Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Rosneft” döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Rosneft” döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 866
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Seçini kabul etdi. Duşuşyk "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirildi.

Türkmen Liderine wagt tapyp kabul edendigi hem-de türkmenistanlylar üçin möhüm senede Türkmenistana gelip görmäge çakylygy üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen gutlady we täze energetika desgasynyň ägirt uly ähmiýetini belledi, bu turbageçiriji ýurdumyzyň ähli iri gaz ýataklaryny bitewi ulgama birleşdirer. Igor Seçin bu iri möçberli taslamanyň türkmen ykdysadyýeti üçin goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyny, şeýle hem dünýä nebitgaz pudagynyň möhüm düzüm bölegi boljakdygyny aýtdy.

Myhman Türkmenistanyň amala aşyrýan bu düzüm taslamasynyň ilkinji däldigini nygtap, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. “Rosneft” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bularyň ählisi Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri hem-de dünýä bazarlarynda alyp barýan işjeňliginiň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Igor Seçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny aýratyn belledi, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça diňe bir milli dörejedäki däl-de, halkara ähmiýetli taslamalar hem amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmen döwleti geljekde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrar, köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesi onuň esasyny düşýär. Türkmenistan özüniň ägirt uly serişde gorlaryny halkara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň bähbidine peýdalanmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtady we ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplap, şol sanda iri kompaniýalar, maliýe edaralary hem-de guramalary bilen ýangyç-energetika toplumynda köp ugurly we iri möçberli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika pudagynda dünýä bazarynyň energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegine barha ösýän isleglerini hasaba almak bilen, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak strategiýasy özüniň netijelerini berýär we Türkmen döwletiniň gazy ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de energiýa serişdelerini howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin binýat döredýär.

Myhman şu günki şanly wakanyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belläp, Bitarap Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasatynyň hyzmatdaşlaryň gerimini giňeltmäge we geljegi uly ugurlar boýunça netijeli işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Iri nebitgaz ýataklaryny agtarmak we senagat taýdan özleşdirmek boýunça iri taslamalara goýberilýän ägrirt uly maýa goýum serişdeleri, köp ugurly turbageçirijiler we ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän ugurdaş düzümleriň tutuş ulgamynyň döredilmegi gury ýerde hem-de deňizde nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýändiginiň subutnamasydyr. Türkmen döwletiniň öz energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň köp ugurly ulgamyny döretmek boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy özüniň baştutanlyk edýän kompaniýasynyň ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwata eýe bolan biziň ýurdumyz bilen iri möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, gazy gözläp tapmak we çykarmak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipler beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk, özara bähbit esasynda guralýan hem-de okgunly ösdürilýän türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.