Ï Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

view-icon 971
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde her ýylyň başynda geçirilýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Mejlisiň kanunçykaryjylyk deputatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň Mejlisiň deputatary bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda milli parlamentiň binasynda Mejlisiň ýolbaşçysynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň barşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna we halkara derejesine laýyk gelýän täze kadalaşdyryş-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylar bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen boljak duşuşykda garaljak meseleleri, olaryň ähmiýetini hem-de duşuşykda öňde goýuljak wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda milli kanunçylygy pugtalandyrmak, degişli pudaklar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan täze kanunlary işläp taýýarlamak meseleleri maslahatyň gün tertibini düzdi.

Şeýle hem bu ýerde geçirilen maslahatyň barşynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň önümçilik we eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak, welaýatlary, Aşgabat şäherini mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakyndaky hasabatlary diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetlidigini belläp, bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzyň garaşsyzlygyna eýe bolanyna 25 ýyl dolýandygyny, şunlukda, halkymyzyň taryhy we medeni mirasyna daýanyp, Watanymyzy özgertmekde maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Şu ýylyň dowamynda öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, täzeçil ýörelgeleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda oňyn mümkinçilikleri döredýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde ýokary netijeleriň gazynlandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şu ýylda bar bolan hem-de ulanylmaýan mümkinçilikleriň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz milletiň demokratik gymmatlyklaryny, döwletiň hukuk hem-de ykdysady esaslaryny pugtalandyrmakda Mejlisiň deputatlaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu babatda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna gönükdirilen işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ýokarlanmagy, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürimegi bilen baglanyşykly meseleler örän möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda maslahata gatnaşan ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary bilen boljak duşuşykdan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, ýerlerde bu wezipeleriň ähmiýetini beýan etmek hem-de ony berjaý etmegiň ugurlaryny kesgitlemek boýunça maslahata gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Mejlisiň maslahatlar zalynda bardy. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukku goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, münbere geçdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen her ýylda duşuşmagyň we özygtyýarly Watanymyzyň çalt depginlerde ösdürilmegine, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň asylly däbe öwürlendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň 2015-nji ýylda hem ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly işländigini, kanun çykaryjylyk boýunça köp işleri bitirendigini belledi.

Mejlis kanun çykaryjylyk işini çaltlandyrmak bilen birlikde ýerlerde, saýlaw okruglarynda deputatlar tarapyndan geçirilýän işleriň gerimini hem yzygiderli giňeldýär. Ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen bagly möhüm işleri alyp barýar. Bu bolsa özüniň oňat netijelerini hem berýär. Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Häzirki döwürde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek bilen bir hatarda, «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak möhüm wezipe bolup durýar. Bu ugurda geçirilýän işleri şu ýyl tamamlamak üçin zerur çäreler görülmelidir. Şeýle hem, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda adam söwdasyna garşy göreş babatda milli kanunçylyga zerur bolan üýtgetmeleri girizmelidir.

Milli Lideriimiziň belleýşi ýaly, dünýäde terrorçylykly hereketleriň güýçlenmegi döwletleriň milli howpsuzlygyna, çäk bitewüligine, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlygyna aýratyn howp salýar. Häzirki döwürde dünýäde dini oňşuksyzlyk, din bilen bagly ýaragly çaknyşyklar, milli we dinara garşylyklaryň ýitileşmegi netijesinde, bu mesele aýratyn üns berilmegini talap edýär. Dünýäde emele gelen howply ýagdaýlary göz öňünde tutup, milli kanunçylyga seljerme işlerini geçirmeli we oňa şeýle ýaramaz ýagdaýlara garşy gönükdirilen degişli üýtgetmeleri girizmeli. Bu ugurda «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmelidir.

