Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

view-icon 735
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-nyň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary orunbasary Jeffri Feltman bilen duşuşyk geçirdi.

BMG-niň ýokary wezipeli wekili döwlet Baştutanymyzy şu gün bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy, bu şanly senä gabatlanyp, ýokary derejedäki möhüm halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň adyndan ähli türkmen halkyna iberen mähirli salamyny hem-de iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Döwlet ösüşiniň konseptual taýdan täze nusgasyny işläp düzmegi başaran häzirki zaman Türkmenistanyň tejribesine dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasyny belläp, myhman BMG-nyň birnäçe esasy ugurlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlary hem-de Türkmenistanyň saýlap alan özygtyýarly ösüş we netijeli parahatçylyk döredijilik ýörelgesine hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy işlerinde kesgitleýji orun tutýan dünýäniň esasy guramasynyň ýolbaşçysyna mähirli sözlerini hem-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany hem-de BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Şol hyzmatdaşlyk ilki başdan ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýar.

Nygtalyşy ýaly, Bitaraplygyň parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessuryna hormat goýmak ýaly binýatlyk alamatlary türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde hakykatda üsti ýetirilip, onuň Bitaraplyk ýörelgeleriniň BMG-niň maksatlaryna we pikirlerine laýyk gelýändigini tassyklady. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem-de şu ýylyň tomsunda özünde 20 ýylyň içinde toplanan Bitaraplygyň oňyn tejribesini jemlän “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” diýen adybir Kararnamanyň ýene-de biriniň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgesine ynamyň we hormat goýmagyň ajaýyp subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Belent mertebeli myhman guramanyň BMG-niň Baş Assambleýalarynda türkmen tarapynyň täze oňyn başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin, strategiki häsiýete eýedigini belledi. Merkezi Aziýa sebitiniň barha ösýän ornunyň aýdyň subutnamasy hökmünde we bu ýerde uly ähmiýetli orny eýeleýän, soňky ýyllaryň içinde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana aýratyn gyzyklanmanyň uludygyna şu ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistana hasap boýunça ikinji resmi sapary hem şaýatlyk edýär, bu sapar ählumumy bähbitleriň köpýyllyk hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berdi.

Milli Liderimiz dünýäniň iň täsirli we abraýly düzümleriniň biri hökmünde BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini nygtap, öz gezeginde ýurdumyzyň halkara durmuşynyň ählumumy gün tertibi boýunça açyk gepleşiklere mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

--Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan BMG-niň ähli düzüm bölümleri we komitetleri bilen uzakmöhletli köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýar—diýip, türkmen Lideri nygtady hem-de ynsanperwer maksatlara yzygiderli eýerýän ýurdumyzyň öz ägirt uly parahatçylyk hem-de döredijilik kuwwatyny Müňýyllygyň Ählumumy Maksatlaryna ýetmäge gönükdirmäge hem-de dünýäde rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine halkara tagallalaryna mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmaga meýillidigini aýtdy.

Jenap Jeffri Feltman soňky ýyllarda birnäçe möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän Türkmenistanyň işjeň ýörelgesine ýokary baha berip, häzirki wekilçilikli forumyň uly ähmiýetini nygtady. Onuň netijeleriniň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki maslahatda Milletler Bileleşiginde halkara hukugynda hem-de halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk meselelerini öwrenmek boýunça Halkara merkezini döretmek baradaky, şeýle hem BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk gününi yglan etmek baradaky meselä garamak babatda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygy barada pikirini aýtdy. Jenap Jeffri Feltman türkmen Lideriniň oňyn Bitaraplygyň aýratynlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmelidigi baradaky pikirini paýlaşyp, dünýädäki häzirki ýagdaýlar hem-de döwrüň ýüze çykýan ählumumy meselelerini çözmegiň ýollaryny tapmagyň zerurlygy babatda halkara işlerinde Bitaraplyk ýörelgeleriniň ylmy-amaly esaslaryny has-da kämilleşdirmek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak boýunça hödürlenilýän bilelikdäki işe örän uly isleg bildirilip bilinjekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebeli myhman köpýyllyk üstünlikli özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynam bildirip, BMG-nyň derejesinde netijeli gepleşikleriň dünýä jemgyýetçiligine agza ýurtlaryň bilelikde işlemeginiň dogry ugruny salgy bermäge hem-de häzirki zaman eýýamynyň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde anyk çäreleri işläp düzmäge gönüden-göni ýardam etmäge ukyplydygyny nygtadylar.