Ï • Türkmenistanyň Prezidentiniň we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

• Türkmenistanyň Prezidentiniň we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

view-icon 1023
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna hem-de bu şanly senä bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana gelen Horwatiýa Respuplikasynyň Prezidenti hanym Kolinda Grabar-Kitarowiç bilen duşuşygy geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda, wekilçilikli maslahat tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşgünde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi.

Bu ýerde, duşuşygyň öňüsyrasynda, hanym Kolinda Grabar-Kitarowiçiň ýanynda bolýan Horwatiýanyň hökümetiniň agzalary tanyşdyryldy. Belent mertebeli myhman hem türkmen tarapynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdy.

Prezident Köşgüniň eýwanynda goýlan Türkmenistanyň we Horwatiýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz hanym Kolinda Grabar-Kitarowiçi “Mermer” zalyna çagyrdy.

Bu ýerde teleköpri guraldy, onuň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli ösdürilýän türkmen – horwat gatnaşyklaryna gysgaça seljerme berdi.

Şondan soňra teleköpri arkaly Türkmenbaşydaky Halkara portdan göni gepleşik alnyp görkezildi. Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň gämi gurluşyk zawodynda gurlan “RO-PAХ” derejeli täze döwrebap gämini dabaraly ýagdýda garşylaýarlar.

...Ýokarsynda ýaşyl türkmen baýdagy parlaýan, ak gar ýaly “Bagtyýarlyk” gämisi ýatdan çykmajak täsir galdyryp, türkmenistanlylaryň buýsanç we watançylyk duýgularyny has-da artdyrýar.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde hakyky ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär. Dabara gatnaşyjylar teleköpri arkaly hormatly Prezidentimizi we Horwatiýanyň Baştutanyny möhirli mübärekleýärler.

“Bagtyýar” gämisiniň kapitany wideoaragatnaşyk arkaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýär we milli Liderimizden ak pata bermegini haýyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, milli flotuň taryhyna täze sahypany ýazan şu günki wakanyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

-Deňiz flotuny ösdürmek häzirki wagtda dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan ýurdumyzyň ulag syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýar - diýip, milli Liderimiz nygtady we “Bagtyýar” gämisiniň soňky ýyllarda Horwatiýanyň gämi gurluşykçylary tarapyndan gurlan ikinji gämidigini belledi.

-Bize Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşy bolup çykyş etmek uly hormatdyr-diýip, öz nobatynda, Horwatiýa Respublikasyyň Prezidenti hanym Kolinda Grabar-Kitarowiç nygtady we türkmen Liderine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Teleköprä gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň başlanmagyna ak pata berýär. Dürli reňkdäki şarlaryň ýüzlerçesi asmana göterilýär. Soňra gämi duralgasynda aýdym-sazly dabara ýaýbaňlandyrylýar: folklor toparynyň agzalary joşgunly aýdym-saz-tans kompozisiýasyny ýerine ýetirýärler.

Hormatly ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler, türkmen halkynyň asylly dessuryna laýyklykda, gämini dabaraly ýagdaýda garşylaýarlar. Täze gämä alaja dakylypdyr, onuň Türkmenbaşy şäheriniň portuna sag-aman gelmeginiň nyşanyna gämä un sepilýär.

Şu ýerde bir ýyl mundan ozal Türkmenbaşynyň deňiz portuna ýolagçylary, ýük awtomobillerini hem-de beýleki ulag serişdelerini daşamak üçin niýetlenen şeýle derejeli gämileriň birinjisini – “Berkarar” gämisini garşylamak dabarasynyň bolandygyny bellemelidiris. Ine, indi bolsa “Bagtyýar” gämisi gelip gowuşdy.

RO-PAХ derejeli gämileriň ikisi hem Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň Pula şäheriniň “ULJANIK” gämi gurluşyk zawodynda guruldy.

Milli Liderimiziň suw ulaglary pudagynyň öňünde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň iri gämi gurluşyk kärhanalarynda türkmen floty üçin gämileri gurmaga buýurmalar berildi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda iň döwrebap tankerleriň ýedisi gelip gowuşdy. Olaryň birinjisi—Russiýa Federasiýasynyň Nižniý Nowgorod şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” zawodynda gurlan “Sumbar” tankeri 2009-njy ýylyň awgust aýynda Hazardaky port şäheriň gämi duralgasyna gelip gowuşdy. Şondan birnäçe aý geçendan soň Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda ýene-de bir täze uly tanker – “Hazar” tankeri peýda boldy. 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň nebit guýujy flotunyň üsti “Jeýhun” tankeri bilen ýetirildi (ýeri gelenda aýtsak, Beýik Britaniýanyň Patyşa gämi gurluşyk instituty tarapyndan ol dünýäniň iň gowy gämileriniň sanawyna girizildi). Şol ýylyň dekabr aýynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna “Bitarap” tankeri gelip gowuşdy.

