünde durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, alyp barýan netijeli işleri üçin, diplomatlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Olaryň ählisiniň ýakynda Türkmenistanyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglanandygy belläp, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty bilen baglanyşykly meseleleriň hem-de wezipeleriň indi ikinji gezek ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli halkara maslahatynyň geçiriljekdigini aýtdy we “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” kabul edilendigini belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň diplomatlary bilen ýörite maslahatyň her ýylda geçirmegiň zerurlygynyň ýokduguny aýdyp, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde döwletimiziň daşary syýasatyna degişli meselelere seretmek, geljek ýyl üçin bu ugurda öňde durýan bu wezipeleri kesgitlemek boýunça maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleriň maksatnamasy, şeýle hem Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan dabaralar hakynda hasabat berdi.
Wise-premýer 12-nji dekabrda Mejlisler merkezinde boljak baýramçylyk konsertine, şeýle hem 10-20-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzyň medeniýet ojaklarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda guraljak aýdym-sazly çykyşlar hakynda habar berdi. Hususan-da, şol günlerde Aşgabatda Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň, Mongoliýanyň we beýleki ýurtlaryň belli estrada ýerine ýetirijileri we opera aýdymçylary çykyş ederler. Umuman şol günlerde ýurdumyza dünýäniň 15 ýurdundan artistleriň 20-siniň, şeýle hem olaryň aýdym-saz toparlarynyň gelmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada 12 dekabrda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylar. Şol ýerde konsertden soň baýramçylyk feýerwerki bolar.
Häzirki döwürde konsertleriň guraljak meýdançalaryň ählisinde sahnalary bezemek, degişli enjamlary oturtmak we olary tehniki taýdan taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan çärelere bagyşlanan Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanan kitaplaryň we beýleki neşir önümleriniň sergi-ýarmarkasynyň geçiriljekdigi habar berildi. Myhmanlar üçin bolsa Bitaraplygyň 20 ýyllygynyň hormatyna Aşgabat şäheri boýunça gallanma hem-de paýtagtymyzyň kartasy neşir ediler.
Şu günler ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde we döwürleýin neşirlerde Bitaraplyk mowzugy möhüm orun eýeleýär. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetinde türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikler toplumy, syýasatşynaslaryň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, şeýle hem döwletimiziň halkara-hukuk derejesiniň ähmiýeti, Türkmenistanyň dürli pudaklar boýunça we dünýä giňişliginde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän maglumat-habar beriş gepleşikleri taýýarlandy we ýaýlyma berildi.
Şu ugur boýunça guralýan baýramçylyk gepleşiklerine Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly diplomatlar, halkara guramalaryň wekilleri çagyryldy. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senä bagyşlanan film taýýarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk dabaralar we köpçülikleýin medeni çäreler taýýarlananda myhmanlary halkymyzyň myhmansöýerlik däpleri esasynda kabul etmek üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda ähli meseleleriň jikme-jik gözden geçirilmelidigini talap etdi. Medeni çäreler, konsertler we beýleki çykyşlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir.
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň sebit we dünýä derejesindäki ähmiýeti guralýan dabaralaryň özenini düzmelidir. Bitaraplyk derejesiniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin ähmiýeti açylyp görkezilmelidir we bu ýörelgeler ähli çärelerde öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz esasy baýramçylyk çykyşlaryna taýýarlygyň derejesini jogapkärli esasda gözden geçirmegiň, çäreleri guramaga gatnaşýanlaryň anyk we sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň hem-de bu wakalaryň taryhy ähmiýetini nazara alyp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Türkmenistan – Owganystan-Pakistan –Hindistan TOPH gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. “Galkynyş” gaz käni başlangyç tapgyrda täze gaz geçirijisiniň serişdeler binýady bolar. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazanan üstünlikleri hem-de geljegi barada gürrüň berýän kitapça taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, şunuň bilen baglylykda, onuň düzümine girýän pudaklary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanmagynyň Türkmenistan üçin hem, Aziýa sebitinde täze energetika köprüsini döretmäge gatnaşýan beýleki ýurtlaryň ählisi üçin hem möhüm taryhy waka boljakdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu iri halkara taslamasynyň Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygyny belledi. Häzirki günüň ýagdaýlary nazara alnyp, ol şeýle hem bilelikdäki maksatlara aýdyň göz ýetirýän, energetika ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine we bähbidine oňat düşünýän döwletleriň jogapkärli çemeleşmesiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak dabarasyny ýokary derejede guramak hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmegiň ýolunda täze möhüm ädim, Aziýa sebiti ýurtlarynda ykdysady hem-de durmuş taýdan durnuklylygyň örän wajyp şerti bolar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde Türkmenistan –Owganystan-Paksitan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan-Owganystan-Paksitan halkara täze elektrik geçiriji ulgamy geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan –Owgangystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi ýaly, täze elektrik geçiriji ulgamyň hem tutuş sebit üçin ägirt uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze elektrik geçiriji ulgama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde goşmaça iş ýerlerini döretmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine ýardam berjekdigingi, onuň bu ugur boýunça durmuş maksatly düzümleriň döredilmegine, ýurtlaryň ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna oňyn täsir etjekdigini nygtady.
Bu taslamanyň durnukly ösüş babatda örän ähmiýetli şert bolup durýandygy hem-de geljekde Merkezi we Günorta Aziýada we goňşy sebitlerde umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirjekdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu taslamanyň tutuş yklymyň syýasy we ykdysady ulgamynda goşmaça durnukly ýagdaýy döretmäge gönükdirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine döwlet Baştutanymyzyň “Bitarap Türkmenistan” atly täze kitaby gowşuryldy.
Giňişleýin maslahatyň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Maslahaty tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, özygtyýarly Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine aldyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.