Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenkony kabul etdi.
Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman hormatly Prezidentimize umumymilli baýramçylyk mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedýewiň mähirli gutlaglaryny, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna aýdan parahatçylyk, abadançylyk hem-de täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen paýtagtynyň sazlaşykly ösüşine haýran galýandygyny beýan edip, Walentina Matwiýenko daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň ösüşiniň ähmiýetiniň bellenilýändigini aýtdy. Ýurduň ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda we ruhy-medeniýet pudagynda hem-de halkara giňişliginde uly üstünlik gazanmagynda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti uludyr. Russiýa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar we mundan beýläk-de goldar diýip, myhman aýtdy.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Russiýanyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistanyň türkmen halkyna bagtly, parahat we rowaç durmuşy hem-de dünýjniň halklary bilen parahatçylykly, döredijilikli gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerini bagş eden hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň 20 ýyllygynyň biziň ýurdumyz üçin şanly waka bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda köpasyrlyk dostluk, birek-birege düşünişmek we iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we russiýaly myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklary ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba hojalygy, himiýa we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we başga-da birnäçe ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Söhbetdeşleriň aýdyşlary ýaly, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň iri şäherleri we sebitleri, şol sanda Astrahan we Swerdlow oblastlary, Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri bilen ýola goýýan gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygynyň üstüni ýetirýär we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Türkmenistan bilen Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko dostlukly ýurtlaryň halklarynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine netijeli we uzak möhletleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
* * *
Şeýle hem şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn ýygjam esasda ýola goýulýan parlamentara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.