Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda durnukly ösüş maksatlary boýunça bilelikdäki iş maslahaty geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan guralyp, oňa BMG-nyň Aşgabatdaky iri agentlikleriniň hem-de düzüm bölümleriniň wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň hem-de pudak edararlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde geçirlen durnukly ösüş meseleleri boýunça Sammitde çykyş etmek bilen, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň hem-de BMG-nyň öz hyzmatdaşlygyny döwrüň ählumumy wezipelerini bolşy ýaly, milli bähbitleri we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, guramak arkaly strategik hyzmatdaşlar bolup çykyş edýändigini nygtady.
Şu ýerde müňýyllygyň ösüşiniň ählumymy maksatlarynyň hereketleriniň ozalky maksatnamasynyň şu ýylyň dekabrynda tamamlanýandygyny bellemek gerek. Ýokarda agzalan Sammitde BMG-ä agza döwletler durnukly ösüşiň täze Ählumumy gün tertibini tassykladylar. Durnukly ösüşiň kabul edilen täze maksatlary 17 maksady hem-de 169 wezipäni özünde jemleýär.
Häzirki iş maslahatyna gatnaşyjylar durnukly ösüşiň täze maksatlarynyň Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşmagy boýunça hereketleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekip, ýurdumyzyň geçen ýyllaryň içinde milletleri olaryň deňligi, ynanyşmagy hem-de özara hormat goýmagy ýörelgelerinde birleşdirmegiň oňyn işlerine ýolbaşçylyk etmäge gönükdürilen bütündünýä guramasynyň abraýynyň we ornunyň pugtalandyrmagynyň işjeň tarapdary bolup çykyş edýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Türkmenistanyň hem-de BMG-nyň netijeli özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ymtylýandygyny hem-de taýýardygyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň iýunynda ýurdumyza ikinji gezek resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gı Mun bilen bolan duşuşygy hem tassyklady.
Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanynyň döredijilikli, örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Şol syýasat netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşünde uly öňegidişlik gazanyldy, uly möçberli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär, halkyň abadan durmuşy üçin hemme zerur şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyz BMG-nyň bütündünýä maslahatynyň belent münberinden uly maksatnamalaýyn söz bilen çykyş edip, ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň esasy bölümleri boýunça Türkmenistanyň garaýşyny hem-de 2016-2030-njy ýyllar üçin umumydünýä ösüşiniň wajyp meselelerini çözmekde sazlaşykly çemeleşmeleri işläp düzmäge gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi. Ähliumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny has işjeňleşdirmegiň, gapma-garşylyklaryň ýüze çykmak howpuny öňünden duýdurmagyň we ony aradan aýyrmagyň, şeýle hem ýakyn 15 ýyl üçin adamzadyň häzirki ýaşaýşynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze ählumumy gün tertibiniň maksatlaryna tiz ýetmegiň wajypdygy nygtaldy. Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyn mejlisleriniň birinde durnukly ösüş maksatlaryny berjaý etmegiň utgaşdyryjy täze guralyny döretmek baradaky meselä garamagyň maksada lyýykdygy barada pikirini aýdyp, Türkmenistanyň degişli anyk teklipleri hödürlemäge taýýardygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýola goýlan netijeli halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga, ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmäge, energetika howsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan nobatdaky gezek uly ruhybelentlik hem-de hoşallyk bilen kabul edilendigi bellärliklidir. Munuň özi bu meseleleriň diňe bir dünýä jemgyýetçiliginiň mynasyp ösüşini üpjün etmekde wajyplygyny däl, eýsem Türkmenistanyň Lideriniň parahatçylygy, ählumumy howsuzlygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine milli, sebit hem-de ählumumy ösüşiň meselelerine çemeleşmeleriniň giň gerimlidigini we öňdengörüjidigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Döwrüň möhüm meselelerini çözmekde hut halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň örän wajypdygyna düşünilmegi Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň iýunynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Krarnamanyň ikinjisiniň biragyzdan kabul edilmegine ýardam etdi. Bu gezek dünýäniň 47 ýurdy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş edti.
Köptaraply bu wajyp resminamanyň gaýtadan kabul edilmegi, şeýle hem hemişelik Bitaraplygyň şanly 20 ýyllygynyň hormatyna ýakynda Aşgabatda çagyrylan “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy”atly halkara maslahatyna onlarça ýurtlardan ýokary derejeli wekilýetleriň gatnaşmagy türkmen Lideriniň alyp barýan parahatçylyk söýjülikli daşary syýasatynyň, onuň halkara derjesinde möhüm parahatçylyk döredijilikli ornunyň ähliumumy ykrar edilmeginiň ynamly tassyknamasyna öwrüldi.
Häzirki günde Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe ýörüteleşdirilen agentlikleriniň we edaralarynyň—BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň, Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdürliginiň, Çagalar gaznasynyň, Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdürliginiň, Ilat gaznasynyň hemişelik esasda işleýändiklerini ýatlamak ýerliklidir. Olar ýurduň ykdysady taýdan ösüşine hakykatdan-da bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýarlar.
Netijeli hyzmatdaşlyk ýyllary içinde olaryň goldaw bermeginde dürli pudaklarda, ilkinji nobatda, saglygy goraýyşda we bilimde uly netijeler gazanyldy. Bu ulgamlaryň ösdürilmegine Türkmenistanda aýratyn üns berilýär. Şeýle hem BMG milli parlamentiň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini kämilleşdirmekde goldaw berýär, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi, gender syýasaty, adam hukuklaryny goramak hem-de hyzmatdaşlygyň ençeme beýleki ugurlary bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalarda uzakmöhletli hyzmatdaş bolup çykyş edýär.
İş maslahatynda Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň hem-de ýörüteleşdirilen edaralarynyň wekilleri türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň düýpli we iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny ýene-de bir gezek beýan edip, umumy asylly maksatlara ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki işlerde hemmetaraplaýyn berilýän goldaw we kömek üçin Türkmenistanyň hökümetrine çuňňur hoşallyk bildirdiler.xx`