2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap Türkmenistan we ÝUNISEF 2016-2020-ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek barada täze maksatnama boýunça işläp başlaýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýokary derejedäki jemleýji duşuşykda geçen maksatnamanyň esasy gazananlary seljerildi hem-de indiki bäş ýyl üçin öňde goýlan maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, döwlet guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ÝUNISEF-iň beýleki hyzmatdaşlary gatnaşdylar. Duşuşyk mundan beýläki ösüşi we çaganyň hukuklaryny durnukly amala aşyrmagy üpjün etjek hem-de Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarjak täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki işleriň strategiki netijelerini kesgitlemek boýunça konstruktiw platforma bolyp hyzmat etdi.
Geçen bäş ýylda edilen işleriň jemlerine dogry baha bermegi geçirmek 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň täze maksatnamasynyň başlangyjy boldy. Duşuşygyň barşynda döwlet syýasatynyň çagalaryň hukuklaryny we gyzyklanmalaryny üpjün etmäge gönükdirilendigi, ýurtda Türkmenistanyň konstitusiýa kepilliklerne we halkara borçnamalaryna laýyklykda, doly we köp ugurly hyzmatdaşlygynyň oňaýly mümkinçilikleriň döredilendigi nygtaldy.
Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň 2016-2020-ýyllar üçin hyzmatdaşlygy BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär, Türkmen döwletiniň ösüşine durmuş taýdan gönükdirilen konsepsiýasyna daýanýar we Türkmenistanyň milli maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edýär.
Maksatnama dört ugur: kiçi ýaşda çagalaryň ýaşamagy we maddy üpjünçiligi; kiçi ýaşda ýokary hilli we inklýuziw okuwy; durmuş taýdan deňligi üpjün etmek; çaganyň hukugyny amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça amala aşyrylar. Fiziki taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar üçin inklýuziw hoşniýetli we alada bilen gurşalyp alynan gurşawy öňe sürmek ýaly meseleler maksatnamada aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem döwlet we döwlete degşli däl gurluşlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde taraplaryň özara tagallalary hasabat bermegi berkitmäge, maglumatlary ýygnamaga we seljermäge gönükdiriler. Bu bolsa çagalar maksatnamasy ulgamynda milli meýilnamalaşdyryşy kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
2016-2020-ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek barada täze maksatnama maliýeleşdirmek esasda amala aşyrylar. Bu bolsa onuň möhüm tarapy bolup durýar we Türkmenistanyň girdejisiniň ortadan ýokary ýurt hökmündäki derejesi bilen baglydyr.