Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Li Ýuançaony kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize we türkmen halkyna parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan açyklyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berýär we öz tarapyndan soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaş bolan Hytaý bilen köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Hytaý bilen hyzmatdaşlyk diňe bir iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit hem-de bütin dünýä möçberinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň ýokary derejesi, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi, şeýle hem dürli derejedäki yzygiderli we netijeli duşuşyklar syýasy, ykydysady we medeni –ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklar üçin oňaýly şertleri döredýär diýip bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we netijellilik ýörelgelirinde guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi.
Döwlet Baştutanymyz Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen gepleşikleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň anyklaşdyrylandygyny belledi.
Iki ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn senagatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary nazara almak bilen senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar.
Ýangyç-energetika toplumy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategiki ugry bolup durýar. XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň - Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda bu gaz geçirijisi türkmen “mawy ýangyjynyň” HHR-e uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, ilkinji nobatda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň ençemesinde bilim alýarlar. Mundan başga-da, Türkmenistanda geljek ýyl umumybilim berýän mekdepleriň maksatnamasyna hytaý dilini öwrenmek girizilýär.
Ýurtlaryň ikisinde hem halkara festiwallaryny, maslahatlaryny, okuw maslahatlaryny, sergileri we sport ýaryşlaryny geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžihuaý şäherinde geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynda üstünlikli çykyş edendigini mysal getirdi. Şol ýerde türkmen jigitleri festiwalyň baş baýragyna—Gran-pri Altyn kubogyna mynasyp boldular.
-Özümiziň strategiki hyzmatdaşlygymyzy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin biz özara syýasy ynanyşmagy pugtalandyrmak, köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meýlimizde bitewidiris diýip, öz nobatynda HHR-iň başlygynyň orunbasary nygtady. Jenap Li Ýuançao soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolandygyny belledi. Ýurtda ýokary ykdysady ösüş depgini hem-de durmuş taýdan durnuklylyk üpjün edilýär, halkyň abadançylygy yzygiderli ýokarlanýar.
Pursatdan peýdalanyp, jenap Li Ýuançao türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerligi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Aşgabadyň ak mermerli binalaryna hem-de giň şaýollaryna haýran galýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda bu ýerde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama bolsa Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň özboluşly alamatyna öwrüldi.
Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhua gatnaşdy.