Ï Hormatly Prezidentimiz Awazanyň kenarýaka zolagynda gezelenç etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Awazanyň kenarýaka zolagynda gezelenç etdi

view-icon 866
Şu gün hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolmagynyň çäklerinde Hazar deňziniň kenarýaka zolagy boýunça gezelenç etdi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz gämi duralgasyna geldi. Milli Liderimizi gämi duralgasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen “Galkynyş” gämisine münüp, deňiz giňişligi boýunça gezelenç etdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda halkara derejeli häzirki zaman dynç alşyny döretmegiň başyny başlap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine, bu ýerde degişli toplumlaýyn düzümleriň döredilmegine örän uly üns berýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary gaýtalanmajak keşbe eýe boldy-- halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhanalar toplumy bina edildi, olar bu ýerde giň gerimli dynç alyş düzümlerini döretmegiň uly depginlerine şaýatlyk edýär. Türkmen topragynyň bu täsin künjegi hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerligiň däplerini özünde jemlemek bilen halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Awazanyň terjimehaly ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm sahypalaryny alamatlandyryp, amala aşyrylýan beýik işleriň durmuş ulgamyny nazarlaýandygynyň, olaryň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň berkidilmegine gönükdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şeýle hem bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän döwrebap desgalar toplumy ajaýyp binagärlik sazlaşygyny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Hazaryň kenaryny özgertmegiň giň möçberli maksatnamasynda ekologiýa meselesine möhüm ornuň degişli bolmalydygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň degişli hünärmenleriň we abraýly halkara bilermenleriň ylmy netijeleri boýunça Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan has arassa künjek diýlip ykrar edildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli ösdürilmegi ugrunda amatly şertleri üpjün edýär.

Awazanyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän myhmanhanalar toplumy, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, çagalar üçin niýetlenen dynç alyş we oýun merkezleri ýylyň ähli paslynda halkymyzyň hyzmatynda. Bu ýerde saglygyňy dikeltmek üçin zerur bolan şertler bilen üpjün edilen Saglygy dikeldiş merkezleriniň, sport toplumlarynyň köpçülikleýin gurluşygyna uly ähmiýet berilýär.

Häzirki döwürde Awazada dynç alýan adamlaryň birbada sekiz ýarym müňüsini kabul etmäge ukyply myhmanhana düzümi hereket edýär. Bu ugra degişli desgalaryň gurluşyklarynyň batly depginlerde alnyp barylýandygyny, olaryň köpüsiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini hasaba alanyňda Awazada birbada 10 müňe golaý adamyň dynç alyp bilmek mümkinçiliginiň döreýändigini aýratyn bellemeli.

Bu ýerden – Hazaryň kenarýaka zolagyndan 100 metr belentlikde parlaýan, deňiz dynç alyş merkeziniň alkymynda ýerleşen halka ýolunda oturdylan hem-de milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly “derwezesini” alamatlandyrýan ägirt uly sütünde oturdylan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aýratyn täsir döredýär. Ölçegi 600 inedördül metr bolan milli tugumyz deňiz ýakasynyň myhmanlaryny ilkinji bolup garşylaýar. Altynsow baýdak sütüninde belentlikleri nazarlaýan Türkmenistanyň Döwlet tugy eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly ädimlerini, bu ýolda gazanan üstünliklerimizi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ylham joşgunyny alamatlandyrýar.

Deňiz giňişligi boýunça guralan gämili gezelençden soň, döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen Awaza derýasynyň kenarynda ýerleşýän “Akmaýa” dabaralar merkezinde çaý başynda söhbetdeşlik gurady. Onuň barşynda türkmen kenarynda geçirilýän özgertmeleriň wezipeleri barada gürrüň edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen bilelikde Awaza derýasynyň kenarynda pyýada gezelenç etdi. Bu ýerde döredilýän gök zolaklar, seýilgähler we gezelenç ýodalary daşky gurşawyň ýaramlylyk derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem bu ýerde netijeli dynç alyş ulgamynyň esasyny düzýän bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine üns berilmelidigini belläp, milli Liderimiz bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň guralmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň geçirilmegine ünsi çekdi. Çünki "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy esasy sagaldyş ulgamy bilen bagly bolup, munuň özi deňiz ýakasynyň ýakymly howa şertleri, bu ýerde bejeriş ähmiýeti bolan suw-mineral serişdeleriniň bolmagy bilen şertlendirilýär.

