Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

view-icon 884
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylar bilen bilelikde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl barýamçylygyna gatnaşdy.

Ýola goýlan asylly däbe görä, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň boş wagtlaryny peýdaly sarp edýän meşhur ýerine öwrülen, Aşgabadyň ajaýyp binagärlik gözellikleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi paýtagtymyzda Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada belent owadan arça gurnaldy. Onuň çür depesinde çar ýana ýagty salýan “2016” ýazgyly sekizburçly ýyldyz oturdyldy. Meýdançanyň töwereginde bolsa müň dürli öwüşginler, biri-birinden owadan oýnawaçlar hem-de çyralaryň jadyly şuglalary bilen hakyky ertekiler şäherçesi ýaýylypdyr.

Bu ýerde üstüne ak gar sepelenen ýaly arçalar hem-de şarjagazlar we jaňjagazlar bilen bezelen ýaşyl arçalar bezeg berýär, suw çüwdürimleri köpdürli reňklere beslenipdir, ertekilerdäki gahrymanlaryň öwşün atýan şekillerinden hem-de arçalardan gurnalan girelgeleriň görnüşleri kalbyňa täsir edýän üýtgeşik duýgulary döredýär. Täsin aýdym-sazlaryň ýaňlanyp, köp reňkli yşyklaryň ýagty saçmagynda gurnalan uly girelge ähli myhmanlary bu jadyly patyşalyga syýahat etmäge çagyrýar.

Şu gün bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden çagalar ýygnandylar. Olaryň arasynda okuwynda ökde ýetişýänler, ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň hem-de döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, şeýle hem çagalar öýlerinde terbiýelenýänler bar. Hemmeler täze ýyl dabaralarynyň esasy gahrymanlary hem-de hemişelik hemrasy bolan Aýazbaba we Garpamyk bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Ýeri gelende, Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky baýramçylyga gatnaşmaga hukugy däp bolan bäsleşiklerde gazanandyklaryny bellemek gerek.

Çagalar bilen ýakynlaşyp gelýän baýramçylygyň şatlygyny paýlaşmaga täsin şäherçä köpsanly myhmanlar hem geldiler. Olaryň arasynda hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bar.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ruhubelentlik bilen garaşýarlar. Döwlet Baştututanymyz asylly däbe eýerip, her ýylda ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanydaky şadyýan Täze ýyl baýramçylygyna kanagatlanma bilen gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ulagy meýdançanyň ýanynda saklanýar. Toý lybasyndaky çagalar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar. Toý lybasyndaky çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şatlykly belent heňde aýdýan goşgulary bilen garşylaýarlar.

Şatlykly Täze ýyl sazy ýaňlanýar. Bagtyýar çagalar bilen bilelikde, milli Liderimiz Täze ýylyň baş nyşanyna – dürli şarlar, her hili oýnawaçlar, yşyklandyryjylaryň müň dürli öwüşginleri bilen bezelen baky ýaşyl owadan arça tarap ugraýar. Onuň töwereginde ertekilerdäki ýaly sandyklar hem-de üsti Täze ýyl sowgatlary ýüklenen arabalar goýlupdyr.

“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çagalar döredijilik toparlary aýdym-sazlar, şowhunly tanslar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimize gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň dillerinde belent hem-de tüýs ýürekden ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli gutlaýar. Aýazbaba hem-de Garpamyk milli Liderimize ýüzlenýär. Olar ýaş türkmenistanlylaryň adyndan çagalar hakyndaky ýadawsyz aladasy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi babatda ýurdumyzda döredilýän örän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirýärler. Çagalaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çykyşlary başlanýar.

Şol pursatlardan başlap, çagalara mahsus bolan şadyýanlyk hem-de göwnaçyklyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň owazy ertekiler şäherçesini gurşap alýar. Körpe artistleriň hatarynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda, Çagalar we ýetginjekler köşgünde terbiýelenýänler we beýlekiler bar. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekilerindäki gahrymanlaryň owadan egin-eşikleri çykyşlara aýratyn gözellik çaýdy. Çagalara hem-de ululara örän tanyş bolan ertekileriň göýä janlanan gahrymanlarynyň ählisi, ýetip gelýän 2016-njy ýylyň nyşany bolan galdaw maýmynjyk şadyýan dabaralara gatnaşdylar.

Milli Liderimiz tüýs ýürekden kanagatlanma hem-de uly gyzyklanma bilen çagalaryň çykyşlaryny synlaýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň ýaş nesli hakyndaky yzygiderli alada döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin hemme zerur şertler döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle üns berilmegi netijesinde çagalar döredijilik, akyl-paýhas ukyplaryny işjeň ösdürýärler, sport bilen meşgullanýarlar, abraýly bäsleşiklere hem-de halkara festiwallaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik gözden geçirilişleriniň ýeňijileri bolýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna hem-de eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen BMG-niň birnäçe beýleki möhüm resminamalaryna goşulyp, dünýä jemgyýetçiligine öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýändigini görkezýär. Muňa ýurdumyzda gurlan hem-de gurulýan iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary şaýatlyk edýär. Tebigatyň ajaýyp Gökdere künjeginde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde ýerleşen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedir hem-de täze döwrebap saglyk merkezleri bilen ýyl-ýyldan olaryň üsti ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz işiniň örän köpdügine garamazdan, çagalar bilen duşuşmaga wagt tapýar. Häzirki Täze ýyl baýramçylygy hem munuň mysalydyr.

