Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly senesine gabatlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Türkiýäniň Baştutany milli Liderimize myhmansöýerlik hem-de türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady. Türk Lideri şeýle hem “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onuň ýokary derejede guralandygyny nygtady. Foruma gatnaşan hökümet wekiliýetleriniň derejesi we düzümi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy umumy köpasyrlyk taryh, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy medeni we ruhy däpler baglanyşdyrýar diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy. Häzirki wagtda türkmen-türk döwletara gatnaşyklary özara hormat goýmagyň hem-de ynanyşmagyň aýdyň mysallarynyň biridir diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we Türkmenistanyň doganlyk halkyna döredijilik we gülläp ösüş ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berip, Türkiýäniň türkmen döwletiniň tutuş adamzat üçin uly ähmiýete eýe bolan halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.
Öz nobatynda, milli Liderimiz şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň Baştutanyny Aşgabatda mübäreklemäge örän şatdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogana türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlnanan maslahatda çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi. Biziň ýurdumyz garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkiýe Respublikasynyň doganlyk goldawyny duýýar diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen aýtdy we halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Türkiýe Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda we ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaw berýär hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem Türkiýe Respublikasynyň halkara abraýyna hem-de dünýäde eýeleýän möhüm ornuna uly hormat goýmak bilen garaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we doganlyk ýurduň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň, şol sanda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji ýylda tassyklanan we 2015-nji ýylda gaýtadan kabul edilen kararnamalaryň taslamalary boýunça awtordaşlyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hyzmatdaşyň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda dünýäniň beýleki döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Türkiýe ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ondan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.
Pikir alyşmalaryň barşynda söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini biragyzdan belläp, energetika ulgamynda, şeýle hem ulag-kommunikasiýa ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Türk Lideri Türkiýäniň iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdary bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belläp, bu örän wajyp we geljegi uly ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, meşhur türk kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, durmuş-medeni ulgamda we beýleki möhüm ugurlarda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky Halkara porty, Aşgabat şäherindäki Halkara howa menzilini we beýlekileri aýdyň mysal hökmünde görkezdi. Döwlet baştutanymyz ertir Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berilýändigini nygtap, türkiýeli hyzmatdaşlary oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda iki döwletiň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň hem-de türkmen we türk alymlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň dostlukly ýurtlarda guralýan ylym we döredijilik forumlaryna gatnaşmagyny bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Hususan-da, golaýda Türkmenistanyň Türkiýedeäki Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi nygtaldy.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýar durmuş we abadançylyk arzuw etdiler.