Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň preidenti Islam Karimow bilen duşuşdy.
Özbegistanyň baştutany şeýle wekilçilikli maslahata çagyrandygyh em-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruny hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy we öz ýurdunyň ygtybarly hem-de geljegi uly hyzmatdaşy hökmünde Türkmepnistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga öz garaýyşlaryny we täze çemeleşmelerini hödürleýän Türkmenistanyň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin özbek doganlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
- Biz belent ynsanperwerlik, dostluk we doganlyk ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda sebit boýunça ýakyn goňşularymyz bilen gatnaşyk etmek ýörelgelerine essaslanýan bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy we türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesiniň tutuş adamzadyň häzirkizaman taryhynda ilkinji gezek has wekilçilikli we abraýly gurama – Birleşen Milletler Guramasy arkal halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edildi we tassyklanyldy.
Söhbetdeşler sebit hem-de halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň käbiri boýunça pikir alşyp, ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi olara dünýä giňişliginde has netijeli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn pugtalandyryp, häzirkizaman dünýäsiniň möhüm meselelerini çözmegiň ýollaryny gözlemekde öz tagallalaryny birleşdirýärler we Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berýärler.
Soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki möhüm taslamalar, şol sanda XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň – özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze sepgitleri açan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Özbegistan beýleki bir möhüm ähmiýetli taslama – “Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar” (Özbegistan – Türkmenistan – Eýran - Oman) halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky taslama gatnaşmaga taýýardygyny beýan etd. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem sebit hem-de halkara möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň has netijeli şerti bolar.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen – özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri hem-de onuň özara gyzyklanma bildirilýän esasy ugurlarynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara gyzyklanmany, doganlyk halklaryň medeni we taryhy däpleriniň umumylygyny, şeýle hem iki goňşy ýurduň häzirki durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň seçip alan daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berip, türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän öňünialyş diplomatiýasynyň özara gyzyklanma bidirilýän halkara gatnaşyklary hem-de möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, diýmek, dünýäniň ähli döwletleriniň durnukly ösmegi babatda zerur şertleri döretmek üçin berk binýady döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk we ösüş ýoly bilen okgunly öňe gitmegini arzuw etdiler.