Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 878
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirdi, onda geçen 2015-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem döwletimizde we jemgyýetimizde parahatçylygy, durnuklylygy, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça düzümleriň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary özlerine ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiz tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.

Ilkinji bolup geçen ýylda geçirilen işler hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan uly möçberli harby özgertmäniň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berdi. Şol özgertmäniň maksady harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we amatly ýaşamagy üçin oňaýly şertleri döretmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegiň we hünärli harby işgärleri taýýarlamagyň hasabyna milli goşunymyzy berkitmek bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarda özgertmeleri ilerletmegiň barşyna kanagatlanma bildirip, Garaşsyz Watanymyzyň dünýä bilelelişigi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny aýratyn belledi. Bitaraplyk derejesi ýurdumyza ylalaşdyryjylyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny işjeň we netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, döwletimiz milli howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de türkmen halkynyň asuda durmuşynyň we abadançylygynyň kepili bolup durýan goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berer.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow döwlet serhedindäki ýagdaý hem-de mähriban Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň goralmagyny güýçlendirmek, gullugyň garamagyndaky desgalarda işleriň barşy, hususan-da, döwrebap serhet galalaryny gurmak boýunça 2015-nji ýylda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz gury ýerde we deňizde mukaddes çäklerimizi gije-gündiz goraýan serhetçilerimiziň aýratyn jogapkärçiligini, ene topragymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek işine uly goşandyny aýratyn belläp, döwletimiziň serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga uly üns berjekdigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri G.Hojaberdiýew ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylda alnyp barlan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz döwlet Garaşsyzlygynyň sütünlerini berkitmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň aýratyn ornuny nygtap, ýurdumyzyň düýpli we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginde möhüm ýagdaýlary kesgitleýändigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegini hem-de halkara giňişliginde abraýynyň artmagyny döredijilikli zähmeti bilen üpjün edýän halkymyzyň agzybirligi we jebisligi şolaryň esasysydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Hojaberdiýew Güýçgeldi Hojaberdiýewiçe käýinç yglan etdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow geçen 2015-nji ýylda IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada aýtmak bilen, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini hem-de durnuklylygy üpjün etmek, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak babatda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol ýurdumyzyň ýollarynda köçe ýol hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek, ýol belgilerini tertipleşdirmek, şeýle hem ýolagçylar we sürüjilder üçin zerur amatlyklary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Mundan başga-da, ol halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň desgalarynda ýangyn howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň işgärleriniň alyp barýan işleriniň möhümdigini aýdyp, IIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary, hususan-da, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol gözegçilik gullugynyň işini güýçlendirmek bilen bagly tabşyryklary berdi. Bu gullugyň işgärleri ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak bilen, sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidir.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi, täze gurulýan we durky täzelenýän ýollarda, köp zolakly awtomobil köprülerinde degişli belgileriň döwrebap derejede oturdylmalydygyny, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi babatda zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de prokuratura edaralarynda düzgün-nyzamy güýçlendirmek boýunça maksada gönükdirilen işler barada hasabat berdi. Prokuratura işgärleriniň üstüne jogapkärli wezipe – milli kanunçylygyň takyk berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek wezipesi ýüklenendir.

Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleriniň möhümdigine ünsi çekip, olaryň işi täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna we wezipelerine, döwletimiziň adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine hemmetaraplaýyn gabat gelmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew dünýä ölçeglerine kybap gelýän kazyýet ulgamyny ösdürmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçen ýylda durmuşa geçirilen işler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz çykarylýan çözgütler üçin kazyýet edaralarynyň örän uly jogapkärçilik çekýändigini aýdyp, hukuk döwletimizde ileri tutulýan kanunlaryň berk berjaý edilmegine hem-de her bir aýratyn işe örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow 2015-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Çilimkeşlige garşy alnyp barylýan köpçülikleýin çäreleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň işine düýpli nägilelik bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berýändigi üçin Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowa berk käýinç yglan etdi we ony polkownik harby atdan podpolkownik harby ada çenli peseltdi. Döwlet Baştutanymyz ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, A.Osmanowyň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük güllugynyň başlygy D.Baýramow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçen ýyl amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň tutuş Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde ykrar edilmegi netijesinde iş gerimi artan gümrük gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda işgärleriň saýlanyp alynmagy, täze we hereket edýän gümrük terminallarynda guramaçylykly işi üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmegi durýar diýip belledi. Şol terminallarda oturdylan döwrebap enjamlar netijesinde Türkmenistanyň çäginden geçýän ähli ýükler ykjam barlanýar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow 2015-nji ýylda geçirilen işleriň netijeleri, gullugyň garamagyndaky ähli edaralarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe migrasiýa gullugynyň geçiren işleriniň netijeliligi dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleriniň, daşary ýurt raýatlarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagy bilen gös-göni bagly boldy. Çünki ýurdumyz parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň iş usullaryny has-da kämilleşdirmek, has netijeli dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow döwlet Baştutanymyza öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça 2015-nji ýylda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz umumy kadalary nazara almak bilen işlenip taýýarlanýan täze kanunlary kabul etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu meselä jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Çünki kabul edilýän kanunlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek boýunça öňde goýlan döwlet wezipelerini üstünlikli çözmegiň ygtybarly binýady bolup durýar. Şunda şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegi, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolan adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy üçin ähli şertler döredilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda, döwletimiziň hem-de tutuş halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durýan ähli harby we hukuk goraýjy düzümleriň ysnyşykly, sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde degişli gulluklaryň işgärleri we serkerdeleri ähli zerur tagallalary etmelidirler diýip belledi. Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şu ugurdan gelip çykýan wezipeleriň çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, gülläp ösüş döwrüne gadam basan eziz Watanymyza birkemsiz gulluk etmekde üstünlikler arzuw etdi.