Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Çeh Respublikasynyň Senatynyň Başlygy jenap Milan Ştehi kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşmaga hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy, tutuş türkmen halkyny Çeh Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan we öz adyndan şanly sene bilen gutlady hem-de bagt, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi. Çeh Respublikasynyň senatynyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, belent münberlerden öňe sürýän we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär. Şeýle hem ol parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurduň Bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara maslahatyna we şanly sene mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilige hoşaldygyny aýtdy.
Mähirli sözler we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetldarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çeh Respublikasynyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli sözlerini aýtdy. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, açyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Çehiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky 1995-njii we 2015-nji ýyllarda kabul eden Kararnamalaryny işjeň goldandygyny aýratyn belledi.
Ýurudumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukugy bilen dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolup, halkara durmuşyna degişli çärelere işjeň gatnaşýar we parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döredip, netijeli ösüşe we sebitde we onuň çäginden daşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Çeh Respublikasy bilen ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ýola goýýan netijeli gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini nygtady.
Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak esasynda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Çeh Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ýangyç-energetika toplumynda we ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Biziň ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryny baglanyşdyrýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.
Söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky, syýahatçylyk, obasenagat, derman senagaty, ýokary biotehnologiýalar we energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işewürligi ösdürmek üçin degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Şeýle hem gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy, ylym-bilim gatnaşyklaryny, medeni alyşmalary işjeňleşdirmegiň wajypdygy barada aýdyldy.
Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň iberen Çeh Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygyny gowşurdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Çeh Respublikasynyň Senatynyň Başlygy jenap Milan Şteh iki halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin esasda we özara bähbitlerini nazara almak arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Şeýle hem şu gün Çeh Respublikasynyň Senatynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşygy boldy. Onuň barşynda parlamentara gatnaşyklar babatynda ikitaraplaýyn türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.