Hukuk goraýjy edaralarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmelidir. Häzirki döwürde Adalat ministrliginiň işini kämilleşdirmek, hukuk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmalydyr. Şu maksatlardan ugur alyp, ýurdumyzda adalat ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kanunyň kabul edilmegi bu wezipeleri durmuşa geçirmäge amatly şertleri döreder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň dünýä bileleşigine doly goşulmagy, halkara taslamalaryna işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň milli kanunçylygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmegi talap edýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Parlamentiň deputatlarynyň Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara topary bilen degişli işleri geçirmeginiň we anyk teklipleri bermeginiň zerurdygyny nygtady.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň we Oba Milli maksatnamasynyň çäklerinde hem giň gerimli işler alnyp barylýandygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz adamlaryň saglygyny goramak, olar üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek, ilaty oňat hilli, howpsuz derman serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, şu ýyl «Derman üpjünçiligi hakyndaky» Kanunyň täze taslamasynyň taýýarlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi

Şeýle hem, geljegimiz bolan ýaş nesli sagdyn ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu wezipeden ugur alyp, «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem-de wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky» Kanunyň täze taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, «Adamyň immun ýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakyndaky» Kanunyň täze taslamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, şu ýyl Zähmet kodeksine üýtgemeler we goşmaçalar girizmek göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir maşgalanyň maddy üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan işlerini hukuk taýdan berkitmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Maşgala kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek möhümdir. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine üýtgetmeler girizmek baradaky Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanmagy maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyzda ekologiýany gorap saklamak, ilatyň suw serişdelerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, suwy hapalanmakdan we azalmakdan goramak hem häzirki döwrüň möhüm meselesidir diýip bellemk bilen, döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy we goramagy guramaçylyk, hukuk we ykdysady taýdan düzgünleşdirýän Suw kodeksiniň şu günki günüň talaplaryna laýyklykda täzeden kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ekologiýa meselesi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde howany arassa saklamak hem dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan derwaýys meseleleriň birine öwrülendigini belledi. Şoňa görä-de, arassa howany goramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Atmosferanyň howasyny goramak hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilmelidir.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler oba hojalyk pudagyny hem giňden gurşap aldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileri oba hojalyk önümçiligine giňden çekmek, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, azyk howpsuzlygyny berkitmek, ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek möhüm wezipelerdigini belläp, «Ösümlikleri goramak hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli kanunçylykda ýerli häkimiýet edaralaryna örän giň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Muňa garamazdan, geçirilýän konstitusion özgertmelere laýyklykda bu edaralaryň ygtyýarlyklaryna täzeden seredilse, maksadalaýyk bolardy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu nukdaýnazardan, halk maslahatlarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, Geňeşleriň ygtyýarlyklaryna aýratyn üns berilmelidir.

Ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly örän köp desgalary we ýollary gurýarys. Bu desgalary dolandyrmak, olara eýelik etmek ýerli häkimiýet edaralarynyň paýyna düşýär diýip bellemk bilen, döwlet Baştutanymyz şol edaralaryň bu ugurdaky ygtyýarlyklary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda giňden beýan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu işe deputatlaryň aýratyn ünsüni çekdi we bu işler alnyp barlanda halkara tejribesini göz öňünde tutmaly. Şeýle hem, ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly tejribesinden ýerlikli peýdalanmaly.

Şeýle hem, gurluşyk babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, binagärlik işinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemäge gönükdirilen kanunlary taýýarlamak möhüm wezipedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma esaslanýan ykdysady syýasaty alyp barmak bilen, biz daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply harytlaryň önümçiligini ýola goýmaga, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmäge uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kabul etmegiň zerur bolup durýandygyny, dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ykdysady we maliýe ýagdaýlarynyň milli ykdysadyýetimize edýän täsirini azaltmagyň möhüm meseledigini nygtady.

Şoňa görä-de, milli Liderimiz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljerip we kämilleşdirip durmaly. Döwlet serişdelerini rejeli peýdalanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmeli. Ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileri goldamak, goşmaça iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm ugurlarda hem milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmek, örän uly ähmiýetli, iri halkara sport çäresini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek we bu Oýunlary wagyz etmek we mahabatlandyrmak işleriniň möhümdigini aýtdy. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz «Meýletinçiler hakyndaky» hem-de «Mahabat hakyndaky» täze kanunlary kabul etmek zerurdygyna ünsi çekdi.

