Ï Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna

view-icon 833
10-njy dekabrda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri bolar. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli hökümet topary geldi.

Iki tarapyň pikirine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça belarus Lideriniň Aşgabada amala aşyrýan sapary Türkmenistanyň we Belarusuň şu ýyllarda ýola goýlan netijeli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine meýillidiginiň, şeýle hem olaryň iki ýurduň we onuň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän köptaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi iki döwletiň Liderleriniň yzygiderli guraýan saparlarynyň anyk netijesidir. Olaryň çäklerinde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko diňe bir döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitleýin syýasatyň meseleleri boýunça pikir alyşmak bilen çäklenmän, eýsem, asylly däbe görä, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň köpugurlylygyny hem-de netijelliligini alamatlandyrýan täze bilelikdäki taslamalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.

Şeýlelikde, geçen ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi saparynyň barşynda iki döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Minskidäki diplomatik wekilhanasynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýediginiň we onuň bilelikdäki işiň oňyn netijelerine daýanýandygynyň we gatnaşyklaryň düýpli esasda ýola goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmen-belarus gatnaşyklaryna mahsus ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň dostlukly ýurtlaryň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köpugurly esasda, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygy ýaly iri halkara guramalaryň we abraýly düzümleriň çäklerinde ýola goýýan hyzmatdaşlygy üçin pugta binýady emele getirýär. Bu gezekki duşuşygyň biziň ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 20 ýyllyk baýramçylyk dabaralarynyň guralýan günlerinde geçirilmegi belarusly hyzmatdaşlaryň özygtyýarly Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we işjeň häsiýete eýe bolan syýasatyna goýýan hormatynyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnuklylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň saklanmagyna hem-de berkidilmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygynyň nyşanydyr. Şeýlelikde, halkara düzümleriň çäklerinde birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri iki ýurduň we tutuş dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbidine laýyk gelýändigini we netijeli häsiýete eýedigini äşgär etdi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky kaliý duzlarynyň ägirt uly gorlarynyň ýerleşen ýeri bolan Garlyk şäherçesinde kaliý dökünleriň önümçiligi boýunça dag magdanlary baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy ýaly iri möçberli taslama türkmen-belarus ykdysady gatnaşyklarynyň esasylarynyň biridir. Ýurtlaryň ikisi-de, bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ynam bildirýärler.

Türkmenistan bilen Belarusuň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň işi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynda sazlaşykly ösüşiň esasyny düzýär. Geçen aýyň aýagynda paýtagtymyzda Hökümetara toparyň nobatdaky 7-nji mejlisi geçirildi.

Iki ýurduň Aşgabatda we Minskide açylan Söwda öýleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewür geňeşiň netijeli çäreleri taraplaryň işjeň gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalar hem-de milli ykdysadýetleriň üstüni ýetirmek ugrundaky çäreler yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlarynda, türkmen we belarus harytlarynyň sergi-ýarmarkalarynda giňden beýan edilýär. Şeýle çäreleriň biri 11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde öz işine başlar.

Taraplar medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegine, iki halklaryň arasyndaky birek-birege düşünişmek we hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Belent mertebeli myhmanyň resmi saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda bellenilýän şanly senä belarus dostlarymyzyň ajaýyp döredijilik sowgadyna öwrülen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylmagy işjeň gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi nobatdaky gezek äşgär etdi.