Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda ýetip gelen 2016-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşyna, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Ýazmuhammedowany, S.Toýlyýewi, B.Hojamämmedowy çagyrdy. Wise-premýerler özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pudaklary döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, düzümleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdiler.
Wise-premýer M.Ýazmuhammedowa milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak babatda işlenip taýýarlanylan Kararyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Mill Liderimiz hasabatlary diňläp, biziň mirasymyzyň uly hem-de dürli öwüşginli bolup, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň muzeýlerinde aýawly saklanylýan genji-hazynany, medeniýetiň gülläp ösen, müňýyllyklaryň dowamynda ylham joşgunynyň hem-de bilim baýlygynyň toplanan mekanydygyny nygtady. Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen uly işleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylyň Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, gadymy ata-babalarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklary gorap saklamagyň, ýurdumyzda, halkara giňişliginde wagyz etmegiň hem-de baý mirasymyzy geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny, halkymyzyň mizemez ruhy-taryhy köklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy özgertmek ugrunda beýik işleriň amala aşyrylýandygyny nygtap hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesini ýokary derejde bellemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz “2016-njy ylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip atlandyrmak bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyz munuň türkmen halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn gorap saklamak we düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny, şoňa görä-de, bu wajyp işe örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň örän möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady taýdan pugtalanmagyny üpjün edýän senagat düzümleriniň, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmeginiň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz pudaklaryň eksport mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçiilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, möwsümleýin işleriň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we bellenilen agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, welaýatyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy we welaýatyň etraplarynyň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine degip geçdi. Milli Liderimiz geçen ýyl welaýatyň käbir etraplarynyň häkimleriniň ýaramaz işländikleriniň, olaryň Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändikleriniň belläp, işde goýberen kemçilikleri üçin welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi R.Gurtowy eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyň häkimine “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” mynasybetli maksatnamany taýýarlamak boýunça meýilleşdirilen çärelere, şeýle hem sebitiň ykdysadyýetini pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatyň çäklerinde bar bolan medeni-taryhy ýadygärlikler milletiň buýsanjy bolmak bilen, olaryň döwrüň talabyna laýyk derejede saklanmagy, rejelenmegi ugrunda zerur çäreler alnyp barylmalydyr. Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak ekinlere ideg etmegiň barşy, maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykowy hem göni aragatnaşyga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl welaýatyň käbir şäherleriniň we etraplarynyň häkimleriniň talabalaýyk işlemändigini, olaryň oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça ýaramaz netije gazanandyklaryny, häkimleriň başga-da köp kemçiliklere ýol berendigini aýratyn belläp, Balkanabat şäheriniň häkimi B.Gulmämmedowy, Etrek etrabynyň häkimi Ç.Orazowy eýeleýän wezipelerinden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda emele gelen ýagdaýy içgin eljerip, degişli netije çykarmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde bar bolan tebigy ýadygärlikleriň, gadymy şäherleriň galyndylarynyň degişli derejede saklanmagy, olaryň geljek nesillere ýetrilmegi bilen baglanşykly meselelere jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň etraplarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada aýtmak bilen, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz, göni aragatnaşykda geçirilýän wiedioşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, Görogly etrabynyň häkimi M.Mämmedowy saglyk ýagdaýy sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Milli Liderimiz “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” geçiriljek işleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, welaýatyň oba hojalygyny, ykdysadyýetini ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň çäkleriniň taryhy ýadygärliklere has-da baýdygyny belläp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp künjeklere gelýän jahankeşdeleriň sanynyň yzygiderli artýandygyny belledi we myhmanlar üçin mynasyp şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede ýola goýulmagy, olaryň agrotehnika kadalara laýyk alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýylda welaýatyň ykdysadyýetinde hem, oba hojalygynda hem geçirilen işlere pes baha berip, şeýle hem sebitiň durmuş düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleriň geçirilmändigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Ereşowy çagyrdy we geçen ýylda welaýatyň käbir etraplaynyň häkimleriniň ýaramaz işländigini, olaryň Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändiklerini, bu etraplaryň häkimleriniň başga-da birnäçe kemçiliklere ýol berendigini nygtady.
Şunuň bilen baglylkda, döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin Köýtendag etrabynyň häkimi A.Bäşimowy, Atamyrat etrabynyň häkimi A.Garlyýewi, Birata etrabynyň häkimi Ç.Astanowy, Döwletli etrabynyň häkimi S.Akyýewi eýeleýän wezipelerinden boşatmak hakyndaky Permanlara, şeýle hem Ş.Weliýewi Birata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň” iş maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselä örän jogapkärçilikli çemeleşmegi welaýatyň häkiminden talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň özboluşly tebigy aýratynlyklara eýedigini belläp, sebitde syýahatçylygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady we welaýatyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg etmek işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Ýazmuhammedowany hem çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň käbir etraplarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmändigini we şol sebäpli hem oba hojalyk önümlerini öndürmegiň depginleriniň peselýändigini belläp, Döwlet Baştutanynyz özüne ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin Ö.Jumagulyýewi Wekilbazar etrabynyň häkimi, E.Esenowy Murgap etrabynyň häkimi we Ç.Geldiýewi Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Milli Liderimiz 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Dünýä medeniýetiniň ösüşinde möhüm ornu eýeleýän taryhy ýadygärlikleriň işjeň öwrenilmeginiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we onuň ähli künjeklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraýan çäreler hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede bolmalydygyny belläp, Aşgabatda abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerine, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň” maksatnamasyny düzmek, Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmek, ýerlerde işleriň takyk guralmagyny üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.