«Elektron resminama hakyndaky» Kanunyň hereket edýändigine garamazdan, häzirki döwürde bu ugurdaky kanunçylygy has-da kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyp, milli Liderimiz şu wezipeden ugur alyp, «Elektron resminamalar we elektron resminamalaryň dolanyşygy hakyndaky» täze Kanun kabul edilmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip yglan edilmegi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz medeni gymmatlyklary goramak boýunça gatnaşyklary düzgünleşdirýän, halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakyndaky» täze Kanunyň taslamasy, şeýle hem «Kinematografiýa işi hakyndaky» Kanunyň taslamasy taýýarlanmagynyň we kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwlet hökmünde ykrar edildi diýip belläp, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda tutýan orny, daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda geçirilýän çärelere, halkara guramalarynyň işine gatnaşmagy bilen bagly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylygyny kämilleşdirmegini talap edýändigini nygtady.

Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň daşary syýasat babatdaky esasy wezipeleriniň Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny goldamakdan we wagyz etmekden ybaratdygyny belledi.

Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary hereket edýän kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň üstüne jogapkärli wezipeler ýüklenýär. Konsullyk edaralarynyň netijeli işlemegi hem döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge köp derejede ýardam edýär. Şoňa görä-de, «Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi hakyndaky», şeýle hem «Konsullyk gullugy hakyndaky» kanunlary Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Diplomatik gullugyň möhüm ugurlarynyň biri hem protokol işi bolup durýar. Şoňa görä-de, diplomatik işde toplanan tejribäni peýdalanyp we dünýä standartlaryna laýyklykda bu wezipäni amala aşyrmak üçin zerur bolan goşmaça hukuk esaslaryny döretmeli. Şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiz «Döwlet protokoly hakyndaky» Kanunyň üstünde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyp, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmek bilen bagly işleri üstünlikli dowam etmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen döreden parlamentara dostluk toparlarynyň sanyny artdyrmagyň we parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda Milli parlamentiň deputatlaryň öňde goýlan uly we jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdigine, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylajakdyklaryna, eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi we olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli deputatlaryň adyndan yzygiderli üns berýändigi we möhüm döwlet maksatnamalaryny, oňyn demokratik ýörelgeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işe ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz bilen geçirilýän her bir duşuşyk, hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmuna eýe bolan taryhy çykyşy deputatlaryň kanun çykaryjylyk işine kuwwatly itergi berýär we olary öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň deputatlarynyň adyndan milli parlamentiň baştutany A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň döwlet Baştutanymyzyň adan belliklerini nazarda tutup, milli döwletliligi mundan beýläk-de berkitmäge, Watanymyzyň ykdysady, durmuş we medeni taýdan sazlaşykly ösüşine, onuň halkara abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen wezipederi üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormaly Prezidentimizi ynandyrdy.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

*** Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, 12-nji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek babatda milli parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi, şeýle hem birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.

Mejlisde çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan täzeçil, öňden görüjilikli syýasaty Garaşsyz,Bitirap Türkmenistanyň okgunly ösüşini we halkara belent abraýyny şertlendirdi. Ählumumy özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmak bilen ösüş depginlerini ýokarlandyrdy.Häzirki döwürde giň möçberli özgertmeler, şol sanda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de senagatlaşdyrmakda täzeçil ýörelgeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Kiçiwe orta telkeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümçilik möçberli ýokarlanýar.

Ýangyç-energetika toplumy, obasenagat ulgamy, ulag we aragatnaşyk düzümleri ýaly möhüm pudaklary ösdürmek bilen bir hatarda ählumumy ösüşiň möhüm hereketlendirijisi hasaplanylýan bilim-ylym ugurlarynyň ösüşine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle hem saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlary durmuşa ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bir söz bilen aýdylanda, milletiň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine wajyp üns berilýär.