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda halkara ähmiýetli dynç alyş merkezleriniň, häzirki zaman kaşaň myhmanhanalaryň we sagaldyş – dynç alyş toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi bu künjegiň dünýä derejeli syýahatçylyk merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz gezelenç etmegiň barşynda köpsanly dynç alýanlara häzirki zaman hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürlemegiň hem-de ýokary derejeli amatlyklary döretmegiň wajyp şertdigini belledi. Bu ýerde maşgala bolup dynç almaga gyzyklanma bildirýän adamlaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, ulular üçinem, çagalar üçinem zerur şertleriň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy maksady deňiz ýakasynyň şypahana mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakdan, bu ýerde adamlaryň ýokary hilli dynç alşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Soňra milli Liderimiz gezelenjini egindeşleri bilen Awaza derýasy boýunça gämide dowam etdi.

Uzynlygy 7 kilometre barabar bolan Awaza derýasy bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen ajaýyp sazlaşygy döredýär. Onuň ulaglar we pyýadalar üçin niýetlenen özboluşly köprüler arkaly baglanyşýan kenarlary häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede abadanlaşdyrylypdyr. Derýanyň kenarlaryndaky özboluşly binagärlik keşbi bolan restoranlar, çaýhanalar bu künjekde dynç alýanlaryň hyzmatynda. Şeýle hem derýanyň ugrunda gezelenç etmäge niýetlenen gämi duralgalary bar. Gezelenç etmäge hem-de welosiped sürmäge niýetlenen ýodajyklar derýanyň kenarynyň özboluşly aýratynlyklarydyr.

Derýanyň giňligi onda diňe derýa gämilerinde däl-de, eýsem, deňiz ýahtalarynda gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde gurnalan suw desgasy arkaly açyk deňze çykmak mümkinçiligi bar. “Awazanyň” çäkleri arkaly uzalyp gidýän derýa boýunça gyzykly gezelençler bu ýere dynç almaga gelýänleriň ählisinde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Awaza derýasynda sportuň suwdaky görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge, dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaga, baýramçylyk dabaralaryny ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik berýän amatly şertler bar.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny we täze gurluşyklaryny gözden geçirdi. Şol gurluşyklar bolsa bu ýerde köpugurly şypahana düzüminiň okgunly döredilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ýerden, derýadan Awazanyň ajaýyp görnüşi açylýar. Kaşaň myhmanhanalar we abadanlaşdyrylan dynç alyş zolaklary Awazanyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar.

Geçen ýylyň iýul aýynda bu ýerde seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň birbada üçüsiniň – “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni” we “Jadyly kenar” seýilgähleriniň açylyş dabaralary boldy. Bu seýilgähler bada-bat şypahana zolagynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Olarda çagalaryň we ulularyň wagtlaryny göwnejaý hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ajaýyp şertler döredildi. Awazanyň iň gözel ýerleriniň biri-de suw çüwdürimler toplumyny birleşdirýän kenarýaka seýilgähidir.

Derýadan Awaza etrabyndaky täze gurluşyklara hem täsin görnüş açylýar. Häzirki wagtda bu ýerde edara binalary, durmuş maksatly desgalar we ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow derýanyň töwereklerini synlap, Awazada ýaşyl zolagy döretmek meselesine ünsi çekdi. Munuň özi jana şypaly arassa deňiz howasy bilen birlikde milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa ýagdaýyny, oňaýly ekologiýa gurşawyny üpjün edip, dynç alýanlaryň uzak wagtlap sagdyn bolmagyny kepillendirer. Bu babatda bagçylyk-seýilgäh bezegi ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de iň gowy tejribesini ulanmak möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmen kenarýakasynyň syýahatçylyk serişdelerini dünýä derejesine çykarmaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Awazanyň kenarýaka zolagy boýunça gezelenç tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.