Ï Türkmenistanyň Prezidenti taryhy ýadygärlikleri goramak we çäkleri ösdürmek boýunça wezipeleri goýdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti taryhy ýadygärlikleri goramak we çäkleri ösdürmek boýunça wezipeleri goýdy

view-icon 1332
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça aýlanyp, birnäçe täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň eteginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur alan dikuçaryň üstünden döwlet Baştutanymyz ak mermere beslenen Aşgabadyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň depginleri, şeýle hem seýilgäh zolaklarynda durmuşa geçirilýän işleri synlady.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Ahal welaýatynyň çäginde, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde gondy.

Soňra milli Liderimiz il içinde Parzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärligiň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz gadymy döwürlerde ösen ekerançylygyň, kämil suwaryş ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýän sudurlary özünde saklaýan Parzdepäniň töwereklerini synlady. Bu töwerekde taryhy ýadygärlikleriň bolmagy ösen ekerançylyk medeniýetinden habar berýär. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde gurlupdyr. Bu erde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan meşhur ussalaryň birnäçe nesilleri ýaşapdyr we döredipdir.

Parzdepäniň çäklerinde tapylan küýze bölekleri, keramiki turbalar, guýular gurlanda ulanylan serişdeler bu ýerde suwaryşyň çylşyrymly usulynyň bolandygyna, kärizleriň hereket edendigine şaýatlyk edýär. Olar ýerastynda çuňlykdan çekilen ötükler boýunça adamlara suw ýetiripdir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, Parzdepe hem taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän galanyň galyndysydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Parzdepäni ylmy esasda öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ýerde taryhçylardan, arheologlardan we alymlardan ybarat ýörite topary döretmegiň gerekdigini aýtdy. Olaryň şu gadymy ýadygärligiň taryhyny öwrenip, bu şäheriň we onuň ilatynyň durmuşy barada gürrüň berjek medeni gatlaklaryny açmaga üns bermelidir.

Bu ýurde bar bolan küýze bölekleri, keramika önümleriň, dürli gap-gaçlaryň, bişen kerpiçiň galyndylary gadymy döwürlerde bu künjekde ösen ekerançylygyň, senetkärçiligiň hem-de medeniýetiň bolandygyndan habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz täsin küýze bölekleriniň birini eline alyp, ony içgin synlady. Onuň ýaşyl reňki häzirki döwre çenli üýtgemän galypdyr. Döwlet Baştutanymyz munuň Oguzhan döwründen biziň milletimize mahsus bolan reňkdigini, türkmen Tugunyň ýaşyl bolmagynyň hem şu ýörelgeden ugur alnandygyny aýdyp, gadymy ösen medeniýetiniň bolandygyny aňladýan subutnamalaryň köpdügini aýratyn belledi. Alymlaryň pikirine görä, bu küýze bölekleri X-XI asyrlara degişlidir.

Parzdepäniň umumy meýdany 3,2 gektara barabar bolup, onda Nusaýyň keramikasyna kybap küýze bölekleri duş gelýär. Bu ýerdäki şäheriň gülläp ösen döwrüniň Beýik Seljuk türkmen hökümdarlarynyň döwleti bilen baglanyşyklydygyny subut edýän keramika önümleriň bölekleri bar. Bu şäheriň IX-X asyrlara degişlidigini aňladýan maglumatlar has agdyklyk edýär. Alymlaryň pikirine görä, ýadygärligiň düýbündäki medeni gatlaklar onuň biziň eýýamymyzdan ozalky V müňýyllyga degişlidigini subut edýär. Parzdepe orta asyrlarda gülläp ösen şäher bolupdyr. Taryhçy alymlar Parzdepäniň Parfiýa döwletiniň döwrüne degişlidigi baradaky çaklamany hem öňe sürýärler. Has gadymy döwürlere degişli bolan käriz ulgamy asyrlaryň dowamynda netijeli ulanylypdyr. Olar ýörite ussalar tarapyndan arassalanyp, abatlanyp, uzak wagtyň dowamynda halkymyza hyzmat edipdir.