Ajaýyp Täze ýyl çykyşlarynyň barşynda çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa owadan Täze ýyl arçasynyň daşyndan el tutuşyp, aýlanmak haýyşy bilen ýüzlenýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlanyp, hemmeleriň söýgüli baýramçylygynyň şatlygyny hem-de şowhunyny paýlaşýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Çagalaryň haýyşy boýunça milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyndan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içi şadyýan çagalardan doly Täze ýyl öwüşgünlerine beslenen awtobusa münüp, Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaş raýatlary bilen özara gürrüňdeş bolup gitdi. Çagalar milli Liderimize Watan, barha rowaçlanýan zamanamyz, mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan asylly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyga ýugrulan goşgulary we elbetde, Täze ýyl baradaky ajaýyp goşgularyny dürli dillerde arassa çaga ýüreklerinden aýdyp berdiler. Hormatly Prezidentimiz olaryň päk kalbyndan çykýan sözleri hem-de belent joşgun bilen aýdyp beren goşgulary üçin minnetdarlyk bildirip, çagalara okuwlarynda hemişe 4-lik-5-lik bahalar bilen okamaklaryny hem-de iň oňat milli däpleri mynasyp dowam etdirijiler, ata-babalarymyzyň parasatly nesihatlaryna eýerijiler we Watanymyzyň hakyky eýeleri bolup ýetişip, Türkmenistany mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge öz goşantlaryny goşmaklaryny arzuw etdi.

Biraz salymdan awtobus Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaralary öz çagalary, agtyklary bilen bilelikde milli Liderimizi mähirli garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz uly zalda guralan çagalaryň ýene-de bir Täze ýyl baýramçylygynyň hormatly myhmany boldy. Ajaýyp öwüşginler hem-de Täze ýylyň nyşanlary bilen bezelen bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar, şowhunly tanslar hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Täze ýylyna bagyşlanan şygyrlar ýerine ýetirilen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Iň oňat çagalar döredijilik toparlary, şeýle hem meşhur estrada aýdymçylary, folklor ýerine ýetirijiler, görnükli şahyrlar, teatr we kino artistleri öz sungatlaryny tomaşaçylara sowgat edýärler.

Bu ýerde gurnalan arça teatr hem-de sirk artistleriniň gatnaşmagynda yşyklaryň älemgoşary we dürli lybasly öwüşgine beslenen çykyşlar bilen şugla saçýar. Çagalaryň şadyýan ýüzleri bagtyýar ýylgyryp dur. Olary Aýazbaba bilen Garpamyk hoşniýetli arzuwlary bilen gutlaýar.

Ýurdumyzyň ussat hem-de çeper höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly, tans çykyşlary baýramçylyk konsertiniň ajaýyp çemenine öwrüldi. Şonda ýaş artistler—umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri we baýrak eýeleri öz zehinlerini görkezdiler. Joşgunly mukamlar belent ýaňlanýar, halk heňleri, nusgawy eserler ýerine ýetirilýär, tans sazynyň joşgunly heňine hemmeler agzybirlik bilen el çarpýarlar. Ýakynlaşyp gelýän Täze ýylyň göwün galkyndyryjy pursatlary hemmelere ajaýyp göwnüçaglygy sowgat etdi.

Şu gün milli Liderimiziň hem-de ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň, türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýene-de bir Täze ýyl çäresi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Jogap edip, dabara gatnaşyjylar milli Liderimize hoşallyk bildirdiler hem-de Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly şygary astynda geçjek täze, 2016-njy ýylda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ösdürmekde has-da belent sepgitlere ýetiljekdigine we döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, onuň dünýä abraýynyň barha köpeljekdigine biragyzdan ynam bildirdiler.

Ajaýyp owadan öwüşginli şüweleňiň maksatnamasyny sungat ussatlarynyň konserti, aýdym-saz, tans we teatr çykyşlary düzdi.

Hemmeleri we her bir kişini bu täsin we şadyýan pursatlara çekmek bilen, bagtyýar gülküleri hem-de ajaýyp keýpiçaglygy bolluk bilen eçilip, baýramçylyk dabaralary Täze ýyl gijesinde ýurdumyz boýunça galkyndyryjy güýje beslenmegi üçin barha giň gerim aldy hem-de jemleýji wakalara ýakynlaşdyrýar.

Biziň iň oňat, päk hem-de röwşen umytlar bilen baglaýan 2016-njy ýylymyzy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan jebis, uly we agzybir maşgala bolup garşylaýar.

Goý, durmuşymyzyň her bir güni hoşniýetli umytlaryň şuglasy, täze üstünlikleriň we gazanylanlaryň şatlygy bilen doly bolsun, asylly işlerimiz bolsa, Watanymyzyň şöhratyny artdyrsyn!

Ýurdumyzda hem-de her bir öýde parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş dabaralansyn!

Täze ýylyňyz bilen, türkmenistanlylar! Täze bagt bilen!