Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 861
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem goranmak ministri gatnaşdy. Maslahatda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Ol sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler hem-de gurulýan, ilkinji nobatda, ýakyn wagtda tabşyrmaga bellenilen dürli ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar aýdyldy. Mundan başga-da, häkim arassaçylygy has-da pugtalandyrmak, awtoulaglaryň gurat, arassa bolmagyny gazanmak maksady bilen, sürüjilere amatly şertleri döretmek üçin döwrebap awtoýuwalgaly awtohyzmat nokadyny gurmagyň taslamasyny görkezdi. Milli Liderimiz welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini gerekli derejede ýola goýmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi 2016-njy ýyl üçin bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalaryny, hususan-da, däne we pagta ýygyjy kombaýynlaryny abatlamagyň we dikeltmegiň depginlerini çaltlandyrmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygy we ulanmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bildirilýän ähli talaplara laýyk gelmegi talap edilýän işleriň hilini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz awtoulaglara hyzmat etmek boýunça tehniki merkeziň taslamasyny, umuman oňlap, ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň güni baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hasabat bermek üçin Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew çagyryldy. Häkim sebitiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler, oba hojalygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde welaýatda gurulýan desgalar, şol sanda ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp, ulanmaga tabşyryljak desgalar barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleri, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýazky meýdan işlerine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylykly geçirmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli meseleleriň üstünde durup geçip, öňdäki oba hojalyk möwsümlerine degişli tehnikalara gerekli derejede hyzmat etmegi we taýýarlamagy ýola goýmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň depgini bilen gyzyklanyp, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagynyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylda ýerine ýetirmek üçin öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Baýdak baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegine degişli tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol sebitde işleriň ýagdaýy, welaýaty mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe ulanmaga bermegiň meýilnamalary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, obany özgertmek hem-de sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi häzirki günüň möhüm wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl bermegini üpjün etmäge gönükdirilip ýaýbaňlandyrylan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Bu babatdaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak we dikeltmek işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitiň oba hojalyk toplumynda häzirki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak desgalar barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda oba senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmek boýunça çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işlediljek kombaýnlary we traktorlary abatlamak hem-de dikeltmek işleriniň depginini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz ýakynda ulanmaga tabşyryljak desgalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häkime ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Öz nobatynda, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde işleriň ýagdaýy barada aýdyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylyýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak dürli ähmiýetli desgalarda işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumy bilen bir hatarda, welaýatyň durmuş we medeni ulgamyny depginli ösdürmegiň gerekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, tehnikalary abatlamak we dikeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, ählihalk baýramçylyklarynyň öňýanynda ulanmaga tabşyryljak täze desgalaryň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzy has-da ösdürmek, onuň binagärlik keşbini özgertmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem, şanly seneleriň öň ýanynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şäheriň abadanlaşdyrylyşyna uly üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan uly gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak üçin hemme çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeli täze desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny görkezdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ulgamlaýyn we anyk meýilleşdirilen bolmalydygyny aýratyn nygtap, bu babatda wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Harby doktrinasynyň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýän döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewiligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlaryň we wezipeleriň ulgamyny emele getirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Harby doktrinada Watanymyzyň milli howpsuzlygynyň konsepsiýasynyň hem-de “Türkmenistanyň XXI asyrdaky hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we demokratik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugry hakyndaky” Jarnamanyň düzgünleri ösdürilýär. Parahatçylyk söýüji daşary syýasaty durmuşa geçirýän Bitarap döwletimiziň Harby doktrinasy goranyş häsiýetlidir. Onuň düzgünlerinde ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak, harby howpsuzlygyny kepillendirmek maksady bilen, ählumumy howpsuzlyga we parahatçylyga pugta hem-de yzygiderli eýermegiň sazlaşykly utgaşmasy kesgitlenýär.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny, döwletimiziň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykran edilen kadalary, şeýle hem ýurdumyzyň harby howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky halkara şertnamalary Harby doktrinamyzyň hukuk esasyny düzýär.

Şonuň üçin hem biziň Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwatyny artdyrmak maksady bilen taýýarlanan täze Harby doktrinamyz dünýäniň hiç bir döwletiniň garşysyna gönükdirilen däldir. Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmäge, ähli döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy hakyndaky” Permana gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we özygtýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryna harby atlary dakmak hakyndaky” Permanlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz goranmak ministri Ý.Berdiýewe döwlet sylaglaryna we harby atlara mynasyp bolan harby gullukçylara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Öz gezeginde goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý. Berdiýew ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň Harby doktrinadan gelip çykýan öňde goýlan wezipeleri doly berjaý etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.