Parzdepäniň taryhyny düýpli öwrenmegiň, onuň durmuşynyň ýylýazgysyny, ösen döwürlerini dikeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ýörite ylmy-barlag toparyny döretmek we ony işlemek üçin ähli şertler bilen üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Parzdepäniň töwereklerini, onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyryp, bag nahallaryny oturtmagy, gök zolaklary döretmegi, bu ýerde ösen baglaryň taryhy döretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu işiň "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda" degişli derejede geçirilmelidigini belläp, halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, milletiň taryhy-medeni baýlygyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň möhüm ugruny düzýär diýip nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýylyň çäreleriniň maksatnamasynyň çäklerinde işleri utgaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary bermek bilen, hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, türkmen topragynyň dürli döwürlerde siwilizasiýanyň ösen merkezleriniň, kuwwatly döwletleriň we gülläp ösen şäherleriň, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň bolandygyna şaýatlyk edýän taryhy we medeni ýadygärliklere örän baýdygyny belledi, Medeniýet ministrliginiň taryhy ýadygärlikleriň aýawly saklanylmagyna talabalaýyk gözegçilik etmeýändigine nägilelik bildirdi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýollar, gaz geçirijiler, durmuş maksatly we beýleki desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet ministrligi käbir taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerini ünsden düşürdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň degişli işleri geçirmegi üçin zerur çäreleri görmelidigini aýdyp, bu ulgamyň ýolbaşçylaryndan öz işine guramaçylyk, usulyýet we amaly çemeleşmelerine gaýtadan seretmegi talap etdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Ministrler Kabinetine desgalaryň ýerleşjek ýeri saýlanyp alnanda ähli gurluşyk taslamalaryny Medeniýet ministrligi bilen hökmany suratda ylalaşmagy göz öňünde tutýan resminamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýudumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde taryhy ylmyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň ýeterlik derejede taýýarlanmaýandygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda işgärleri kämilleşdirmek, arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini we barlaglary geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Şu gün Parzdepäni ylmy taýdan öwrenmek barada mesele gozgaldy, emma biziň ýurdumyzda taryhy ýadygärlikleriň başga-da ençemesi bolup, olary düýpli öwrenmek hem-de giňden ýaýmak, syýahatçylyk ulgamyna çekmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýaşlar bilen ruhy-terbiýeçilik, watançylyk işlerini geçirmek babatda hem baý mirasymyzy ýaýmak möhümdir. Öňki mugallymlaryň tejribesini öwrenmek bilen, taryhy-medeni ýadygärlikleriň çäginde taryh we watançylyk terbiýesi boýunça açyk sapaklary geçirmek gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowa ýüzlendi. Welaýatyň çäklerinde arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigini, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda binagärlik talaplarynyň berjaý edilmeýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň häkimine berk käýinç yglan etdi we degişli ugurlar boýunça görülýän çärelere gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň iri gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyna, bu ugra degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmeýändigine nägilelik bildirip, Aşgabat şäheriniň häkiminden işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi.

Şu gün öňde goýlan wezipeleri, şol sanda Parzdepäni ylmy esasda öwrenmek, ýurdumyzyň beýleki künjeklerindäki taryhy ýadygärlikleri täzeden dikeltmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen, milli Liderimiz olary ýerine ýetirmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçaryň üstünden paýtagtymyzyň täze etraplarynyň çäklerini synlady. Olarda häzir durmuş we düzüm desgalarynyň toplumlaýyn gurluşygy alnyp barylýar.

Hususan-da, Köşi ýaşaýyş toplumynda we onuň töwereklerinde häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary batly depginlerde bina edilýär. Bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş toplumlarynyň desgalarynyň hemmesiniň ýurdumyzyň telekeçilerine ynanylmagy hususyýetçiligiň milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň wagtynda we ýokary hilli gurulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde öwrüm etdi, bu ýerde iri taslama amala aşyrylýar – Aşgabadyň Halkara howa menzili gurulýar.

Mälim bolşy ýaly, döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebitara we halkara ýollarynyň möhüm çatrygynda amatly orny eýeleýän ýurdumyzyň ägirt uly üstaşyr kuwwaty bardyr. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ulgamyň işini düýpli özgertmek bu ugurda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm bölegi bolup durýar.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulýan köçeleriň, aýlawly ýollaryň, köp zolakly köprüleriň, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleriň, awtoduralgalaryň döwrüň talabyna laýyk gelmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ýollarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi, şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagy babatda degişli düzümler bilen netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden “Täze zaman” obasynda alnyp barylýan işleriň depginleri hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin şäherçede iki gatly kottejleriň gurluşygy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz olarda göwnejaý ýaşamak we dynç almak üçin zerur bolan şertleri, şol sanda mellek ýerlerinde kömekçi hojalygy ýöretmek üçin mümkinçilikleri döretmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda batly depginlerde gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginde ýerine ýetirilýän işleri guşuçar belentlikden synlap, gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde alnyp barylýan işler, hususan-da, Parahat-7 ýaşaýyş toplumyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen tanyşdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, bu künjegiň köçelerini abadanlaşdyrmak çäreleriniň barşyny synlady. Onuň desgalaryny –ministrlikleriň we edaralaryň buýurmalary boýunça ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk öýlerini, dükanlary we hyzmat ediş merkezlerini hem gurmak ýurdumyzyň telekeçilerine ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiz iş saparyny tamamlap, käbir meseleleri çözmek barada görkezme berdi hem-de olary öz wagtynda ýerine ýetirmek barada jogapkär adamlaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy.