Ýewropa Bileleşiginiň neşeleriň ýaýramagynyň öňüni almak baradaky ýörite Konsorsiumynyň (Central Asia Drug Action Programme – CADAP) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginde ýaşlaryň arasynda temmäkini, alkogolly içgileri we neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak maksady bilen “Çagalara has ýakyn – ýaramaz endiklerden daşda durmaly!” başlangyjy amala aşyrylýar. Bu Maksatnama Türkmenistanda 2004-nji ýylda badalga aldy,geçen ýylyň bahar paslyndan bäri onuň altynjy tapgyry göýberildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy we IIM CADAP-yň milli hyzmatdaşlary bolup durýarlar.
Ösüp gelýän nesliň ýaramaz endiklere meýil bildirmekleriniň öňüniň alynmagyna gyzyklanma bildirýän dürli edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ilkinji maslahat geçirildi. Tegelek stoluň başyna esasy hyzmatdaşlardan başga hem, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumatlar merkeziniň, Bilim ministrliginiň, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň, Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri ýygnandylar.
Şeýle hem “Tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahata Ýewropa Bileleşigi tarapyndan GADAP-yň halkara bilermenleri - Polşanyň neşekeşligiň öňüni almak baradaky Milli edarasynyň direktory Boguslawa Bukowska we Warşawanyň psihiatriýa we newrologiýa uniwersitetiniň alym-barlag geçirijisi Ýanuş Siýeroslawski gatnaşdylar.
Duşuşykda, hususanda, Ýewropanyň neşekeşlige garşy hereket etmegine, ugurlaryna, standartlaryna laýyklykda we bar bolan tejribä daýanyp, şeýle hem ÝB Strategiýalarynyň (2013-2020 ý.ý) we ÝB 2014-2020-nji ýyllarda Merkezi Aziýada neşekeşligiň öňüni almak boýunça hereket etmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, CADAP Maksatnamasynyň altynjy tapgyrynyň esasy maksatnamasy sebitiň ýurtlarynyň degişli mümkinçiliklerini berkitmek bolup durýar.
Halkara bilermenleri neşekeşligiň öňüni almak we neşekeşligiň ýaýramagynyň öňüni almak meselelerinde Türkmenistanyň oňat netijeler gazanandygyny we biziň ýurdumyzyň täsirli tejribesini beýleki hyzmatdaş ýurtlarda doly öwrenmäge we ulanmaga mynasypdygyny aýratyn nygtadylar.
Merkezi Aziýa sebitiniň her bir ýurdunda milli gazananlarynyň esasynda we bu ugurda ýewropanyň netijeli tejribesini nazara almak bilen, neşekeşligiň ýaýramagynyň öňüni almak barada hususy maksatnamany işläp taýýarlamak we testleşdirmek meýilleşdirilýär.
Biziň ýurdumyz barada aýdylanda bolsa, 2016-njy ýylyň ilkinji günlerinden başlap, GADAP we onuň hyzmatdaşlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginde ýaşlaryň arasynda ýaramaz endikleriň öňüni almak barada işjeň işler geçirilip başlandy. Ýanwar aýynyň soňky on günlüginden başlap okuw ýylyň ahyryna çenli mekdep okuwçylary we olaryň ene atalary bilen nobatdaky düşündiriş işleriniň tapgyrny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň maksady bolsa, maşgalada özara düşünişmegi, ýakyn we ynamly gatnaşyklary ösdürmek we goldamak bolup durýar.