Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde öňe sürlen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlendi we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny gowaça ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdigine ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimdan berk talap etdi. Oba hojalyk pudagynda möhüm ähmiýeti bolan ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suwaryş ulgamyny göwnejaý ýola goýmak işleriniň haýal alnyp barylmagy geljekki bol hasyla ýaramaz täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz oba hojalyk pudagynda geçirilýän işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, welaýatyň etraplarynyň hemmesinde ýerlerde berjaý edilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeleri, olaryň öz wagtynda gurulmagy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini, ýerlerde suw akabalaryny abatlamak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmak babatda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandymagy häkimden talap etdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işlerine giň gerim berlendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem mösümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli we hemmetataplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, etraplarda bar bolan suwaryş ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek, ekinlere zyýan berijilere garşy göreş çärelerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ak ekinlere ideg edilişi, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny gowaça ekişine taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatyň däne ekilen meýdanlarynda ikinji ösüş suwuny bermek işlerine köpçülikleýin girişildi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
Milli Liderimiz oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, welaýatyň etraplarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, haşal otlardan arassalamak we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligine yzygiderli gözegçilik etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, ak ekinlere ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz welaýatda oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz kärendeçileriň we ýer eýeleriniň mineral dökünler bilen zerur mukdarda üpjün edilmegi, welaýatyň suwaryş ulgamynyň göwnejaý işledilmegi we ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly wezipelere jogapkärçilikli hem-de ylmy esasda çemeleşmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýjän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer ýerlerde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we öňde durýan wezipeleri kesgitlemek hem-de olary berjaý etmegiň esasy ugurlary boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek we toplumy ylmy esasda ösdürmek babatda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş derejesine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy hasaplanýan obasenagat toplumynyň köpugurly esasda ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz pudaga ylmyň gazananlaryny, daýhançylygyň we maldarçylygyň häzirkizaman öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak, pudagyň düşewüntliligini artdyrmak, oba hojalygynyň düzümlerini ylmy esasda ösdürmek bilen baglanyşykli işlere örän jogapkärçiliki çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýerpe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abylow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak boýunça degişli düzümleriň işlerini güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şýle hem ol ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda abadanlaşdyrylyş we arassaçylyk işleri bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belläp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Adalat ministri B.Muhamedowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
B.Muhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna halkara hukugynyň ykrar edilen oňyn usullaryny ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkedebaşysy hasabaty diňläp, ýokary derejeli hukukçy hünärmenleri taýýarlamak we halkara hukugyny öwrenmek boýunça alynp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmakda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrmakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Adalat ministri Muhamedowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.
Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işleriň alyp barylmagy we ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.