Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem baýramçylyk mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine geçip, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de beýleki möwsümleýin işleriň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri, baýramçylygyň medeni maksatnamasy barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we bellenilen agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy hem-de olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, milli Liderimiz bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ulularyň hem-de kiçileriň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramçylygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde bu baýramçylyga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, bazarlarda we söwda dükanlarynda azyk bolçulygyny, baýramçylygyň baş nyşany bolan arçalaryň, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşlerini üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, baýramçylyk günlerinde ýolagçy ulaglarynyň, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak ekinlere ideg etmegiň barşy, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň göwnejaý işini üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Şeýle hem ol Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler barada habar berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň öz möhletinde gurlup gutarylmagy hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilimegi bilen baglanyşykly wezipelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak işlerine jogapkärli, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygynyň şatlyk-şowhuna, uly dabaralara beslenmegi, durmuş ulgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi möhüm talapdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň etraplarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada aýtmak bilen, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, olary guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, ilaty elektrik energiýasy, gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ýolagçy ulaglarynyň, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, welaýatyň, etraplaryň, şäherleriň häkimliklerinde, ähli edara-kärhanalarda baýramçylyk mynasybetli nobatçylygyň guralmagy bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýtdy. Täze ýyl baýramçylygynyň hormatyna guralýan dabaralar baradaky maglumat hasabatyň özenini düzdi.
Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede ýola goýulmagy, olaryň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabyşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän Täze ýyly mynasyp garşylamak, baýramçylygyň hormatyna guralýan medeni çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek, dabaralarda halkymyzyň ruhuna laýyk gelýän asylly ýörelgeleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bazarlarda we söwda dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli guralýan söwdalaryň ýokary derejesiniň ýola goýulmalydygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg etmek işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli medeni çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygynyň hormatyna guralýan dabaralar barada aýtmak bilen, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabyşryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde welaýatyň ähli düzümlerinde nobatçylygyň talaba laýyk guralmagy, durmuş ulgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda zerur tagallalaryň görülmelidigini aýratyn belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we onuň ähli künjeklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek, baýramçylygyň medeni maksatnamasy hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede bolmalydygyny belläp, Aşgabatda abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerine, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz paýtagtymyzda Täze ýyly mynasyp garşylamak, şanly sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäheriň ähli gulluklarynyň, aýratyn-da, ýolagçy ulaglarynyň we jemagat hojalygy düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeldiginiň belledi.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi, ýerlerde ähli işleriň takyk guralmagyny üpjün etmegi talap etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.