Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 703
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Saýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýeganini kabul etdi.

Diplomat döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Täze, 2016-njy ýyl bilen gutlady we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň döwlet Baştutanymyza hem-de tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk, gülläp ösüş baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Eýranda Türkmenistan bilen ýola goýulýan köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Eýran bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ikitararaplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýan duşuşyklar we gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana iň gowy arzuwlaryny aýdyp, geçen ýyl Aşgabatda hem-de Tähranda ýokary derejede geçirilen türkmen-eýran duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we onuň ägirt uly mümkinçilikleri hem-de oňyn geljegi bolan döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigini belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de diplomat özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagy, dürli pudaklardaky hyzmatdaşlyk tejribelerini baýlaşdyran birnäçe bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.

Söwda-ykdysady we nebitgaz pudaklaryndan başga-da, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ugurda Türkmenistan sebitara we halkara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürdi. “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi bilelikdäki tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat medeni gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Iki halkyň köpasyrlyk taryhy we ruhy taýdan umumylygy bu gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly binýady emele getirýär. Häzirki döwürde belli taryhy şahslara, alymlaryň we şahyrlaryň döredijilik mirasyna bagyşlanan bilelikdäki medeni çäreler, ylmy maslahatlar dostluk hem-dwe hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna oňyn mümkinçilikler döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ilçi 2014-nji ýylda döwlet Başutanymyzyň başlangyjy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen giň möçberli çäreleriň netijeliligine ýokary baha berdi. Bu şahyryň döredijiligine Eýranda hem çuňňur hormat goýulýar. Bellenilişi ýaly, beýik akyldar şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan dabaralar dünýäniň dürli ýurtlarynda köpsanly adamlaryň Magtymguly we onuň döredijiligi barada has-da köp maglumatlara eýe bolmagyny şertlendirdi. Şeýle hem şahyryň tutuş adamzadyň ruhy gymmatlygynyň möhüm bölegine öwrülen ynsanperwerlige ýugrulan edebi mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam etdi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çärelerini nazara almak bilen, sport ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşandygy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi we üstünlikler arzuw etdi.

Saýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani işine ýokary baha berlendigi hem-de mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Türkmenistanda alty ýyl işländigini we özünde ýakymly täsirleriň, hoşniýetli duýgularyň galandygyny aýratyn nygtady. Onuň belleýşi ýaly, Eýranda ýurdumyz bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyga uly üns berilýär we parahatçylyk söýüjilikli türkmen halkynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanylýar.