Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Sultanzade Mamedaga ogluny kabul etdi.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, millit Liderimizi giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen gutlady. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlary üçin täze uly mümkinçilikleri açýar. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Azerbaýjanda türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna hem-de onuň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we doly goldanylýandygyny belledi. Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagt we abadançylyk arzuw edip, azerbaýjan tarapyna ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny guramakda özüniň hukuk derejesini üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny dünýäniň syýasy giňişliginde ilerletmekde uly goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz goňşy Azerbaýjan bilen däp bolan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmen we azerbaýjan halklaryny köpasyrlyk dostluk hem-de birek-birege hormat goýmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda ýola goýlan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda-iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köp ugurly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ilçä deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň bähbidine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Hoşlaşan mahaly diplomat ýene-de bir gezek türkmen Liderine hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin tüýs ýürkden hoşallyk bildirdi. Şol goldaw bolsa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde onuň üstünlikli işlemegine ýardam etdi.
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri Türkmenistana gelip, bu ýerde amala aşyrylýan özgertmelere haýran galýarlar diýip, jenap Wahdet Sultanzade Mamedaga ogly aýtdy we Türkmenistany hemişe aýratyn mähir hem-de hoş sözler bilen ýatlajakdygyny nygtady. Bu ýerde oňa birnäçe ýylyň dowamynda ýaşamak we işlemek hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň şaýady bolmak bagty miýesser etdi.
Ilçi soňky ýyllarda parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruny hem-de durmuş ugurly içeri syýasaty durmuşa geçirmek boýunça ädilen yzygiderli ädimleriň Türkmenistana uly hem-de nurana geljegiň garaşýandygyna berk ynanmaga mümkinçilik berýändigini aýdyp, dostlukly türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we özygtyýarly ösüş ýolunda täze üstünlikler arzuw etdi.