Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 734
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti A.Atambaýew bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan ýokary derejedäki Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli gyrgyz myhmanyny mähirli mübärekläp, doganlyk Gyrgyzystanyň Prezidentini türkmen topragynda kabul edýändigine şatdygyny belledi.

Bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident A.Atambaýew öz gezeginde dostlukly döwletiň paýtagty Aşgabatda bolýandygyna hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyzystany berk taryhy hem-de ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyna örän begenýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Gyrgyzystan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär we milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn daşary we içeri syýasatyna ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baýramçylyk günlerinde Türkmenistana gelmäge, Bitaraplygyň 20 ýyllylygyna bagyşlanan köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde goňşy ýurtlar, şol sanda medeni däp-dessurlaryň umumylygy bilen baglanyşýan Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm şertidigini belledi. Birek-birege hormat goýmak, doganlyk gatnaşyklary, tutuş dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly meseleler öňde boljak halkara forumynda ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan 1995-nji we 2015-nji ýyllarda iki gezek tassyklandy diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Gyrgyzystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, GDA-nyň çäklerindäki sebitleýin gatnaşyklary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gönükdirilen möhüm çäreleri durmuşa geçrýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Bu babatda dostlukly döwletler baý tejribe topladylar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Häzirki döwürde iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ähli ugurlar, şol sanda medeni-gumanitar ulgamy ýaly möhüm ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda syýahatçylyk pudagynda we häzirki zaman maglumat tehnologiýasy ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we myhman, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň bozulmazdygyny belläp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.