2012-nji ýylda ýokary tehnologiýaly gämileriň bäşinjisi – nebit guýulýan “Etrek” tankeri getirildi. 2013-nji ýylda ýene-de iki sany täze nebit guýulýan tankerler – “Alaja” we “Kenar” atly tankerler gelip gowuşdy.

2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşynyň Halkara portuna üç sany döwrebap “Bereket”, “Balykçy” we “Garlawaç” atly balyk doňduryjy ulag gämileri gelip gowuşdy. Bu gämiler hem Türkmenistanyň buýurmasy boýunça daşary ýurtlarda guruldy.

Ine, bir ýyl geçenden soň, mähriban halkymyzyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny giňden belleýän şanly gününde deňziň kenaryndaky şäher täze “Bagtyýar” atly awtomobil-ýolagçy gämisini garşylaýar.

“Bagtyýar” gämisi hem edil “Berkarar” ýaly ýokary hilli enjamlar, döwrüň talabyna laýyk gelýän serişdeler bilen, şol sanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän ulgamlar bilen üpjün edilendir. Ekologiýa howpsuzlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde durýar.

“Bagtyýar” gämisiniň enjamlaşdyrylyşy ýokary hil derejesine eýe bolup, ol tizlik we öwrüm babatda çylşyrymly häsiýete eýedir. Bu gämi uzakmöhletleýin sapary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Onda “Vartsila” (Finlýandiýa) kompaniýasynyň her biri 3060 kWt kuwwaty bolan iki sany hereketlendiriji oturdylypdyr. Munuň özi gäminiň tizligini 17,6 uzele ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ägirt uly ýolagçy-ýük gämisi özüniň göwrümi bilen haýran galdyrýar. Onuň uzynlygy 155,8 metre, ini bolsa 17,5 metre barabardyr. 12,2 metre barabar beýikligi bolan bäş gatly gämi deňiz giňişliginde has-da gözel görünýär we görenleri haýran galdyrýar.

Onuň birinji we ikinji gatlary ýük awtoulaglary üçin niýetlenendir. Olarda uly göwrümli agyr ýük göterýän awtoulaglaryň 53-si ýerleşýär.

Gäminiň üçünji gaty ýolagçylaryň ygtyýaryna berlipdir. Bu ýerde ykjam restoran hereket edýär. Şeýle hem ýolagçylar dürli dükanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp biler ýa-da deňiz gözelligini synlap, ýumşak kürsülerde dynç alyp bilerler. “Bagtyýar” atly häzirki zaman gämisinde ýolagçylaryň amatlyklaryny üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde çaýhana, çagalar oýun meýdançasy, lukmançylyk merkezi, naharhana bar.

Gäminiň dördünji gatynda “Bagtyýaryň” ýolagçylary üçin ýaşaýyş otaglary ýerleşýär. Bu gämi 200 ýolagçyny, gäminiň hereketine erk edýän düzümiň 17 agzalaryny, şeýle hem hyzmat edýän adamlaryň 12-sini gatnatmaga niýetlenendir. Bäşinji gatda dikuçar meýdançasy göz öňünde tutulandyr.

“Bagtyýaryň” ýangyç göwrümi 150 kub metr bolup, ol gämä 1800 deňiz milini geçmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi, takmynan, 3240 kilometre barabardyr. Gäminiň tehniki häsiýeti barada aýdanyňda, onuň deňze çökýän derejesi 4,35 metre, gäminiň doly ýük göterijiligi bolsa 2400 tonna barabardyr.

“Berkarar” gämisi ýaly, “Bagtyýar” gämisiniň hem Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzilinden Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäheriniň deňiz menziline, Russiýa Federasiýasynyň Olýa deňiz menziline, Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli we Amirabat deňiz menzillerine yzygiderli gatnawy ýola goýmagy meýilleşdirilýär.

Bu ugurlar boýunça gatnawlaryň ýola goýulmagy Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogara awtoulaglarda gatnadylýan ýükleriň wagtyny has-da tygşytlamaga, şeýle hem haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçlik berer. Şeýle hem bu ugurlar deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnadylmagynyň ösdürilmegini, goňşy Hazarýaka ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň hasabyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň has-da ösdürilmegini şertlendirer.

Täze ýöriteleşdirilen gämileri almagyň hasabyna Türkmen deňiz söwda flotuny giňeltmek işi dowam edýär. Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksanamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde nebit we nebit önümlerini daşaýan tankerleri, ýolagçy gämilerini, şeýle hem Hazar deňziniň akwatoriýasynda deňiz we nebitgaz desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin ulag-tirkeg baržalaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.

Soňky bäş ýylyň dowamynda – 2011 – 2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ýük gatnawlarynyň möçberi 123 göterim, ýolagçy gatnawy 4 esseden gowrak ösdi.

Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz portunyň gurluşygy alnyp barylýar. Merkekzi Aziýany we Ýewropany birleşdirýän “Deňiz derwezeleri” sebitde iň iri logistika we bölüji merkez bolar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ulag – üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Hazarýaka sebitine aýratyn orun degişlidir, bu ýerde ulaglaryň ähli görnüşlerini netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şonuň netijesinde bu ýerde esasy logistika merkezi kemala gelýär, ol ýük akymlaryny deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulaglaryny peýdalanmak arkaly utgaşdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň tutuş giňişliginde döwletara gatnaşyklaryny netijeli ösdürmäge ýardam berýän örän iri halkara logistika merkezine öwrüler.

Teleköpri tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany “Ak altyn” zalyna çagyrýar, şol ýerde giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýanyň Prezidentini we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, şu duşuşygyň birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk ädimleri işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutany soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, häzirki wagtda türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň çäklerinde işjeň ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Garaşsyz Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny goldaýandygy we ilerledýändigi, şeýle hem dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça işjeň gatnaşyk edýändigi üçin horwat tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Kolinda Grabar - Kitarowiç mähirli garşylanandygy hem-de myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny hem-de ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady. Belent mertebeli myhman Aşgabada gelip görmek we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamatyna öwrülen ägirt uly üstünlikleri we oňyn özgertmeleri synlamak mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini we ähli türkmen halkyny 20 ýyl mundan ozal hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhynyň şanly senesi bilen gutlady. Bitaraplyk derejesiniň ýörelgeleri ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Bellenilişi ýaly, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesi türkmen döwletine şu geçen ýyllaryň dowamynda häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen parahatçylyk dörediji syýasatyň işjeň wagyzçysy hem-de ruhlandyryjysy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berdi. Şol wezipeleriň hatarynda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek möhüm orun eýeleýär.

Kolinda Grabar - Kitarowiç horwat tarapynyň dünýäniň geosyýasy kartasynda örän möhüm sebit bolan Merkezi Aziýada ähmiýetli orun eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen kärdeşine berk jan saglyk we köpugurly döwlet işinde uly üstünlikler, türkmenistanlylara bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler hem-de tüýs ýürekden çykýan arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň türkmen-horwat gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, şol sanda ozal Nýu-Ýorkda, Aşgabatda we Zagrebde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki dostlukly döwletiň Baştutanlary geljekki uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy guramaga çemeleşmeleri anyklaşdyrdylar. Umumy pikire görä, şol hyzmatdaşlygyň kuwwaty bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Bu taslamalar Adriatikadan Hazara çenli özboluşly ykdysady köpriniň ygtybarly sütüni bolup biler.

Söhbetdeşler iki ýurduň geografiki ýerleşişiniň aýratynlyklarynyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag-kommunikasiýa geçelgelerini ösdürmekde olara möhüm orun eýelemäge mümkinçilik berjekdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykdy, deňiz ulagy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmek, himiýa önümlerini öndürýän toplumlary gurmak, ýangyç-energetika toplumyny, sporty, syýahatçylygy ösdürmek hem-de dünýä derejeli şypahana zolaklaryny döretmek baradaky ägirt uly meýilnamalary hem täze mümkinçilikleri açýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bu ulgamyň öňdebaryjysy bolup durýar. Hazaryň kenarynda döredilýän bu syýahatçylyk zolagy özüniň çäklerini ýylsaýyn giňeldýär. Döwlet Baştutanymyz Adriatika deňziniň kenarynda döwrebap hem-de düşewüntli syýahatçylyk senagatyny döretmek ulgamynda Horwatiýanyň uly tejribe toplandygyny belläp, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetimiz üçin geljegi uly bolan bu ugurda gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Medeniýet, bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Taraplar däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek maksady bilen şertnamalaýyn – hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bilelikdäki işi dowam etdirmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kolinda Grabar-Kitarowiç özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleriniň hem birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşyk tamamlanandan soň, belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli garşylanandygy hem-de özara düşünişmek we açyklyk ýagdaýyn geçen netijeli gepleşikler üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.