Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyna baryp, ýakynda dünýäden öten Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýewiň belli güni bolan ýedisi bilen baglanyşykly ýas dessuryna gatnaşdy.
Milli Liderimiz Myratberdi aganyň ömrüni halal zähmete bagyşlap, ýurdumyzyň oba holjalyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleri bitirendigini, bu babatda ýaş hünärmenlere yzygiderli kömek-goldaw, degerli maslahatlar berendigini ýatlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Myratberdi aganyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda aýdan nesihatlary, onuň baý iş tejribesi häzirki döwürde özüniň oňyn netijesini berýär.
Özüniň halal zähmeti bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen derejä ýeten Myratberdi aganyň iş tejribesiniň daýhanlar üçin nusgalykdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz onyň il içinde uly abraý gazanandygyny ýatlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Myratberdi aganyň ady we bitiren hyzmatlary biziň halkymyzyň hakydasynda ebedilik galar.
Hormatly Prezidentimiz il içinde uly abraýyň eýesi bolan Myratberdi agany ýatlap, onuň örän zähmetsöýerdigini, topraga ak ýürekden berlen adamdygyny, Myratberdi aganyň diňe bir Gämi obasynyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz tejribeli daýhan Myrtaberdi aga baradaky ýagşy ýatlamalaryny aýdyp, merhumyň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi.
Soňra Bu ýerde ýurdumyzyň müftüsi tebärek çykdy.
Soňra ýas dessuryna gatnaşyjylara tagam çekildi.
Duz-tagam dadylandan soň, ýagşy dessura görä aýat-töwir okaldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iň hormatlanylýan ýaşulularyň birini hatyralamak bilen, onuň bitiren hyzmatlarynyň, ýagşy ýadygärliginiň halkyň hakydasynda hemişe saklanjakdygyny nygtady.
Soňra milli Liderimiz Myratberdi aganyň ýakyn garyndaşlaryna hemaýat beriji sözleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Myratberdi aganyň manyly ömrüni halal zähmete bagyşlandygyny aýdyp, onuň ýurdumyzda mynasyp hormata, uly abraýa eýe bolandygyny, türkmen obasynyň keşbini özgertmek, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge goşant goşmakda ägirt uly işler bitirendigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýereden ugrady.