Ýurdumyzyň demokratik we hukuk esaslarynyň berkidilmegi Türkmenistanyň häzirki döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar we ol toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar öz öňünde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýokary jogapkärçilikli çemeleşmek arkaly, milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen oňyn özgertmeler syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, deputatlar döwlet Baştutanymyzyň Mejlisiň ýakyn geljek boýunça işiniň möhüm ugurlaryny kesgitlän maksatnamalaýyn çykyşy deputatlar üçin wajyp gollanma bolar diýip bellediler.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, deputatlar Türkmenistanyň “Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň döwlet goragy hakyndaky” Kanunynyň taslamasyna garadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu kanunçylyk taslamasy döwlet guramalary tarapyndan ygtyýarly raýatlaryň jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşygy bilen baglanyşykly döwlet goragy boýunça çäreler ulgamyny kesgitleýär. Resminamada jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşýan adamlaryň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň, şol sanda prokurorlaryň we kazylaryň durmuşynyň, saglygynyň, namysynyň, abraýynyň we emläginiň goragyna gönükdirilen howpsuzlyk çäreleri, şeýle hem olara durmuş goldawy kesgitlendi. Degişli pudaklaryň borçlarynyň esaslary we ony ulanmagyň tertipleri anyklandy.

Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlygy hakynda” (rejelenen görnüşi) Kanunynyň taslamasy deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlendi. Onda ýangynyň öňüni almaga, ony we ýangynyň zyýanlaryny aradan aýyrmaga, şeýle hem ilat arasynda ýangyn howpsuzlygynyň esaslaryny düşündirmek we okatmak işlerini geçirmäge, ýangyny öçürmegiň hem-de jebir çekenlere ilkinji kömek bermegiň usullaryny öwretmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş ylmy-tehniki çäreler kesgitlendi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ugurlaryny hasaba almak bilen durmuş syýasaty baradaky komiteti tarapyndan işlenip taýýarlanylan “Derman üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan”Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hil taýdan täze derejelere çykandygy bellenildi. Türkmenistanlylar tutuş ýurdumyz boýunça bina edilen döwrebap lukmançylyk merkezlerinde, hassahanalarynda we ylmyň hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şypahanalarynda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň doly görnüşleri bilen kepillendirildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji bölüminiň, keselleriň öňüni almak gullugynyň berkidilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatynyň kemala gelmegi we Diýarymyzda dermanlyk serişdeleriniň, şol sanda ýerli tebigy serişdelerden taýýarlanýan dermanlaryň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagy boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirldi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ensiklopedik ylmy işleri türkmen hünärmenleriniň işinde möhüm gollanma öwrüldi.

Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirlmegi saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Azyk önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesinden we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanlaryndan goramak hakynda” ýaly Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, täze derman üpjünçiligi babatda ýüze çykýan meseleleriň döwlet tarapynlan kadalaşdyrylmagynyň hukuk we guramaçylyk binýadynyň kämilleşdrilmegine gönükdirilen Kanunyň wajypdygy bellenildi.

“Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretmek bilen baglanyşykly meselelere geçmek bilen, bu ýere ýygnananlar resminamanyň jemgyýetde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ykrar edilmegine, raýatlaryň döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ýaş nesilleriň türkmen halkyna gadymy döwürlerden mahsus bolan watansöýüjilik, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendigini bellediler.

Täze kanun öz şahsy höwesi boýunça mugt meýletinçilik işini alyp barýan raýatlaryň hukuk esaslaryny tassyklaýar, meýletinçilik işine döwlet goldawynyň çäreleriniň esasy ýörelgelerini, görnüşlerini, maksadyny we wezipelerini, tertibini kesgitleýär. Şunuň ýaly iş bilen özüniň esasy käriniň, okuwynyň daşyndan boş wagtlary meýletinçilik maksatnamasy esasynda guralyşy ýaly, özbaşdak ýa-da meýletinler toparynda meşgullanylyp bilinýär. Bu işiň ulanylýan çägi örän giň bolup, olar durmuş goldawy, ynsanperwerlik, saglygy goraýyş, bilim we ylym, medeniýet we sungat, syýahatçylyk we sport, daşky gurşawy goramak we jemgyýetçilik bähbidi bolan beýleki ugurlarda peýdalanylýar.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna ütýgetme girizmek hakynda”, “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlar etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralara we beýleki obýektlere at dakmagyň we adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

“Edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Girdejiler üçin salgyt babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Hazar deňzinde söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky” Ähtnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garamak mejlisiň gün tertibiniň möhüm bölegine öwrüldi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2016-njy ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çaryrylyşynyň 12-nji mejlisine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan goldap we kabul edip milli parlamentiň deputatlary bu hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirjekdigine, ýurdumyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagyny üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.